Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Palestina Döwletiniň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgasyny Gowşurdy
Palestina Döwletiniň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgasyny Gowşurdy
Palestina Döwletiniň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgasyny Gowşurdy

Palestina Döwletiniň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgasyny Gowşurdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Hossein Ali Mustafa Gannam bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Palestinanyň arasyndaky gatnaşyklara uly itergi beren ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini seljerip, taraplar derman senagaty we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine gyzyklanma bildirdiler. Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýandygyny belläp, taraplar Türkmenistanda Palestina Döwletiniň Medeniýet günlerini geçirmek meselesine ünsi çekdiler.

Gepleşikleriň dowamynda daşary işler edaralarynyň arasynda önjeýli gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy we iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmeklige gyzyklanma bidirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipesinde özüniň ähli ýardamlaryny we goldawlaryny bermäge taýýardygyny aýan etdi.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir