Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Milli Olimpiýa Komitetleriniň Wekilleri Aşgabat Şäherinde Saparda
Milli Olimpiýa Komitetleriniň Wekilleri Aşgabat Şäherinde Saparda
Milli Olimpiýa Komitetleriniň Wekilleri Aşgabat Şäherinde Saparda

Milli Olimpiýa Komitetleriniň Wekilleri Aşgabat Şäherinde Saparda

Milli Olimpiýa Komitetleriniň bäşisiniň wekilleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Aşgabat Olimpiýa toplumyna aýlanyp gördiler. Oýunlara gatnaşjak döwletleriň ilkinji myhmanlary hökmünde Gazagystanyň, Hytaýyň, Saud Arabystanyň we Hytaý Taýpeýiň Milli Olimpiýa komitetleriniň wekillerine Aşgabat şäheriniň ajaýyp ýerleri we täze gurlan binalary görkezildi.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew şeýle diýdi: “Biz gözel şäherimizi we Aşgabat Olimpiýa toplumyndaky dünýä ülňülerine laýyk gelýän desgalary myhmanlarymyza görkezip bilýändigimize örän şatdyrys. Biz bu toplumda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçiriljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys we sentýabr aýynda geçiriljek Oýunlaryna gatnaşjak ähli wekilleri we tomaşaçylary garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys”.

Dürli maksatly desgalaryň 30-syndan, şol sanda ýaryş geçirilýän desgalaryň 15-sinden we Türgenler şäherçesinden ybarat Toplumyň gurluşygy soňky tapgyrda alnyp barylýar we ol Oýunlardan öň 2017-nji ýylyň mart aýynda doly tamamlanar.

Sentýabr aýynda Türgenler şäherçesi takmynan türgenleriň we resmi wekilleriň 5500-ni, ýokary wezipeli adamlaryň 700-den gowragyny we tehniki resmi wekilleriň 1300-ni kabul edip biler. Türgenler şäherçesi toparlara rahat, howpsuz we toparlaryň ýaryşlara taýýarlyk görmegine gönükdirilen ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi arkaly “öýden daşardaky öý” şertini döretmek maksat edinilýär.

Wang Lee Yuh Fang Hytaý Taýpeýiň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Şäherçe barada şeýle belläp geçdi: “Türgenler şäherçesinde türgenleriň öz isleg-arzuwlaryna ýetenligi duýulýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň we dynç alyş ýerleriniň bezegini işläp taýýarlamakda köp işleriň alnyp barylandygy aýdyň görnüp dur. Şäherçäniň Aşgabat Olimpiýa toplumyna ýakynlygy hem gaty amatly. Desgalaryň golaýda ýerleşmekleri türgenler üçin örän peýdaly bolar!”

Beýleki binalar hem toplumda ýerleşip, olarda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň wekilleriniň 800-si, metbugat agzalarynyň 350-si we ýaýlyma berijileriň 600-si ýerleşdiriler.

Dünýä derejeli sport arenasynyň 15 desgasynda 12 günüň dowamynda sport ýaryşlary geçiriler. Aşgabat Olimpiýa toplumy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlary mynasybetli ilkinji gezek işläp başlar.

Bassam Al Oubari Saud Arabystanynyň sport wezipeleri boýunça hünärmeni şeýle diýdi: “Men desgalaryň şeýle derejede taýýardygyna örän şat. Mende bütin Aşgabat Olimpiýa toplumy taýyn diýen pikir döreýär we ol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna garaşýar. Biziň türgenlerimiz sentýabr aýynda desgalaryň iň gowusynda ýaryşjakdyklaryny bilseler, olaryň begençleriniň çägi bolmaz.”

Ýerli we halkara derejede gyzyklanmanyň artýandygyny nygtamak bilen, Bakhytzhan Ordabayev Gazagystanyň Milli Olimpiýa komitetiniň prezidentiniň geňeşçisi şeýle diýdi: “Günüň dowamynda biz Ýerine ýetiriji komitetiň işgärlerinden tanyşdyryş çäreleri baradaky gyzykly gürrüňlerini diňledik. Biziň duşuşan işgärlerimiziň ählisi ýokary derejeli hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin yhlas bilen işleýärler. Biz Aşgabat 2017-niň täsir galdyryjy oýunlary geçirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir