Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2017-nji Ýylyň Birinji Çärýeginde Ýurdumyzyň Durmuş-Ykdysady Ösüşiniň Netijeleri Jemlenildi
Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2017-nji Ýylyň Birinji Çärýeginde Ýurdumyzyň Durmuş-Ykdysady Ösüşiniň Netijeleri Jemlenildi
Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2017-nji Ýylyň Birinji Çärýeginde Ýurdumyzyň Durmuş-Ykdysady Ösüşiniň Netijeleri Jemlenildi

Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2017-nji Ýylyň Birinji Çärýeginde Ýurdumyzyň Durmuş-Ykdysady Ösüşiniň Netijeleri Jemlenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine garaldy, degişli hasabatlar diňlenildi we ýerine ýetirilen işlere baha berildi hem-de döwlet durmuşynyň beýleki ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we guramaçylyk meselelerine seredildi.

Mejlise gatnaşmak üçin Mejlisiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, geçen döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň we sebitleriň okgunly ösüşini üpjün etmek, şeýle hem ilatyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirildi.

Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2 göterim ýokarlandy. Senagat ulgamynda bu görkeziji 1,8 göterime, gurluşykda 4,4 göterime, ulag-aragatnaşyk toplumynda 10,8 göterime, söwdada 10,4 göterime, oba hojalygynda 3,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 10,8 göterime deň boldy.

Ähli ministrlikleriň we pudak edaralaryň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda önümçilik möçberleri 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,5 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,1 göterim artdy. Sarp ediş harytlaryna, şeýle hem ilata edilýän hyzmatlara bolan bahalar bellenilen çäklerde saklandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende aýlyk haklarynyň möçberi 9,1 göterim artdy.

Welaýatlary senagat taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň işe girizilmegi ýurdumyzyň bazarlarynda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Häzirki döwre çenli 219 desga gurlup gutardy, 101-sinde bolsa gurluşyk işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe-ykdysady toplumyň düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi. Ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň meýilnamalaýyn görkezijileri ýerine ýetirişi, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, maýa goýum işjeňliginiň artmagyna, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalarynyň berjaý edilişi bilen baglanyşykly meseleler bu ulgamyň işiniň esasy ugurlary bolmalydyr. Halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynyň öňünde durýan wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün edýän çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda gazanan netijeleriniň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ähli pudaklarda önüm öndürmegiň ýokary möçberleri göze ilýär.

Umuman, senagat önümleriniň önümçilik möçberleri 13,8 milliard manada deň boldy. Olaryň 53,1 göterimi döwlete dahylly bolmadyk edaralara degişlidir.

Oba hojalygynda gazanylan görkezijiler barada hasabat bermek bilen, Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda beýleki agrotehniki çäreler bilen bir hatarda gowaça ekişiniň alnyp barylýandygyny habar berdi. 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende gök önümleriň önümçilik möçberleri 20,9 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde mallaryň baş sany durnukly artýar.

Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşamagyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda 1 göterim, şol sanda awtomobil ulaglarynyňky 9,3 göterim ýokarlandy. Geçen üç aýyň dowamynda ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň ösüşi 2,3 göterime deň boldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlardan gelýän girdejiniň möçberleri ýokarlandy.

Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň önümçiliginiň ýokarlanmagyna gönükdirilen anyk çäreler barada habar berildi. Bu babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalar edilýär. Şeýlelikde, ýanwar-fewral aýlarynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,3 göterim peseldi.

Hasabat we statistika ulgamy Türkmenistanda ykdysady ösüşiň döwlet dolandyryşynyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Statistika edaralarynyň işiniň esasy ugrunyň durmuş-ykdysady ösüşiň ýagdaýlaryny öwrenmekden, oňa seljerme bermekden, düzümleýin we maýa goýum işini üýtgetmekden, jemgyýetçilik önümçiligini yzygiderli ösdürmekden, hojalygy dolandyryş ulgamyny we usullaryny kämilleşdirmekden ybaratdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz şu ýörelgelerden ugur alyp, işi laýyk derejede gurnamagy tabşyrdy. Işi döwrüň talaplaryna we Türkmenistanyň ösüş strategiýasyna laýyklykda guramagyň möhümdigine ünsi çekip, milli Liderimiz Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra maliýe ministri M.Muhammedow Döwlet býujetiniň berjaý edilişi, şeýle hem 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde maliýe-býujet ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi hasabat döwründe 100,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 88,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar-mart aýlarynda durmuş pudagynyň maliýeleşdirilmegine býujet serişdeleriniň 73,3 göterimi gönükdirildi.

Ýerli býujetiň girdeji bölegi 2 milliard manat derejesinde, çykdajy bölegi bolsa 1,9 milliard manat derejesinde ýerine ýetirildi.

Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi.

Ministriň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň we hususy telekeçileriň özara algy-bergileriniň hasaplaşygyny geçirmegiň Tertibi” hakyndaky Kararyna laýyklykda, alnyp barylan işleriň netijesinde şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda umumy möçberi
1 milliard 981,9 million manat möçberinde özara hasaplaşyklar geçirildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýdyldy. Hasabat döwründe merkezi, pudaklaýyn we sebitleýin balans toparlarynyň 36 mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda 92 sany ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem iri edara-kärhanalaryň, sebitlerdäki edara-kärhanalaryň 31-siniň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi.

Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, birinji çärýegiň dowamynda Býujet kodeksiniň düzgünlerini amala aşyrmak, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, auditorçylyk işini we ätiýaçlandyrmak işini kämilleşdirmek, şeýle hem buhgalterçilik hasaba alnyşynyň milli standartlaryna, maliýe hasabatyna geçmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň býujet ulgamynda maliýe serişdelerini dolandyrmakda türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ählisiniň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň hilini barlamagyň, seljermegiň, baha bermegiň ýagdaýy hökmünde gözegçiligiň möhüm bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ähmiýetli çäreleri maliýeleşdirmek üçin goýberilýän Döwlet býujetiniň serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylyşyna gözegçilik edilmeginiň hem esasy wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtap, maliýe ministrine bu meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra ykdysadyýet we ösüş ministri B.Bazarow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 7,8 milliard manat bolup, olardan 51,3 göterimi önümçilik we 48,7 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara degişli bolup durýar. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüniň derejesinden 0,2 göterim köpeldi.

Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ýanwar-mart aýlarynyň deslapky maglumatlaryna görä, 484,1 million manatlyk maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini habar berdi. Hasabat döwründe şu maksatnamanyň çäklerinde bir sany saglyk öýüniň, 281,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 150 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 897,3 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda 64 sany durmuş we medeni maksatly binanyň, 30 sany suw we lagym arassalaýjy desganyň, şeýle hem 2150,8 kilometrlik inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 491,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada habar berildi. Häzirki wagta çenli 6 desganyň gurluşygy tamamlandy, 65 desganyň gurluşyk işleri alnyp barylýar we 50 desganyň taslama-çenlik resminamalaryny taýýarlamak hem-de guramaçylyk işleri dowam etdirilýär.

Hasabat döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna” laýyklykda we maksatnamadan daşary jemi 20 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy.

2017-nji ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna Türkmenistanyň Edara görnüşindäki taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna jemi 154 edara görnüşindäki taraplar hasaba alyndy, olardan 133-si hususy eýeçilikdäki, 16-sy döwlet eýeçiligindäki kärhanalardyr, 4-si jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiligindäki kärhanalardan ybaratdyr. Şeýle hem birinji çärýekde Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň umumy patent işinden jemi 2678,95 müň manat serişdesi Döwlet býujetine gelip gowuşdy. Oýlap tapyşlaryň jemi 7 birligi, senagat nusgalarynyň 5 birligi we haryt nyşanlarynyň 182 birligi döwlet reýesterinde bellige alyndy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyny we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň, aýratyn-da, dürli maksatly möhüm desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew bu ulgamy ösdürmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde bank edaralarynyň alyp barýan işleri, “Altyn asyr” plastik kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek, ýurdumyzyň banklary tarapyndan edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe ykdysadyýete, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümçiligi ösdürmäge hem-de eksport önümlerini artdyrmaga gönükdirilen karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,6 göterim ýokarlandy. Bu görkeziji ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamy üçin goýberilen serişdeleri boýunça 2016-njy ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 19,4 göterim artdy, raýatlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryny edinmäge goýberilen serişdeler babatda deňeşdirilende 23 göterim, ýaş maşgalalaryň durmuş derejesini gowulandyrmaga goýberilen serişdeler babatda deňeşdirilende 5,3 göterim, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin berlen karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9,5 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem hususy telekeçiligiň ýeňillikli karzlaşdyrylyşy barada habar berildi. Hususan-da, bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 58,4 göterim köpdügi habar berildi. Maliýeleşdirilen taslamalaryň sany 1332-ä ýetip, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 23 göterim ýokary, döredilen iş orunlarynyň sany bolsa 11573-e deň boldy.

Ilatyň pul goýumlarynyň möçberi boýunça görkeziji geçen ýylyň şol döwründäki bilen deňeşdirilende 2,1 esse ýokarlandy. Bulardan ilatyň talap edilýänçä goýumlarynyň möçberi 2,3 esse, möhletli goýumlarynyň möçberi 43,8 göterim ýokarlandy.

2017-nji ýylyň 1-nji çärýeginiň jemi boýunça banklaryň jebislendirilen serişdeleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,9 göterim köpeldi.

1-nji apreldäki ýagdaýa görä, merkezleşdirilen hasaba alnan bank kartlarynyň sany 2016-njy ýylyň şol döwründäki bilen deňeşdirilende 1,6 esse, terminallaryň sany 2,3 esse, bankomatlaryň sany 1,9 esseden gowrak ýokarlandy.

Şonuň bilen birlikde Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda “Internet-bank” we “Mobile-bank” ulgamlarynyň üsti bilen ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz banklaryň maýa goýum gaznalaryny artdyrmak, bu ulgamyň edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek, bank hyzmatlaryny ösdürmek boýunça wezipeleri çözmek maksady bilen, mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Merkezi bankyň ýolbaşçysyna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowşuşyny yzygiderli seljermegi tabşyrdy. Ýurduň ätiýaçlyk altyn gaznasynyň üstüniň ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hem oýlanyşmak gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, öňde duran esasy wezipeleriň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakda, daşary ýurt walýutasynda gelip gowuşýan serişdeleriň mukdaryny köpeltmekde möhümdigini belledi. Bu meseläniň Ministrler Kabinetiniň her gezekki mejlisinde garaljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli tabşyrygy ýerine ýetirmegi başarmadyk ýolbaşçylaryň jogapkärçilik meselesine serediljekdigini ýatlatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew nebitgaz toplumynyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 109,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,3 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy geçen ýylyň derejesinde saklanyldy. Benziniň öndürilişi 4 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 3,6 göterim, polipropileniň öndürilişi 3,1 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 19,1 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 0,9 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende mazudyň öndürilişi 1,9 esse ýokarlandy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 116,5 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistan –Owganystan- Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň bellenen möhletlere laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligiň gowşadylandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem nebitgaz toplumynda birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hasabat bermek üçin Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tebigy gazyň, degişli ölçeýji gurallaryň işiniň netijeli ulanylyşynyň meseleleri boýunça, şeýle hem bu ulgamda ýüze çykarylan birnäçe kemçilikler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, edara-kärhanalarda, şahsy hojalyklarda elektrik energiýasyny ulanmak, onuň ýitgilerini azaltmak babatda geçirilen işler barada aýdylyp, hasaplaýjy gurallaryň ulanylyşy boýunça geçirilen barlaglaryň netijesinde birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygy habar berildi.

Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy şeýle hem ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere, agyz suwunyň rejeli peýdalanylyşyna we ýitgileri azaltmak boýunça geçirilýän işlere guralan seljermeleriň netijeleri barada habar berdi.

Şeýle hem maliýe-ykdysady ulgamyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowyň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer nebitgaz toplumynyň düzümleriniň salgyt borçnamalaryny ýerine ýetirişine geçirilen seljerme barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewe söz berdi. Ol ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda bar bolan kemçiliklere geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol dokma pudagynda ýüze çykarylan käbir kemçilikler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, wise-premýer Ý.Kakaýewi başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy hem-de onuň tejribesini “Galkynyş” käninden beýleki ugurlar boýunça esasy gaz geçirijileriň täze taslamalaryny işläp taýýarlamak babatdaky işlerde peýdalanmak baradaky karara gelendigini habar berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu kän tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir. Munuň özi ol gorlary dürli ugurlar boýunça uly möçberlerde ugratmaga mümkinçilik berýär, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň kuwwatyny artdyrmaga şertleri döredýär we mundan başga-da, suwuklandyrylan gazyň önümçilik möçberlerini köpeltmäge ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine M.Babaýewi belläp, ony Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy toplumynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, ýanwar-mart aýlarynda Aşgabat şäher häkimligi boýunça umumy bahasy 106 million 143 müň 600 manatlyk işler ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, hasabat döwründe meýilnama 117,2 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň üç aýy bilen deňeşdirilende ösüş depgini 147,3 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi 40 million 560 müň manada deň bolup, bellenilen meýilnama 106,6 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň üç aýy bilen deňeşdirilende ösüş depgini 105 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda umumy möçberi 277 million 32 müň manatlyk işler we hyzmatlar ýerine ýetirildi. Şunda meýilnama 110,6 göterim amal edilip, ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy.

Ministrlik boýunça hasabat döwründe 6 milliard 237 million 295 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi, bu geçen 2016-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,2 göterime deňdir.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnama 111,1 göterim berjaý edilip, ösüş depgini geçen ýylyň üç aýy bilen deňeşdirilende 112,3 göterim boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnamany 107,4 göterim ýerine ýetirdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça geçirilen işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, degişli düzümler tarapyndan paýtagtymyzyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek, baş şäherimiziň estetiki keşbini gowulandyrmak, aşgabatlylaryň, paýtagtymyza gelýän köpsanly myhmanlaryň, şol sanda daşary ýurtlylaryň aňrybaş derejede amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça utgaşykly çäreler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Wise-premýer hasabat döwründe tutuş ulag-aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 101,6 göterim berjaý edilendigini habar berdi.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýük dolanyşygynda meýilnama 101,2 göterim ýerine ýetirildi, ýolagçy dolanyşygynda ösüş depgini 106,2 göterime deň boldy. Habar berlişi ýaly, içki demirýollary, inžener-tehniki desgalary, şol sanda demir ýol geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsi ulanmaga berildi.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 100 göterime barabar boldy, ýük dolanyşygynda hem-de ýolagçy gatnatmakda bu görkeziji degişlilikde 103,2 göterime we 100,1 göterime deň boldy.

Ýanwar-mart aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurt boýunça 109 müň, şol sanda 102 müň öýjükli belgi we 7 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 167 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça geçen üç aýda awiahyzmatlaryň ösüş depgini 123 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük dolanyşygynda 100 göterime hem-de ýolagçy dolanyşygynda 110,4 göterime barabar boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 104 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bellenilen tabşyryklary ýerine ýetirip bilmeýän Demir ýol ulaglary ministrliginiň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işlerine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Milli kosmos agentliginiň işiniň talaba laýyk ýola goýulmaýandygyny aýdyp, ýüze çykan ýagdaýlary gyssagly seljerip, olary düzetmek boýunça zerur çäreleri görmegi wise-premýere tabşyrdy.

Milli Liderimiz wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän düzümleri boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri D.Bäşimowa, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygy D.Saburowa hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.Gurdowa käýinç yglan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi hem-de ýanwar-mart aýlarynda ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende esasy görkezijiler barada habar berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi 1 milliard 171,1 million manada, şol sanda bölek haryt dolanyşygy boýunça 460,4 million manada deň boldy. Binýatlaýyn görkezijä bolan gatnaşykda ösüş depgini 25 göterim boldy. 142,6 million manat möçberinde peýda alyndy. Meýilnama 129,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe 21,5 million manat maýa goýumlary özleşdirildi.

Şu döwürde Döwlet haryt-çig mal biržasynda 60 gezek söwdalar geçirilip, umumy bahasy 4,8 milliard manatlykdan gowrak şertnamalaryň 2834-si bellige alyndy.Olaryň esasy bölegi eksport-import geleşikleridir. Girdejiniň umumy möçberi 19 million manada deň bolup, meýilnama 165,3 göterim ýerine ýetirildi.

Söwda-senagat edarasy boýunça 3,91 million manatlyk hyzmat edildi we 1 million 404 müň manatlyk girdeji alyndy. Meýilnama 151 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe iri sergileriň bäşisi we üç maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde 120 million manatlyk senagat önümleri öndürildi, onuň möçberi 32,6 göterim artdy, 192 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, olaryň möçberi 47 göterim ýokarlandy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 625,5 million manada deň boldy. Söwda dolanyşygynyň möçberi 2,7 milliard manatlykdan gowrak bolup, ösüş depgini 13,9 göterime barabar boldy. Hyzmat ulgamynda 241,1 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, ösüş 18,9 göterimden ybarat boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini tankyt edip, onda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň pesdigine, birža söwdalary resmileşdirilende dürli päsgelçilikleriň ýüze çykýandygyna, eksport söwdalarynyň möçberleriniň kanagatlanarsyzdygyna hem-de gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň azalýandygyna, bu edaralaryň ýolbaşçylarynyň iş başarnyklarynyň gowşakdygyna, DHÇMB-nyň işini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmeýändigine ünsi çekdi.

Wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy A.Işanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Döwlet Baştutanymyz birža söwdalaryny işjeňleşdirmek we giňeltmek boýunça anyk çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow öz gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça ýanwar-mart aýlarynda öndürilen önümleriň möçberiniň meýilnamanyň 125,6 göterimine deň bolandygy aýdyldy. Sement we gurnama demir-beton serişdeleriniň önümçiliginde görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründäkä deň boldy. Keramzit önümçiligi boýunça ösüş depgini 5,8 göterimden ybarat boldy.

Hasabat döwründe Dokma senagaty ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň meýilnamasy 114,1 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 6,4 göterime deň boldy.

“Türkmenhaly”döwlet birleşiginiň kärhanalarynda hasabat döwründe öndürilen önümleriň ösüş depgini 1,8 göterime deň bolup, meýilnamalaýyn borçnamalar 102,3 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça üç aýyň dowamynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 111,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 1,8 göterim derejede üpjün edildi. Hususan-da, tehniki ýod önümçiliginde meýilnama 110,2 göterim berjaý edilip, natriý sulfatyny öndürmegiň ösüş depgini 2,4 göterime deň boldy.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hasabat döwründe meýilnama 100,1 göterim ýerine ýetirildi. Balyk tutmak boýunça ösüş depgininiň görkezijileri 5,9 göterime, gaýtadan işlenilen we gaplanan balyk önümleri boýunça 6 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudaklarynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Innowasiýa ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilen hem-de içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly islege eýe bolan we bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen täze senagat kärhanalaryň işleriniň netijeliliginiň özümiziň örän baý tebigy serişdelerimiziň hasabyna artdyrylmalydygyny belledi.

Ol kärhanalarda täze müňlerçe iş orunlary döredildi, degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Muňa Merkezi Aziýa sebitinde örän iri Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň işe girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär, onuň ýyllyk kuwwaty 1 million 400 müň tonna kaliý dökünlerini öndürmäge deňdir, toplumyň dabaraly açylyşy şu ýylyň 31-nji martynda geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz bu iri senagat toplumynyň işe girizilmeginiň ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmegiň, has takygy, ýurdumyz üçin täze magdan çykaryjy pudagynyň kemala gelmeginiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny belläp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işgärleriniň bu şanly waka mynasybetli şol güni pudagyň işgärleriniň hünär baýramy hökmünde esaslandyrmak baradaky başlangyjyny goldady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, “Himiýa senagaty işgärleriniň gününi döretmek hakynda” Permana gol çekdi.

Garlyk känini işläp taýýarlamagyň we onuň binýadynda ýokary hilli hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän kaliý dökünleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy Türkmenistanyň bu ugurda iri önümçilik ýurdy hökmünde öňe çykmagyny, ýurdumyzyň ykdysady we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegini şertlendirýär diýip, milli Liderimiz belledi we R.Hamraýewi dag-magdan baýlaşdyryjy täze toplumyň baş direktory wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň açylan senesi mynasybetli guralan taryhy wakanyň şanyna ol ýerde ýadygärlik ýazgynyň oturdylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 204-si taýýarlanyldy we çapa berildi, olardan 34-si neşir edildi.

Ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, bäş bürünç medala, internet bäsleşiklerinde 2 altyn, 3 kümüş hem-de 194 sany dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Türkmen talyplary halkara matematika bäsleşiklerinde hem tapawutlandylar: olar Makedoniýa Respublikasynyň Ohrid şäherinde geçirilen bäsleşikde bäş bürünç medala, şeýle hem internet bäsleşiginde baýrakly orunlaryň birnäçesine mynasyp boldular.

Orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary hem halkara internet bäsleşiklerine gatnaşyp, 6 altyn, 3 kümüş medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan hasabat döwründe golýazmalaryň 200-sine seredilip, olaryň 187-si tassyklanyldy. Akademiýanyň institutlary tarapyndan birnäçe gurluşyk, önümçilik ähmiýetli tehnologiki taslamalar işlenip düzüldi we önümçilige ornaşdyryldy.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 101,4 göterim, ýerlenen önümlerden we hyzmatlardan alnan girdeji 111 göterim, derman senagatynda öndürilen önümiň möçberi 103 göterim artdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna giňden taýýarlyk görülýär.

Ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň 61-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 32-si geçirildi. Türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynyň 36-syna gatnaşdylar we jemi 219 medal (93 altyn, 56 kümüş we 70 bürünç medal) gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, aň-bilimli, beden hem-de ruhy taýdan ösen nesli kemala getirmek, ylmyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşmagyny üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berip, durmuş ulgamynyň pudaklaryny ösdürmegiň türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm guralydygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew şu ýylyň birinji çärýeginde gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilen işler, şeýle hem aprel aýynda milli baýramçylyklar, milli hem-de halkara senenamasynyň şanly wakalary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen medeni çäreleriniň maksatnamalary, olara gabatlanyp açyljak medeni-durmuş maksatly desgalar hakynda hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni hem-de täze desgalaryň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halklaryň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri, Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary mahalynda Lebap welaýatynda ýurdumyzyň we Özbegistanyň medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda çäreler geçirildi.

Halkara çäreleriniň hatarynda Koreýa Respublikasy we Meksika bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çärelerini –Koreýanyň aýdym we tans toparynyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda geçirilen konsertini we Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan Meksikanyň surat sergisini görkezmek bolar.

Hasabat döwründe döwrüň talabyna laýyklykda teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň medeni mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barlandygy bellenildi.

Teatrlarda 856 sahna oýny görkezildi, olara 201 müň 196 adam tomaşa etdi. Türkmenistanyň Döwlet sirkinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sirk artistleriniň çykyşlary guraldy.

Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 30 million 371 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama 116,4 göterim ýerine ýetirildi. 5 million 659 müň 233 nusgada kitap önümleriniň 71 görnüşi neşir edildi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan maliýa-hojalyk işlerinden alnan umumy girdejiniň möçberi 8 million 2 müň manada deň boldy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende meýilnama 101,1 göterim berjaý edildi.

Ýylyň başyndan bäri Türkmen telewideniýesiniň hünärmenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça iň täze maglumatlar tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň birnäçesinde gulluk saparlarynda boldular.

Şu aýda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasyna ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralar girizildi, bu çäreler bilim edaralarynda, ministrliklerde we pudak edaralarynda, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, Döwlet sirkinde, sport we sagaldyş merkezlerinde, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň medeniýet edaralarynda geçiriler.

Aprel aýynda şeýle hem ýaşajyk zehinleriň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlaryny geçirmek meýilleşdirildi.

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň we serginiň açylyş dabarasy bolar, figuralaýyn typmak boýunça görkezme çykyşlary, şeýle hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Aşgabatda dürli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň innowasiýa taýdan ösüşini nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini nygtap, giň halkara derejesinde milli medeniýetimizi wagyz etmegiň, medeniýetleriň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz şeýle hem medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak, şol sanda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de hünär taýdan ösdürmek boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak çäreler barada aýtmak bilen, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklar berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de öňde goýlan degişli wezipeleriň çözülişi babatda ýanwar-mart aýlarynda DIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Şunda ýokary derejedäki saparlara, duşuşyklara hem-de gepleşiklere möhüm orun berilýär.

Ine, agzalan döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna hem-de Katar Döwletine iş we döwlet saparlary boldy. Biziň ýurdumyza döwlet we resmi saparlary bilen degişlilikde Özbegistan Respublikasynyň hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidentleri geldiler.

Şunuň bilen birlikde, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygynyň, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň, birnäçe iri halkara düzümleriň, şol sanda Energetika Hartiýasynyň, ŞHG-nyň, GDA-nyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki resmi adamlaryň Türkmenistana saparlary boldy.

Umuman, hasabat döwründe DIM-niň üsti bilen dürli derejedäki daşary ýurt wekiliýetleriniň 108-si ýurdumyzda saparda boldular. Şol bir wagtda-da türkmen wekiliýetleriniň 201-si daşary ýurtlara ugradyldy. Maslahatlaryň, duşuşyklaryň hem-de umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eden beýleki çäreleriň 40-sy geçirildi. Halkara resminamalarynyň 41-sine gol çekildi.

Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Ýylyň başyndan bäri bu ugurda 8 duşuşyk geçirildi. Hasabat döwründe hökümetara türkmen-özbek, türkmen-täjik, türkmen-ermeni, türkmen-slowen, türkmen-rus toparlarynyň nobatdaky mejlisleri geçirildi. Olaryň işleri söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer- medeni ulgamlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara hereket etmegiň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem türkmen-eýran, türkmen-ysraýyl we türkmen-katar işewür maslahatlary geçirildi.

Hasabatyň dowamynda 7-nji aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy geçiriljek forumyň maksatnamasy barada aýtdy. Kongresiň işiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminamanyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Maksatnama Aziada-2017-niň tanyşdyrylyş dabarasyny, daşary ýurtly myhmanlary paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi bilen tanyşdyrmagy hem-de birnäçe beýleki çäreleri, şol sanda “Awaza” sport toplumynyň açylyş dabarasyny, medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konsertini özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp saýlanyp alnan daşary syýasat ugruna mundan beýläk-de yzygiderli eýerjekdigini nygtady. Bu baradaky gürrüňini dowam edip, milli Liderimiz ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki wekilçilikli halkara forumlarynyň münberinden beýan edilen Türkmenistanyň netijeli başlangyçlaryny öňe ilerletmegiň we iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki anyk ýagdaýlary we geljegi nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli artdyrmak üçin bar bolan köptaraplaýyn mümkinçiligi has doly peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna daşary syýasat edarasynyň hem-de ýurdumyzyň diplomatik toplumynyň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeleriň çözülmegine degişli anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Halkara sport kongresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, geçiriljek forumyň dünýäniň sport jemgyýetçiligini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi bilen giňden tanyşdyrmaga we umuman gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi.

Bedenterbiýäniň we sportuň höweslendirilmegi hem-de ösdürilmegi döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar we şunuň bilen baglylykda, «Aziada-2017” halkara sport hereketiniň ösdürilmegine ýurdumyzyň anyk goşandy bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň şu ýylyň üç aýynyň netijeleri boýunça ýerine ýetirilen işleri barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, deputatlar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ol ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Hasabat döwründe Mejlisiň maslahatlarynyň 2-si geçirildi, olarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 33-si, şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 24-si kabul edildi.

Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda degişli hünärmenleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Olaryň hatarynda alyjylar jemgyýetlerini hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleriniň bileleşigini döretmegiň, hossarlyk we howandarlyk babatdaky wezipeleri durmuşa geçirmegiň, haýyr-sahawat işini guramagyň hukuk esaslaryny üpjün edýän, şeýle hem ýurdumyzyň suw serişdelerini goramak, ekologiýa howpsuzlygy, konsullyk gulluklarynyň işini kadalaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan kanunlaryň taslamalary bar.

Ýola goýlan halkara gatnaşyklary berkidilýär we ösdürilýär. Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary giňeltmek, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlar ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara duşuşyklara we maslahatlara işjeň gatnaşýarlar.

Şeýle hem Ahal welaýatynda geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler, türkmen jemgyýetiniň bu gadymy demokratik institutynyň ornuny has-da pugtalandyrmak üçin onuň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Mundan başga-da, şu ýylyň 21-nji maýynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda täze dörän şäherde halk maslahatynyň, täze dörän şäherçelerde we käbir geňeşliklerde Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk taýdan goldamagyň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipelerini çözmekde netijeli gural bolup durýandygyny aýdyp, Mejlisiň türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleri berkarar etmäge gönükdirilen işiniň esasy meselelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaşulular maslahatynyň her ýylda geçirilýän mejlisiniň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň öňünde durýan giň möçberli wezipeleriň oňyn çözülmeginde ýaşulularyň durmuş tejribesiniň we paýhasly ýörelgeleriniň möhümdigine ünsi çekdi.

Halkara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň zerurdygy barada aýdyp, milli Liderimiz beýleki ýurtlaryň döwlet işgärlerini, ministrlikleriň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we ýönekeý raýatlaryny sylaglamak üçin, döwlet sylaglaryny işläp taýýarlamaga we tassyklamaga milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde çykyş eden içeri işler ministri I.Mulikow häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýol-ulag düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça taýýarlanan maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, Hazaryň kenarynda dynç alýanlar üçin ýokary amatlyklary döretmek maksady bilen, Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinden we demir ýol menzilinden ýörite ýolagçy awtoulaglarynyň gatnawy ýola goýuldy, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döredilen awtoduralgada ulaglaryň dürli görnüşleri boýunça ýolagçy gatnatmagyň düzgünleri işlenip taýýarlanyldy.

Içeri işler ministri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýänleriň ulaglaryny şol ýerde bina edilen döwrebap awtoduralgada goýup, deňziň kenary boýunça ýörite dürli görnüşdäki awtoulaglaryň hyzmatyndan peýdalanyp bilinjekdigine, diňe dynç alyş möwsüminde hyzmatlar bilen baglanyşykly zerurlyk sebäpli käbir ulaglara degişli düzüm tarapyndan ýörite rugsatnamanyň beriljekdigini aýtdy. Munuň özi bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokary derejede saklanylmagyna, adamlaryň ýokary derejeli dynç alşyna oňaýly täsir eder.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegi, adamlar, aýratyn-da, dynç alýanlar üçin ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi, daşky gurşawyň degişli derejede saklanmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydygyny belledi.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny, hususan-da, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sebitleriň ösmeginde möhüm orun eýeleýän senagat we durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň we agrotehniki çäreleriň öz möhletinde we ýokary derejede geçirilmegi babatda welaýatlaryň häkimlerine anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda geçen üç aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Umuman, obasenagat toplumy boýunça önümçilik möçberleriniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 106,1 göterime deň boldy.

Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 108,9 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 104,5 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça bolsa 106,1 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende unuň, unaş önümleiniň, çöregiň we çörek-bulka önümleriniň, süýdüň, ýumurtganyň, gök önümleriniň önümçilik möçberi ýokarlandy. Ministrliklerde we pudak edaralarynda maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 116,1 göterim berjaý edildi.

Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabatyň çäklerinde welaýatlarde gowaça ekişiniň depginleriniň gün-günden ýokarlanýandygy barada aýdyldy. Dänelik ekinlere ideg işleri, şol sanda ösüş suwuny bermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we haşal otlara garşy göreşmek çäreleri dowam edýär. Şonuň bilen birlikde, däne kabul ediş bölümlerini, kombaýnlary, awtoulaglary we beýleki tehnikalary galla oragyna taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, wise-premýer ilatyň gök, miwe önümleri, üzüm bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmak, şeýle hem dürli görnüşli bag nahallaryny we üzümleri ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna welaýat merkezleriniň ýakynynda ýerleşýän daýhan hojalyklarynyň düzümini üýtgetmek, olaryň binýadynda ýöriteleşdirilen hojalyklary döretmek bilen baglanyşykly teklipler hödürlendi.

Şeýle hem häzirki döwürde degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň tejribeli hünärmenleriniň, alymlaryň we welaýat häkimlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna syn berilýändigi we oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmek, ýerleri netijeli peýdalanmak boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylýandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer R.Bazarowyň, häkimleriň we tutuş obasenagat toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, oba hojalygynda henize çenli Ýer kadastry döredilmedi. Munuň özi ýer gaznasyny has netijeli we talabalaýyk ulanmaga, oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Pagtadan alynýan hasylyň (ortaça her gektardan 20,2 sentner hasyl alynýar), pagta arassalaýjy kärhanalarda pagta süýüminiň önümçilik möçberleriniň (ortaça 29,1 göterime) pesligi ýurdumyzyň dokma senagatynyň işinde bökdençlik döredýär.

Bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem talabalaýyk däl. Munuň özi ýeterlik mineral dökünleriň we suw serişdeleriniň bardygyna garamazdan, ýurdumyzyň birnäçe welaýatlarynda agrotehniki düzgünler berjaý edilmeýär we kärhanalaryň enjamlary könelişipdir.

Ylmy-barlag institutlarynyň işiniň netijesizligi barada anyk bellikler aýdyldy. Obasenagat toplumy üçin ýokary hünärli işgärleriň zerurdygy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Oba hojalyk uniwersitetiniň we institutyň köpsanly uçurymlarynyň başga pudaklarda zähmet çekýändiklerini belledi.

Şunuň bilen birlikde, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysynyň hasabatyndan belli bolşy ýaly, ýerlerde salgyt meseleleri we suwdan rejeli peýdalanmak wezipeleri çözülmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi oba hojalyk pudagynda bar bolan meseleleriň diňe käbirleridir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer R.Bazarowy eýeleýän wezipesinden boşadyp, ony başga işe geçirmek hakynda çözgüt kabul edendigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine seretdi we olar boýunça degişli resminamalara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine E.Orazgeldiýewi belläp, hormatly Prezidentimiz ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine öň şu welaýatyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän T.Atahallyýewi belledi. Oňa işinde üstünlik arzuw edip, milli Liderimiz welaýatyň häkiminiň orunbasary wezipesine mynasyp adamyň teklibini taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, mejlisiň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri jemledi we ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir