Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Paýtagtymyzda Nobatdaky Binagärlik Desgalarynyň Açylyşy
Paýtagtymyzda Nobatdaky Binagärlik Desgalarynyň Açylyşy
Paýtagtymyzda Nobatdaky Binagärlik Desgalarynyň Açylyşy

Paýtagtymyzda Nobatdaky Binagärlik Desgalarynyň Açylyşy

Paýtagtymyzda Andalyp şaýolunyň çatrygyndaky köp zolakly halkalaýyn ýollaryň merkezinde gurlan “Döredijilik” we “Şahyr” atly özboluşly heýkeltaraşlyk desgalarynyň açylyş dabarasy boldy.

Beýikligi 20 metre barabar bolan “Döredijilik” bezeg-heýkel desgasy ot alawyny alamatlandyrýan hem-de 30 metr diametri bolan sütünlerde ýerleşdirilen gadymy golýazmalaryň şekili görnüşinde metal gurnamadan ybaratdyr. Beýleki “Şahyr” atly beýikligi 18 metre barabar bolan heýkel gülüň şekilinde bolup, onuň gunçasynyň içinde şahyrana ylham joşgunynyň we zehininiň özboluşly alamaty bolan ägirt uly ak reňkli döwet galamy syýadana batyrylyp dur. Heýkelleriň çeperçilik taýdan mazmunynda döredijilik gözbaşlarynyň umumylygy hem-de türkmen halkynyň milli ruhy-medeni ýörelgelerine meýiller görünýär, paýtagtymyzyň şaýollarynyň adyny göterýän türkmen şygryýet sungatynyň we sazynyň ägirtleriniň ölmez-ýitmez mirasyna hormat we sarpa beýan edilýär.

Açylyş dabarasyna gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, türkmenistanlylaryň hemmesi ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbini döredýän döwrebap awtoulag ýollary we giň şaýollary, gök parça bolup oturan seýilgäh zolaklary, suw çüwdürim toplumlary we heýkelleri bolan ak mermerli paýtagtymyza tüýs ýürekden guwanýarlar. Mundan ozalky açylan şeýle binagärlik-çeperçilik desgalary ýaly, täze heýkeller hem Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde nobatdaky gezek abraýyny artdyrar.

Şahyrana çykyşlar, folklor we aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary ýygnananlaryň baýramçylyk ruhuny has hem ýokary göterdi.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir