Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Saýlanan Prezidentini Gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Saýlanan Prezidentini Gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Saýlanan Prezidentini Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Saýlanan Prezidentini Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady.

Milli Liderimiz öz gutlagynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan doganlyk gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň biziň ýurtlarymyzyň syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň bähbidi üçin mundan beýläk-de ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna ygrarlydygyny aýdyň görkezýändigini belledi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk we egsilmez gujur-gaýrat, şeýle hem Özbegistanyň doganlyk halkynyň parahatçylygyna, gülläp ösmegine we öňe gitmegine gönükdirilen iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatda Türkmen-Gyrgyz Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

Aşgabatda Türkmen-Gyrgyz Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

Aşgabat şäherinde iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Republikasynyň daşary işler …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir