Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Oýunlaryň Başlanmagyna 200 Gün Galanda Aziada-2017-niň Nyşany Duşakerikdag Gerşine Galdyryldy
Oýunlaryň Başlanmagyna 200 Gün Galanda Aziada-2017-niň Nyşany Duşakerikdag Gerşine Galdyryldy
Oýunlaryň Başlanmagyna 200 Gün Galanda Aziada-2017-niň Nyşany Duşakerikdag Gerşine Galdyryldy

Oýunlaryň Başlanmagyna 200 Gün Galanda Aziada-2017-niň Nyşany Duşakerikdag Gerşine Galdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň bilelikde guran “Dagyň depesine çykmak, taslamasynyň çäklerinde Aziada-2017-niň nyşany hem-de ýurdumyzyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň iň belent dag gerişlerine galdyrylýar.

Sport-watançylyk çäresi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna bagyşlandy hem-de Aşgabatda geçiriljek giň möçberli ýaryşlary wagyz etmäge gönükdirilendir. Bu ýaryşlara Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenleri gatnaşar.

Taslama gatnaşyjylar eýýäm Türkmenistanyň iň beýik nokadyna – Aýrybaba gerşine baryp gördüler. Köýtendagyň bu gerşiniň beýikligi deňiz derejesinden 3139 metre barabardyr.

Indi bolsa “Dagyň depesine çykmak” topary Köpetdaga, beýikligi boýunça ýurdumyzda ikinji ýerde durýan we iň uzyn dag ulgamyna tarap ugrady. Gyşyň we ýazyň sepgidinde dag ulgamynyň gerişleri gara bürendi. Munuň özi daga dyrmaşmak çäresiniň has-da gyzykly bolmagyny üpjün edýär. Daga çykmagyň ikinji tapgyry şanly waka – türkmen paýtagtynda Aziada-2017-ä badalga berilmegine 200 gün galmagyna gabatlanyldy.

Alpinistleriň maksady Duşakerikdag gerşine çykmakdan ybaratdyr, onuň beýikligi 2482 metre deňdir. Hut şu ýerden türkmen alpinistleriniň sport dünýäsine ýoly başlanýar. Çuň dereler hem-de kert gaýalar bu çäräniň özüneçekijiligini has-da artdyrýar we sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylygy pugtalandyrýar. Dag syýahatçylygy ülkäniň taryhy bilen has ýakyndan tanyşmaga ýardam berýändigi babatda hem gyzyklydyr. Mysal üçin, bar bolan maglumatlara görä, biziň ata-babalarymyz Köpetdagda çuňlugy onlarça metre barabar bolan şahtalary gazyp, demir eretmek bilen meşgullanypdyrlar.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy dag depesine çykmak çäresini guramaga ýardam berdi, galyberse-de, onuň harby gullukçylary – türgenleri alpinistler bilen bilelikde Aziadanyň nyşanyny hem-de Döwlet baýdagyny gerşiň ýokarsyna çykarmaga gatnaşmak üçin watançylyk çäresine goşuldylar. Daga dyrmaşyjylaryň toparynda TDH-nyň habarçysy hem bar. Ol wakanyň bolýan ýerinden habar berip durýar.

Daga dyrmaşmagyň ýoly Duşakerikdagda ýerleşen astronomiki obserwatoriýanyň golaýyndan geçýär. Bilermenleriň belleýşi ýaly, bu obserwatoriýanyň işini dikeltmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Onuň enjamlary kämilleşdirilenden soň, diňe bir milli derejede däl, eýsem, iri halkara taslamalaryň çäklerinde hem ylmy barlaglary geçirmek bolar.

Galyberse-de, bu ýerler üçin howanyň durnukly we açyk ýagdaýda, ýagtylygyň sazlaşykly, ýeliň kadaly bolmagy mahsusdyr. Munuň özi bolsa ýylda 2 müň sagatdan gowrak wagtyň dowamynda takyk astronomiki gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Alymlar bu ýeriň astronomiki barlaglar üçin oňaýlydygyny hem-de obserwatoriýanyň işiniň dikeldilmeginiň Gün ulgamyna gelýän asteroidlere gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyryp biljekdigini belleýärler.

…Dag gerşine barýan ýol täsin arça tokaýlygynyň üstünden geçýär. Köpetdagyň ýokarky zolagy arça agaçlaryna baýdyr. Dag dereleriniň gerişlerinde bu agajyň uly bolmadyk şahalary egrelip ösýär. Ýeliň düşmeýän ýerlerinde bolsa, ol dikligine ösýär. Ýakyn günlerde gök otlara bürenjek dag etegi zagpyran gülüne bezelen bolsa, dagyň ýokarsynda entek galyň gar ýatyr.

Daga dyrmaşyjylara Köpetdagyň baý haýwanat dünýäsiniň wekillerini öz gözleri bilen görmek bagty miýesser etdi. Setanda – seýranda dag gerişlerinde dag goçlarynyň sürüleri duş gelýärdi. Olar adamlary görüp, gaçyp gidýärdiler. Gerişleriň ýokarsynda ýyrtyjy guşlar ganat ýaýyp, uçup ýördüler. Ýeri gelende aýtsak, alpinistleriň ýoly güýçli we örän owadan ýyrtyjy bolan alajagaplaňyň mesgen tutan ýeriniň üstünden geçýärdi. Ýöne, ony tebigy ýagdaýda görmek örän kyndyr, çünki bu iri jandar örän hüşgärdir hem-de sessiz hereket edýär.

Merkezi Köpetdag, aýratyn hem onuň ýokarky bölegi örän owadandyr. Dagyň gerişleri 2500 metrden 3000 metre çenli ýokaryk galýar. Dag gerşiniň merkezi böleginiň ekologiýa ulgamyny gorap saklamak babatda möhüm ähmiýete eýe bolan ýerleri Köpetdag goraghanasynyň düzümine girizildi.

Jahankeşdeler gije ýatmak üçin dag gerşiniň iň ýokarky böleginiň golaýynda, garsyz meýdançada çadyrlary dikdiler. Gije bulutsyzdy we aýazlydy, gündizine erän gar ýene-de buz gatlagyna öwrüldi. Säher çagy daş-töwerek has-da täsin we gözel keşbe eýe boldy, günüň şöhlesi dag gerişlerine düşüp, özboluşly gözellik döretdi.

Ýene-de bir sagatlap ýol sökenlerinden soň, ekspedisiýanyň agzalary dagyň gerşiniň iň ýokarky nokadyna çykdylar. Olaryň ellerinde Aziada-2017-niň nyşany we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bar. Olar Köpetdagyň gerşiniň üstünde parlap, türkmen halkynyň öz Lideriniň – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Geçilen ýola we gazanylan üstünliklere, açylýan mümkinçiliklere nazar aýlap, biz öz öňümizde has-da beýik maksatlary goýýarys!

Şu pursat “Dagyň depesine çykmak” taslamasyna gatnaşyjylaryň kalby eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgusyndan püre-pür bolýar. Ýurdumyzda adam döwletiň baş gymmatlygy, ilatyň saglygy bolsa ýurdumyzyň baýlygy diýlip yglan edildi. Ýokary netijeler sportuny hem-de bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Şoňa görä-de, bu watançylyk çäresiniň ýurdumyzyň taryhyndaky iri sport oýunlarynyň Aşgabatda badalga berilmegine 200 gün galanda bolandygynyň çuňňur manysy bardyr.

Pursatdan peýdalanyp, tejribeli alpinistler gara bürenen dik gaýada daga dyrmaşmagyň aýratynlyklaryny hem-de ýörite esbaplar bilen işlemegiň tärlerini görkezdiler. Şol esbaplar dagyň ýokarsynda hereket etmegiň howpsuz bolmagyny üpjün etmäge ukyplydyr.

Taslama üstünlikli tamamlandy we oňa gatnaşyjylar aşaklygyna ugradylar. Dagyň garly gerişlerinden we arça tokaýlyklaryndan soň, olary köpsanly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerini öz içine alýan Gökderäniň ajaýyp künjegi garşylady.

Şondan köp wagt geçmänkä-de, dag depesine çykyjylar Aşgabada gaýdyp geldiler, şol ýerden Köpetdagyň gerişlerine ajaýyp görnüş açylýar. Köpetdagyň gyşky görnüşi paýtagtymyzyň ak mermerli binalar toplumlary bilen ajaýyp sazlaşyk döredýär.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir