Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Petronasyň Ýolbaşçysy Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürmäge Taýýardygyny Belledi
Petronasyň Ýolbaşçysy Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürmäge Taýýardygyny Belledi
Petronasyň Ýolbaşçysy Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürmäge Taýýardygyny Belledi

Petronasyň Ýolbaşçysy Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürmäge Taýýardygyny Belledi

«Petronas» kompaniýasynyň prezidenti Datuk Wan Zulkifli Wan Ariffi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerleşen «Şangri-La» myhmanhanasynda geçirilen duşuşygynda türkmen Liderine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi, diýip Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Malaýziýanyň işewür toparlary innowasion ösüşe hem-de häzirki zaman dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna yzygiderli goşulyşmaga tarap ugur alan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge barha artýan gyzyklanma bildirýärler. Şunda «Petronas» kompaniýasynyň ýangyç-energetika toplumynda bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli özara gatnaşyklary giňeltmäge ymtylmasy tassyklanyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyna eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Malaýziýanyň iri nebitgaz kompaniýasynyň mynasyp goşandyny belledi. «Petronasyň» Hazaryň türkmen ýalpaklygynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge girişen ilkinji daşary ýurt kompaniýasy bolup durýandygy bellärliklidir.

Duşuşygyň dowamynda taraplar uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan mundan beýläk-de özara hereket etmegiň mümkinçiliklerini we meýillerini ara alyp maslahatlaşdylar, diýip agentlik habar berýär.

Malaýziýanyň kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada habar berip, jenap Datuk Wan Zulkifli Wan Ariffin «Petronasyň» Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanýan ýangyç-energetika toplumyndaky uly möçberli taslamalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmaga, gazyp alýan we gaýtadan işleýän düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur alan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, türkmen bazarynyň geljeginiň örän uludygy, döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilelikde netijeli işleri alyp barmak üçin oňaýly şertleri üpjün edýär.

Hünär bilimini bermek ulgamynda, ýagny, nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem Türkmenistan bilen «Petronas» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde agzaldy. Birnäçe ýyllaryň dowamynda türkmen talyplary «Petronas» Tehnologik uniwersitetine okuwa iberilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda Malaýziýada döwlet sapary bilen bolan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň Hormatly doktory diýen adyň gowşurylandygyny bellemek gerek.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

2017-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir