Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ministrler Kabinetiniň Mejlisi
Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli wezipeleri kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde durmuş-ykdysady ösüşiň jemlerine bagyşlanylan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitläp, çykyş etdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Ýylyň başyndan bäri jemi içerki önüm 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanýar. Geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberleri artdy. Şu döwürde zähmet haklary 9,1 göterim ýokarlandy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 48 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 1 müň 900-e golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu desgalaryň 1790 sanysyny ýurdumyzyň kärhanalarynyň gurýandygyny nygtady. Şu ýylyň birinji çärýeginde göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly desgalaryň ählisi ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda meýdany 400 müň inedördül metrden hem geçýän ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, çagalar baglary hem-de durmuş maksatly birnäçe beýleki desgalar bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyndaky Garlykda kaliý dökünlerini öndürýän, Merkezi Aziýa sebitinde iri dag-magdan toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda ylym we bilim ulgamlarynda özgertmeler, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça alnyp barylýan işler dowam edýär. Bazar ykdysadyýeti kemala gelýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.

Karbamid we ammiak öndürýän iri senagat toplumlary, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy gurulýar. Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ulanmak bilen, möhüm ähmiýetli beýleki taslamalar hem üstünlikli amala aşyrylýar.

Biz hususy telekeçiligi ösdürmäge goldaw bermek, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmäge gönükdirilen syýasaty dowam edýäris diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de şu ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende täze açylan hususy we döwlet kärhanalarynyň sanynyň köpelendigini aýtdy. Umuman, häzirki döwürde jemi içerki önümiň düzüminde döwlete degişli bolmadyk pudagyň paýy 62,3 göterime barabar boldy.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça berlen tabşyryklary ýerine ýetirmekde hem öňe gidişlik duýulýar. Täze elektrik stansiýalarynyň ulanmaga berilmegi daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini 3,7 göterim artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýüňüň, gön çig malynyň iberilýän möçberleri 3 essä golaý, gök önümleriň möçberi hem 25 essä golaý artdy. Şunuň bilen birlikde, öň daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek boýunça syýasaty durmuşa geçirmegiň netijesinde, beýleki döwletlerden getirilýän sarp edilýän harytlaryň möçberi 5,3 göterim azaldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Umuman, biziň kanagatlanarly görkezijileri gazanandygymyza garamazdan, siziň bilşiňiz ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy çylşyrymly bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle şertlerde biziň köp we tutanýerli zähmet çekmegimiz zerur diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de häzirki döwürde ykdysadyýetiň nebitden beýleki pudaklaryny işjeň ösdürmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny kesgitledi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depginini güýçlendirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de munuň üçin bolsa, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa hem-de maliýe-ykdysady toplumyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň öňünde häzirki döwürde esasy wezipe bolup durýan ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşini gazanmak, pudaklary döwrebap ýagdaýa getirmek, çykdajylary azaltmak syýasatyny dowam etmek wezipelerini goýdy. Şoňa görä-de, häzirki wagtda maliýe ulgamynyň durnukly bolmagyny, maýa goýum işjeňligini, milli puluň durnuklylygyny we satyn alyş ukybyny üpjün etmek möhümdir. Şeýle hem, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini we gyzyl puldaky ätiýaçlyk gorlarymyzy artdyrmak zerurdyr.

Milli pulumyzyň hümmetiniň peselmegini ýokary derejä (6 göterimden ýokary) çykarman saklamak, pul serişdeleriniň möçberini kadalaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur bolan pul möçberi bilen üpjün etmek, öňküsi ýaly, bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini goldamak üçin banklaryň karzlaşdyryş işjeňligini ýokarlandyrmaly.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etmeli.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe, häkimlere hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeň alyp barmagy, oba hojalyk önümleriniň ýokary hasylyny almagy, häzir ýetip gelýän iki sany uly möwsüme – galla oragyna hem-de pagta ýygymyna taýýarlygy üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistayň Baştutany gowaça ekişini gowy hilli we öz wagtynda tamamlamak üçin netijeli çäreleri görmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny bejergi we ýygym möwsümlerine taýýarlamagyň, ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny görkezdi.

Nesip bolsa, biz aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçeris. Bu baýram biziň ýurdumyzyň durmuşynda uly wakadyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de baýramçylyk dabaralaryna düýpli taýýarlyk görmegiň we Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara maslahatyny ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýer E.Orazgeldiýewe oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri çaltlandyrmak boýunça anyk teklipleri taýýarlamak üçin bir aý wagt berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýewe, wise-premýer B.Hojamämmedow bilen bilelikde nebitgaz toplumyny dolandyrmagy tertipleşdirmek, toplumy saklamak we geçirilýän işler üçin artyk çykdajylary azaltmak hem-de nebitgaz pudagynyň önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak meselesiniň üstünde işlemegi dowam etmegi tabşyryp, bu ugurda teklipleri taýýarlamak üçin olara ýene-de on gün wagt berdi.

Ýokary düzümli etana baý bolan gaz känleriniň binýadynda gazhimiýa toplumyny gurmaga aýratyn üns bermeli. Bu bolsa, bize gysga wagtyň içinde polietilen bilen polipropileniň önümçiligini giňden ýola goýmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şu önümçilikleriň utgaşmagy senagat önümleriniň ýüzlerçe görnüşlerini öndürmek üçin serişde hökmünde ulanylýan polimerleriň dürli görnüşlerini çykarmaga şert döreder. Şeýle hem, rezin-tehniki we kauçuk önümçiligi üçin çig mal binýady bolup hyzmat edýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzda ammiak, karbamid, tehniki uglerod öndürmek üçin hem gazy gaýtadan işleýän senagaty işjeň ösdürmeli, dünýä bazarynda barha köp isleg bildirilýän suwuklandyrylan gazyň öndürilýän möçberlerini köpeltmeli diýip, milli Liderimiz nygtady. Önümçiligiň bu ugurlary örän möhüm bolup, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge mümkinçilik berer. Gaz geçirijileriň üsti bilen tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň ornuny tutar. Şoňa görä-de, ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, täze zawodlary gurmak, öň açylan nebitgaz känlerini özleşdirmek we işe girizmek boýunça işleri dowam etmeli.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşowa ýüzlenip, häzir Türkmenistanyň ägirt uly serişde kuwwatyna eýe bolan himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň birine öwrülendigini belledi. Kaliý dökünlerini öndürýän bir kombinaty biz ýakynda ulanmaga berdik. Indi bolsa, wagt ýitirmän, ýene-de şular ýaly iki sany kombinatyň gurluşygyna başlamaly. Munuň üçin bizde serişde hem, işlemäge taýýar potratçylar hem bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz şeýle hem ýokarda ady agzalan ýolbaşça wise-premýer M.Babaýew bilen bilelikde ýakyn on ýylda iri gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny döretmegiň taslamasynyň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Şonuň bilen birlikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Atdaýewe, B.Ereşowa hem-de olaryň gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylaryna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmek boýunça işleri dowam etmek tabşyryldy. Şu babatda döwlet Baştutanymyz daşary ýurt firmalary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýerasty baýlyklara baýdygyny nygtap, bu baýlyklary düýpli işläp geçmeli we senagat dolanyşygyna girizmeli diýip belledi. Bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini işjeň çekmeli. Bu kärhanalar üçin belli bir ýeňillikleri döretmeli. Netijede, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaly.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýakyn wagtda ýurdumyzyň telekeçileri bilen duşuşmagy hem-de öňümizde duran wezipeleri has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Garajaýewe hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýakyn wagtda köp sanly medeni çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygyny belledi. 7-nji aprelde – Bütindünýä saglyk gününde Awazada iri sport desgasynyň açylyş dabarasy bolar.

Öňde boljak şanly seneleriň we möhüm wakalaryň hatarynda Türkmen bedewiniň baýramy, 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Aşgabat şäheriniň güni, şeýle hem, Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, Aziada–2017-i, halkara maslahatlar we beýleki çäreler bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin, düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan reformalary we özgertmeleri talabalaýyk beýan etmegiň, gazanan üstünliklerimizi giňden wagyz etmek arkaly bu özgertmelere goldaw bermegiň, ruhy gymmatlyklarymyz we milli däp-dessurlarymyz esasynda medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, durmuş we ykdysady özgertmelerde onuň ornuny güýçlendirmegiň, öňküsi ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipesi bolmagynda galýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe, welaýatlaryň häkimlerine, sport guramalarynyň, bilim we ylym edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmegiň, bedenterbiýe we olimpiýa hereketini guramagyň, dünýä derejeli türgenleri taýýarlamagyň olaryň öňünde duran esasy wezipeleriň biridigini nygtady.

Aprel aýynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda döwlet derejesindäki köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik- medeni çäreleriň biraýlygyny ýokary derejede geçirmeli. Bu çärelere ähli sport mekdeplerini çekmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz şeýle hem bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda iň gowy dünýä tejribesi esasynda giň gerimli özgertmeleri, ähli ugurlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri, şeýle hem ýaş alymlary taýýarlamagy dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz tomus möwsüminiň hem ýetip gelýändigini belläp, ähli sagaldyş merkezlerini dynç alyş möwsümine gowy taýýarlamalydygyny aýtdy.

Wise-premýer B.Annameredowa hem-de ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna demir ýollary, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny, howa menzillerini gurmagy we olaryň durkuny täzelemegi dowam etmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, öýjükli aragatnaşygy, telewideniýäni ösdürmek, kompýuter tehnologiýalaryny we Internet ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri tamamlamaly.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygyny tamamlamak bilen, ulag ulgamy boýunça öňe süren başlangyjymyzyň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli, şeýle hem esasy taslamalaryň biri bolan kontinentara ulag geçelgelerini döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmeli. Şu babatda milli Liderimiz bu taslamalarda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, maglumat ulgamlarynyň goşulyşmagy, ähli ulag ulgamlarynda resminamalaryň elektron taýdan resmileşdirilmegine geçmek boýunça işleri ýokary derejede ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewiň, maýa goýum-gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň öňünde beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde hususy telekeçileri çekmek bilen, şäherçeleri we desgalary, aýratyn-da, durmuş maksatly desgalary, ýokary hilli gurup, bellenen möhletlerde ulanmaga bermek ýaly esasy wezipe goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk toplumyny ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri hem güýçlendirmelidigini belledi.

Energetikaçylar täze gazturbinaly elektrik stansiýalaryny, elektrik geçirijileriň täze ugurlaryny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmegi we gurmagy dowam etmeli. Ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygyna başlamak hem biziň üçin zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, milli parlamentiň Ministrler Kabineti bilen bilelikde möhüm bolan meselelere degişli kanunçylygy kämilleşdirmek, şu ýyl Ýaşulularyň maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmelidigini belledi.

Milli Liderimiz tabşyryk berlendigine garamazdan, häzire çenli käbir welaýatlarda dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleriniň üstünde ýeterlik derejede işlenmeýändigini nygtap, ähli deputatlaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary, aýratyn-da, etraplarda amala aşyrmaga tutanýerli gatnaşmalydyklaryny aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa, şu ýylyň ikinji çärýeginde göz öňünde tutulýan möhüm hökümet saparlaryna, halkara maslahatlaryna düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Aziada–2017-ni geçirmek bilen bagly ozal berlen tabşyryklara laýyklykda alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir