Baş Sahypa / GÜNÜŇ WAKALARY / Prezidentimiz Sebitde Iri Halkara Howa Menzilini Işe Girizmek Dabarasyna Gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri Halkara howa menzilini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy

Prezidentimiz Sebitde Iri Halkara Howa Menzilini Işe Girizmek Dabarasyna Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de daşary ýurtlardan gelen köpsanly hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň esasy howa derwezesiniň  türkmen paýtagtynyň täze Halkara howa menziliniň açylmagy mynasybetli uly dabara boldy.

Bu waka Türkmenistany yklymyň iri ulag-logistik merkezine, Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan möhüm halka öwürmek boýunça milli Liderimiziň ägirt uly pikirini durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu öz nobatynda ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de netijeli içeri we daşary syýasaty bilen şertlendirilen ägirt uly ykdysady kuwwatyny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri döreder. 

Şu gün irden howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşen “Oguz han” çüwdürimler toplumynyň ýanynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, welaýat häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, işewürler, döredijilik işgärleri, ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda 350-den gowrak myhman bolup, olaryň arasynda ulag we beýleki ugurlarda iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we bilermenleri, “Boeing”, “Airbus” ýaly meşhur awiagurluşyk kompaniýalarynyň top-menejerleri bar. 

Şanly waka mynasybetli bu ýerde ähli zat baýramçylyk lybasyna beslenip, ählumumy ruhubelentlik we joşgunlylyk ýagdaýy äşgär duýulýar, ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlanýar. Bu ýere awtoulagda gelen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desseleri gowşurylýar. Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri mähirli garşylaýarlar. 

Bu ýere ýygnananlaryň öňünde “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Laçyn” döredijilik topary aýdym-sazly, tansly çykyşy ýerine ýetirýär. Olara uçarmanlaryň lybasyna beslenen ýaş artistler goşulýar, olaryň yzysüre dünýäniň dürli halklarynyň egin-eşiklerindäki aýdymçylar çykyş edýär. Myhmansöýerligiň türkmen däpleri beýan edilip, şol däpler bu gün Garaşsyz, Bitarap döwletiň ýöredýän “açyk gapylar” syýasaty netijesinde täze ösüşe eýe bolýar, ýurdumyzyň esasy howa derwezesi olaryň ýene bir aýdyň nyşanydyr.  

Soňra milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň täze howa menziline alyp barýan ýoluň ugrunda bina edilen derwezäniň ýanyna barýar hem-de dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär. Misli ak kepderilere meňzeş howa şarlary asmana göterilýär. 

Hormatly Prezidentimiz esasy ýolagçylar terminalyna tarap ugraýar, ýol ugrunda abadanlaşdyrylan çäkleri synlaýar, şol wagt estrada aýdymçylary, döredijilik toparlary aýdymdyr sazlary we tanslary ýerine ýetirýärler. Deprekçiler joşgunly dep kakýar, milli owazlary skripkaçylar, dutarçylar, gopuzçylar alyp göterýärler. Halk tanslary, dürli öwüşginli çykyşlar baýramçylygyň umumy ýagdaýyna goşulyp gidýär. Myhmanlara  hödürlenýän  duz-tagamlar, pişmeler, miweler we beýleki naz-nygmatlar  türkmen toýunyň ruhuny belende göterýär. 

Süw çüwdürimli meýdançada hakyky köpçülikleýin şatlyk-şagalaň ýaýbaňlandyryldy, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, tansçylar joşgunly tanslary ýerine ýetirýärler. Milli Liderimiz bu ýerdäki münbere geçýär we dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenýär. 

Döwlet Baştutanymyz täze ulag toplumynyň  Aşgabat Halkara howa menziliniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlap, şu günki dabara gatnaşýan halkara awiasiýa guramalarynyň ýolbaşçylaryna, dünýäniň awiasiýa ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekillerine, hormatly myhmanlarymyza, belli syýasatçylara we jemgyýetçilik işgärlerine ýurdumyza «Hoş geldiňiz!» diýip ýüzlendi. 

Biz şu dabaramyza halkara guramalarynyň giň wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagyna berkarar Watanymyza goýulýan belent hormatyň nyşany hökmünde garaýarys. Türkmenistanyň sebit we kontinent derejesinde halkara ulag geçelgelerini döretmek barada Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren degişli başlangyçlaryna düşünýändikleriniň we olary goldaýandyklarynyň subutnamasy diýip hasap edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Türkmenistanyň Ýewraziýa kontinentiniň uly ýollarynyň çatrygynda örän amatly ýerleşmegi ählumumy ösüşi üpjün etmekde milli ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar.

Biziň alyp barýan döwlet syýasatymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmäge we dünýä bileleşiginiň bähbitlerine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmaga gönükdirilendir. Häzirki zaman köp ugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek bolsa, bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzyň logistika strategiýasy taryhy taýdan emele gelen ýörelgeden ugur alýar. Bir wagtlar kontinentimiziň halklaryny we ýurtlaryny birleşdiren esasy söwda ýollary Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir. Gürrüň medeni ösüşde, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly ähmiýeti bolan Beýik Ýüpek ýoly barada barýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geljekde biziň ýurdumyzy Ýewropa, AziýaÝuwaş Ummany we Günorta Aziýa ykdysady hyzmatdaşlygyny üpjün edýän transkontinental köprä öwürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulmak bilen, Türkmenistan GündogarGünbatar we Demirgazyk Günorta ugurlary boýunça ýollary hem-de çatryklary birleşdirýän milli üpjünçilik ulgamyny barha giňeldýär.

Şu maksat bilen, iri halkara taslamalary amala aşyrylýar. Milli Liderimiz Demirgazyk  Günorta ugry boýunça «GazagystanTürkmenistanEýran» demir ýolunyň gurlup, ulanmaga berilmegini muňa mysal hökmünde görkezdi.  «TürkmenistanOwganystanTäjigistan» demir ýolunyň gurluşygy bu ugurda ýene-de bir iri taslamadyr. Biz bu taslamanyň sebitdäki guryýer döwletleri dünýäniň iri bazarlaryna çykarmakda örän netijeli boljakdygyna ynanýarys. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň deňiz flotuny ösdürmegiň ähmiýeti örän uly bolar diýip, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygyny iri ulag taslamalarynyň biri hökmünde görkezdi. Hazaryň kenarynda gurulýan port häzirki zaman deňiz gatnawynyň möhüm bölegi bolar. Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky söwda ykdysady hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin örän amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berer.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde özboluşly inženerçilik desgalary  halkara ulag ulgamynyň «altyn halkasyna» öwrüljek demir ýol we awtomobil köprüleri hem giň gerim bilen gurlup, ulanmaga berilýär. Amyderýanyň üstünden geçýän häzirki köprülerden başga-da, täze awtomobildir demir ýol köprüleriniň we köp sanly beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. 

Tutuş ýurdumyzyň çäklerinden geçýän «AşgabatGaragumDaşoguz», «TürkmenbaşyAşgabatFarap» awtomobil ýollarynyň esasy aýratynlygy olaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýänliginden ybaratdyr. Bu ýollaryň ugrunda onlarça inženerçilik desgalary  häzirki zaman ulag çatryklary, köprüler we estakadalar gurulýar.

Biz raýat awiasiýasyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Sebäbi, ol döwletimiziň ulag-logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrýar we halkara giňişligine goşulmaga ýardam berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam edip, Türkmenbaşy şäherinde bina edilen, sagatda 800 ýolagça hyzmat edýän halkara howa menziliniň ähmiýeti uly bolar diýip belledi. 

Marynyň 550 ýolagça, Daşogzuň sagatda 500 ýolagça hyzmat edýän howa menzilleri hem bu ulgamyň düzümine girýär. Häzirki döwürde Türkmenabat şäherinde halkara howa menzili çalt depginler bilen gurulýar. Ol sagatda 500 ýolagça hyzmat eder. 

Gözel paýtagtymyz Aşgabatda şu gün açylyp, ulanmaga berilýän döwrebap halkara howa menzili bu ugurda alyp barýan uly işlerimiziň aýdyň mysalydyr. Bu desga ýurdumyzyň esasy «howa derwezesi», kontinent we kontinentara howa ýollarynyň üstaşyr geçýän iri menzili bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň öňýanynda ak mermere beslenen paýtagtymyzda ulanmaga berilýän täze howa menzili toplumy, nesip bolsa, sebitde häzirki zaman ulag-üstaşyr üpjünçilik ulgamyny döretmegiň örän möhüm bölegine öwrüler. Bu döwrebap toplum Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga şert döreder. Sebitara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin ösüşine uly itergi berer. Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmäge giň mümkinçilikleri açar.
 
Merkezi Aziýada örän iri we tehnologiýa taýdan üpjünçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan bu toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Şolaryň 48-si esasy desgalar bolup durýar. Bu desgalaryň hatarynda baş we ikinji ýolagçy terminalyny, ýük terminalyny, uçarlara tehniki hyzmat edýän angarlar toplumyny, okuw hem-de lukmançylyk merkezlerini we köp sanly beýleki desgalary görkezmek bolar.
Bäş gatly baş terminalyň tutýan meýdany 190 müň inedördül metrden hem geçýär. Ol bir ýylda 14 million ýolagça hyzmat eder. Üç milliondan gowrak ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen ikinji terminal bilen bilelikde, häzirki zaman howa menzili jemi 17 milliondan hem köp adama ýa-da sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Ýük terminaly bolsa, 200 müň tonna ýüki üstünden geçirer.

Täze howa menziliniň uzynlygy 3 müň 800 metre ýetýän, ähli üpjünçilik ulgamy bolan iki sany uçuş-gonuş zolagy bar. Howa hereketini dolandyryş gullugynda iň öňdebaryjy nawigasiýa enjamlary oturdyldy. Döwrebap howa menzili halkara derejesinde hyzmat edip, dürli görnüşli we agramly uçarlary kabul edip biler.

Halkara ölçegleriniň ýokary talaplary, ýurdumyzyň howa şertleri, howpsuzlyk kadalary göz öňünde tutulan howa menzili tutuş toplumyň ýokary netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli desgalar we enjamlar bilen üpjün edildi. 

Bu ýerde ýangyna garşy we awariýa-halas ediş, iýmit gulluklarynyň, awiasiýa-meteoroligiýa merkeziniň binalary, logistika toplumynyň ammarlary ýerleşýär. Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdep, ussahanalar, ýolagçylar we ekipaž agzalary üçin ähli amatlyklary bolan myhmanhana we köp sanly beýleki desgalar bar.

Şeýle hem täze toplumda milli howa gatnawlarynyň ekipaž agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin türgenleşik merkezi göz öňünde tutuldy. Onuň okuw otaglary «Boeing» howa gämileriniň uçarmanlary üçin işdäki ýaly şertleri döredýän we uçar dolandyrylanda zerur hereketleri ýerine ýetirmäge hem-de uçuş wagtynda bolup biljek ýagdaýlary göz öňüne getirmäge ýardam berýän döwrebap türgenleşik enjamlary bilen üpjün edildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda howa ýollarynyň syýahatçylyk etmek üçin hem örän amatly bolup durýandygyny belledi. Halkara howa ulaglarynyň ýolagçylarynyň köpüsi syýahatçylyk, işewürlik ýa-da medeni maksatlar bilen ýola çykýarlar. Şoňa görä-de, bu ugurda hem milli awiasiýa uly orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine netijeli täsirini ýetirýär.

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň howa gämileri häzir dünýä belli öndürijileriň iň täze uçarlarynyň we dikuçarlarynyň hasabyna doly täzelendi. Soňky ýyllarda howa gämileriniň sany ýokary hilli «Boeing» uçarlarynyň we beýleki kämil tehnikalaryň hasabyna barha artýar. 

Häzirki wagtda «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň howa gämileri içerki gatnawlardan başga-da, dünýä ýurtlarynyň onlarça şäherine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Uçuş ugurlarynyň sany yzygiderli artýar.

Şeýle hem milli Liderimiz ajaýyp paýtagtymyzyň täze howa menziliniň ulanmaga berilýän senesiniň özboluşly manysynyň bardygyny hem belledi. Şu günki waka Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyndan laýyk bir ýyl öň bolup geçýär. Nesip bolsa, şu Oýunlara gatnaşmak ýa-da tomaşa etmek üçin ýurdumyza gelýän köp sanly myhmanlary hut milli raýat awiasiýasy gulluklarynyň işgärleri ilkinjiler bolup garşy alarlar. 

Aşgabatda 2017-nji ýylda boljak Oýunlara taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler Aziadanyň geçiriljek döwründe awiaugurlary köpeltmäge, şol sanda Aziýa sebitiniň ýolagçylary üçin köpeltmäge hem degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýan Bitarap Türkmenistan hemişe anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Sebit we ählumumy derejede hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Şu meselede Türkmenistan diňe bir sebitiň döwletleriniň ykdysady bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen çäklenmeýär. Ilki bilen has giň  kontinentara ykdysady bähbitler üçin, ýokary depginde ösýän öz ulag-üstaşyr gatnatmalarynyň, şol sanda howa gatnatmalarynyň mümkinçiliginden ugur alýar. 

Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge, ýurtlaryň we halklaryň özara düşünişmegine hem-de ýakynlaşmagyna ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  70-nji  mejlisinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň baştutanlarynyň duşuşyklarynda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda we beýleki ýokary derejedäki maslahatlarda öňe sürlen başlangyçlar barada ýatlap geçdi. Hususan-da, gürrüň Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini öwrenmegi göz öňünde tutýan, Birleşen Milletler Guramasynyň ulaglary ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar.
Ulag we kommunikasiýalar ýaly geljegi uly bolan ugurlarda işjeň halkara hyzmatdaşlygy dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşýan häzirki şertlerinde goşulyşmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu gün ulanmaga berilýän häzirki zaman howa menzili hem munuň aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  sözüni jemledi hem-de bu ýere ýygnananlary şanly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olary Aşgabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra täze howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlara söz berilýär. 

Ginnesiň  rekordlar kitabynyň resmi wekili Jek Brokbenk bar. Jenap Brokbenk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmenistanlylaryň ählisini döwlet Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 25 ýyllygy bilen gutlap, Kitap üçin maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanýan “Guinness World Records”  kompaniýasynyň dünýäde rekordlary, täsin we geň-taň ýagdaýlary hem-de wakalary bellige almak ulgamynda jogapkärli we abraýly gurama bolup durýandygyny belledi. 

Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge “Iň uly göl” diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin teklip edildi. Bu teklip içgin öwrenildi hem-de zerur bolan maslahatlaşmalar geçirilenden soň, degişli çözgüt kabul edildi. Jenap Brokbenkiň aýtmagyna görä, munuň özi ýurdumyza gelmek üçin amatly ýagdaý boldy. Şeýle şatlykly wakanyň bolýan gününde  Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistana gelmek meniň üçin uly hormatdyr diýip, myhman aýtdy. 

Jek Brokbenk esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly haly gölüniň (705 inedördül metr) şekillendirilmegi netijesinde Aşgabadyň Halkara howa menziliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini aýdyp, myhman bu ýagdaýy tassyklaýan şahadatnamany türkmen tarapynyň wekiline gowşurdy. 

Şeýle hem dabarada “International Property Awardsyň” prezidenti hem-de “International Property & Traveli” esaslandyryjy Stýuart Şild çykyş etdi. Ol ýene-de bir hoş habar barada aýtdy. 

Jenap Şild türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça gurlan hem-de täsin binagärlik keşbine eýe bolan Aşgabadyň Halkara howa menziliniň bütin dünýäde meşhurlyga eýe boljakdygyna ynam bildirip, “International Property & Travel”  gozgalmaýan emläk hem-de syýahatlar hakyndaky halkara neşiriniň bu ajaýyp desgany “Construction Excellence Award”  sylagy bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi barada habar berdi. Ol bu iri we çylşyrymly desganyň ajaýyp binagärlik taglymatyny, taslamasyny hem-de gurluşygynyň hilini ykrar edýär. 

Binagärlik ulgamynda dünýäde iň abraýly baýraklaryň biriniň esaslandyryjysy Aşgabadyň täze howa menziliniň dünýädäki iň owadan howa menzilleriniň hataryna girjekdigini we ýolagçylara hyzmat etmegiň hem-de amatlylygyň derejesi boýunça mynasyp orun eýelejekdigini belledi. 

Jenap Şildiň belleýşi ýaly, ol eýýäm 26 ýyldan bäri dünýäniň iň gowy gurluşyk taslamalaryna baýraklary gowşurýar, ýöne Aşgabadyň täze howa menzili toplumy özüniň adaty bolmadyk, özboluşly çözgüdi bilen onda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 

“International Property & Travel” neşiriniň okyjylary örän köpdür, şeýle hem ol iri awiakompaniýalaryň 58-siniň biznes derejeli ýolagçylarynyň arasynda ýaýradylýar. Indi bolsa onuň okyjylaryna ajaýyp türkmen paýtagtyndaky täsin howa menzili hem-de siziň güneşli ülkäňiz bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi diýip, žurnaly esaslandyryjy aýtdy. 

“Business Initiative Directions” (BID) kompaniýasynyň baş dolandyryjy direktory, bütin dünýäde hiliň medeniýetini ilerletmek hem-de bu ulgamda hyzmatlary ykrar etmek bilen meşgullanýan halkara guramasyna wekilçilik edýän Frank Kalwino çykyşyny türkmen Liderini özygtyýarly Türkmenistanyň uly üstünlikleri bilen gutlamakdan başlady. Şol üstünlikler bolsa Türkmenistanyň halkyny, tutuş ýurdy, onuň ajaýyp paýtagtyny şöhratlandyrýar. 

Adamzat ösüşiniň taryhynyň şaýatlyk edişi ýaly, hili we kämilligi gazanmak üçin, ilkinji nobatda, tutanýerlilik, berk güýç-kuwwat zerur bolup durýar diýip, myhman belledi. Kämillige ýetmek yhlasa baglydyr: onda-da, ösüşe tarap alyp barýan ýoldan her gün dyngysyz ýöremäge bolan yhlasa, erkiň güýjüni jemläp we geljegi pähim-paýhas edip taplamak ugrunda öňe gitmäge bolan yhlasa baglydyr. Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň Prezidentiniň paýhasly ýolbaşçylygynyň netijesinde gazanylan ajaýyp üstünlikdir diýip, jenap Kalwino aýtdy. 

Parasatly Liderler has ýokary derejelere ýetmek ugrundaky tagallalary ebedileşdirmek üçin üýtgeşik gözellige eýe bolan taslamalary döretmegiň we ýadygärlikleri gurmagyň örän wajypdygyny gowy bilýärler. Ýetilen üstünlikleri alamatlandyrýan hem-de halky galkyndyrýan desgalar hemmäni ruhlandyrýar we kämillige has ýakynlaşdyrýar. Bu babatda Aşgabat Halkara howa menzili kuwwatly taslamanyň aýdyň mysalydyr we özüniň simwoliki häsiýeti, iň häzirki zaman tehnologiýalary hem-de özboluşly gözelligi üçin “Business Initiative Directions” guramasy tarapyndan “International Star Award for Quality” sylagyna mynasyp görüldi. 

BID-iň wekili howa menziliniň hil babatda halkara baýragyna mynasyp bolmagynyň esasy aýratynlyklaryny häsiýetlendirdi. Olar üýtgeşik nyşan: gazanylan üstünlikleriň, hiliň we rowaçlygyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi hökmünde, al-asmana göterilmek üçin ganat ýaýan guşuň keşbine eýe bolan howa menzili binasy; öňdebaryjy tehnologiýalar: toplumyň Airbus A3 80 we Boeing 747-8 ýaly uly gabaraly,   iki  gatly  ýolagçy  howa  gämilerini   kabul  edip  bilýän,   350 müň inedördül metrlik ýapyk meýdanda, sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmek ukyby bilen baglanyşyklydyr. Galyberse-de, haýran galdyryjy we ruhlandyryjy gözellik barada aýtmak bolar. Jenap Kalwinonyň bellemegine görä, Aşgabadyň Halkara howa menzili hakyky hazynadyr, ol häzire çenli döredilen ähli howa menzilleriniň arasynda şekiliň we bezegiň iň owadan sazlaşyklarynyň birine eýedir. 

Frank Kalwino “Business Initiative Directions” guramasynyň hem-de onuň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Hose E.Prietonyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “açyk gapylar” syýasatyna hem-de halkara gatnaşyklara wajyp goşant goşjak Aşgabadyň Halkara howa menziline “International Star Award for Quality” atly baýragyň berilýändigini yglan edip, altyn ýyldyz görnüşindäki hormatly sylagy türkmen tarapynyň wekiline gowşurdy. 

Mýunhen şäheriniň Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktory doktor Ralf Gaffal Türkmenistanyň Baştutany, bu ýere ýygnananlar  bilen türkmençe “Salawmaleýkim” diýip görüşdi. 

Myhman şu gün bu ýerde çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny we buýsançdygyny aýdyp, şanly dabara gatnaşmaga çagyrylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Ýewropada iň gowy howa menziliniň wekili hökmünde doktor Gaffal milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen kärdeşlerini dünýäde iň täsin desgalaryň biri bolan Aşgabadyň täze howa menziliniň açylmagy bilen gutlady. Her ýyl “World Airport Awards” baýragyny gowşurýan, awiasiýa ulgamynda esasy bilermenleriň biri bolan “Skytrax” 2015-nji ýylda Mýunheniň howa menzilini ýene-de iň gowy howa menzili diýip ykrar etdi. 

Men hut Mýunheniň howa menziliniň Aşgabadyň howa menziliniň açylyşyna taýýarlyk görmegiň, ýolagçylara we ýüklere hyzmat etmek ulgamynyň guralyşynyň barşynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň hem-de taslamanyň baş potratçysy “Polimeks” kompaniýasynyň geňeşçisi hökmünde seçilip alynmagyna buýsanýaryn diýip, Ralf Gaffal aýtdy we bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşan hünärmenleriň ählisi tutanýerlilik we ýokary işjeňlik bilen zähmet çekdiler. Bu ägirt uly düzümleýin desga Aşgabady dünýäniň ähli künjekleri bilen täze hil derejesinde baglanyşdyrýar. Munuň özi ony sebitde iň gowy howa menzili diýip hasaplamga mümkinçilik berýär. 

Ol mýunhenli kärdeşleriniň adyndan Aşgabadyň howa menziliniň işgärlerine üstünlikli işlemegi arzuw edip, hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, has ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny aýtdy hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýolbaşçylaryna Aşgabadyň Halkara howa menzilini ulanmaga bermäge taýýarlamak boýunça ähli işleriň ýerine ýetirilendigini tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy. Doktor Gaffal howa menziliniň dolandyryş ulgamynyň dünýä derejesine laýyk gelýändigi hakyndaky bu resminamanyň täze toplumyň işiniň özboluşly başlangyç nokady bolup biljekdigini belläp, çykyşyny türkmen dilinde hoşallyk sözleri bilen tamamlady. 

Çykyşlar tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti wekiliýetler bilen bilelikde esasy ýolagçy terminalynyň binasyna girýär we onuň gurluşy, enjamlaşdyrylyşy hem-de ýolagçylar we işgärler üçin döredilen şertler bilen tanyşmaga başlaýar. 

Hakykatdan-da, Aşgabadyň Halkara howa menzili diňe gerimi we owadanlygy bilen çäklenmeýär. Howa menziliniň ýerleşen böleginiň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabar bolup, ol desgalaryň 190-syny birleşdirýär. Ýolagçylar terminalynyň 5 gatly binasynyň adaty bolmadyk gurluşy hem diýseň haýran galdyrýar. Onuň meýdany 192 müň inedördül metre deň bolup, bu ýerdäki tolkun görnüşli beýik sütünler, palmalar, güller, owadan panno we beýlekiler aýratyn täsir galdyrýar. 

Ýolagçylaryň amatlylygyna, olaryň wagtyny ýakymly geçirmegine aýratyn üns berlipdir. Şunda olary gurşap alýan giňişlik adaty, aýdyň bolup, maglumat beriji serişdeler bilen üpjün edildi. Bu ýere gelýän ýolagçylaryň her biri olaryň sany bolsa bir ýylda 14 million adama çenli bolup, işgärleriň ünsüni we hoşgylawlylygyny duýmaga mümkinçilik alar. Düşnükli interfeýs elektron tablolaryň, yşyklandyryjy we beýleki görkezijileriň, mahabat-maglumat gerňewleriniň we sütünleriniň kömegi bilen gazanylýar. Olaryň üsti bilen zerur bolan ähli maglumatlary almak bolýar.

Döwlet Baştutanymyz terminalyň ikinji gatyna çykýar, bu ýerde milli Liderimize ilkinji ýolagçynyň petegi gowşurylýar. 

Uçuş eýwanynda şar görnüşli uly displeý ünsüňi özüne çekýär. Onda başlanmagyna dogry bir ýyl galan Aziada-2017-ä bagyşlanan mahabat roligi görkezilýär. Şaryň ýüzündäki şekil onuň içinde ýerleşen proýektr hem-de ýörite kompýuter ulgamy arkaly döredilýär. Bu enjam Türkmenistanyň häzirki wagtda ulanýan öňdebaryjy tehnologiýalarynyň uly mümkinçilikleri açýandygyny görkezýär. Şol tehnologiýalar bolsa esasy howa menzilinde hem ulanylýar. 

Hasaba alyş we uçuş tapgyrynda Aşgabadyň howa menzilinde täze ulgamlar we enjamlar ornaşdyryldy. Ýolagça hasaba alyş düzgünini ýa-da zerur bolan kadalaryň bir bölegini özbaşdak geçmegine mümkinçilik döredildi. Ol “elektron howa menzili” diýlip atlandyrylyp, özbaşdak hasaba durmak-self check-in onuň esasyny düzýär, ol adaty hasaba alyş bölümlerine nobaty kemeltmäge mümkinçilik berýär. 

Ýolagçylaryň amatlylygy üçin howa gatnawyna özbaşdak hasaba alýan bölümleriň 11-si döredildi. Olar hasaba alyş zolagynyň öňünde,  gümrük gözegçiligine çenli aralykda ýerleşdirildi, olardan ýüksiz ýolagçylar peýdalanyp bilýär. Gerek bolan halatynda bölümleriň ýanyndaky nobatçy işgär kömek edip biler.

Soňra ýolagçy skaner-rentgenskopiki enjamdan barlagdan geçýär. Howa menziliniň we tutuş raýat awiasiýasynyň işgärleriniň esasy wezipesi ýolagçylaryň howpsuzlygy bolup durýar.  Islendik howa menzili adamlaryň ägirt uly akymynyň jemlenýän ýeri bolup, bu ýerde ýolagçylary, ýükleri, islendik el goşuny, resminamalary ykjam gözden geçirmek zerur bolup durýar.

Indiki jogapkärli tapgyryň biri pasport gözegçiligidir.  Bu ýerde hem çemeleşmeleriň ikisi adamlaryň gatnaşmagynda we awtomatlaşdyrylan usul ulanylýar. Bu işler gözegçiligiň geçilýän wagtyny kemeltmek hem-de işiň bir bölegini maglumat beriji tehnologiýalaryň üstüne ýüklemek üçin amala aşyrylýar. 

Pasport gözegçiliginiň adaty bölümleriniň sanyny täze E-geýtler azaldýar. Awtomatlaşdyrylan bölümler hasaplaýjy gurluşlaryň kömegi bilen  pasportuň, wizanyň hakykylygyny barlaýar.  Maglumatlar kompýutere salynýar, siziň Türkmenistanyň çäginden çykandygyňyzy tassyklaýan möhür basylýar. Elektron derwezeleri ulgamy ulanylanda her bir raýata ortaça 10-15 sekunt sarp edilýär. 

Soňra ýolagçy howa menziliniň uçuş meýdany görünýän uçuşyň garaşylýan giň zallaryna aralaşýar, bu ýerden uçarlaryň uçuşyny we gonuşyny synlamak bolýar. 

Bu ýerde, halkara gatnawlar bölüminde ugraýan ýolagçylar üçin niýetlenen  salgytsyz söwda dükanlary (duti free) ýerleşdirildi. Olarda dünýäniň meşhur parfýumeriýa we kosmetika önümleri, milli äheňde döredilen şaý-sepler, şeýle hem haly önümleri, sowgatlyklar, şol sanda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen sowgatlyk önümleri, ýurdumyzda öndürilen beýleki dürli önümler goýlupdyr.

Bu bölümde ýolagçylar üçin iýmitleniş nokatlarynyň 27-si işleýär olaryň üçüsi “biznes-lanç” görnüşindedir. Şeýle hem bu ýerde 120 orunlyk naharhana bar. Mundan başga-da, körpeler üçin dürli oýnawaçly çagalar meýdançalary enjamlaşdyryldy. Onuň golaýynda garbanyşhana ýerleşýär. Bu ýerde çagalar üçin tagamlar hödürlenilýär. Şeýle hem howa menzilinde mümkinçiligi çäkli adamlar üçin şertler göz öňünde tutuldy.    

Uçuşlar bölümi ýolagçynyň özüni oňaýly duýmagy üçin ähli şertleri, şol sanda bölek söwda zolaklaryny göz öňünde tutýar, bu ýerde iýmit, içgileri we beýlekileri satyn almak bolýar. Çäkleriň oýlanyşykly belgilenmegi gerek bolan ugurda liftlerden (terminalda olaryň 53-si bar), eskalatorlardan (umumy sany 41) ýada hereket edýän ýanýodalardan trawalatordan (umumy uzynlygy 400 metre deň bolan bölümleriň 18-si bar) peýdalanyp, örän aňsat we tiz tapmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle transporterlerde hereket etmegiň amatlylygyna milli Liderimiz hem  baha berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň dördünji gatyna çykdy, bu ýerden uçuş meýdanynyň giň görnüşi açylýar. Şol wagt bu ýere täze satyn alynan “Boeing 737-800” uçary gelip gondy. Duralga barýan pursatynda uçarmanlaryň penjiresinden ýurdumyzyň ýaşyl tugy göründi.

Soňra paýtagtymyzyň howa menziline daşary ýurt awia kompaniýalarynyň uçarlary yzly-yzyna gonup başladylar…

Aşgabadyň Halkara howa menzili islendik görnüşdäki we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip, şunda olara halkara standartlarynyň derejesinde hyzmat etmäge ukyplydyr. Onuň gurluşygynyň taslamasy terminallaryň üçüsinden, ýolagçy we ýük terminallaryndan başga-da,  howa gämileri üçin uzynlygy 3800 metre deň boşan uçuş-gonuş zolagyny, aýlaw ýollaryny, duralga ýerlerini, howa hereketini dolandyryş gullugynyň minarasyny, beýleki degişli desgalaryň birnäçesini öz içine aldy. Mundan başga-da, uzynlygy 3800 metre barabar bolan, hereket edýän uçuş-gonuş zolagynyň durky täzelenildi. 

Şeýle hem terminalyň dördünji gatynda myhmanhana ýerleşýär. Amatly otaglar üstaşyr geçýän ýolagçylara niýetlenip, bu ýerde hyzmatyň ýokary hili hödürlener. Döwlet Baştutanymyz otaglaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden toplumyň ikinji gatyna düşdi. 

Milli Liderimiz bu ýerde ak gyňaçly eneleriň täze satyn alnan uçary milli dessurlar esasynda garşylaýyş çärelerini synlady. Olar täze uçara ýagşy işleriň nyşany hökmünde ak un sepip, asylly ýörelgä laýyklykda uçaryň ýörite enjamyna alaja daňdylar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 

Paýtagtymyzyň täze halkara howa menziliniň enjamlaşdyrylyşy gelip düşýän ýolagçylaryň uçardan göni binanyň içine girmek mümkinçiligi üpjün edilýär. Munuň özi ýokary halkara derejelerine doly laýyk gelýän döwrebap hyzmatlaryň ýola goýulýandygyny alamatlandyrýar. Bu ýerde ýolagçylar ýörite münüş köprüleri arkaly uçara geçip bilýärler.

Şeýle münüş köprüleri ýolagçylar üçin howanyň islendik pursatynda zerur amatlygy üpjün edýär. Şeýle hem bu usul ýolagçylary gatnatmak üçin tehnika ulanmak zerurlygyny aradan aýyrýar. Bu bolsa wagtyň tygşytlanmagynda möhüm şert bolup durýar. Münüş köprüsi uzynlygyna açylyp, uçaryň gapysyna laýyk barýar we ol toplumyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Milli Liderimiz münüş köprüsi bilen “Boing-737-800” uçaryň içine girýär. Bu ýerde uçarmanlaryň serkerdesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berýär. Döwlet Baştutanymyz uçaryň dolandyryş bölümi, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşýar.

Uçaryň içinde kümüş saçly enelerimiz däbe görä uçaryň  dolandyryş enjamyna alaja daňdylar.  

Şoňra döwlet Baştutanymyz terminalyň üçünji gatyna  ýolagçylaryň gelýän zolagyna bardy. Bu ýerde eýýäm dürli ýurtlardan ilkinji halkara gatnawlary bilen gelen ýolagçylar durdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýolagçylar hem-de daşary ýurt howa ýollarynyň Eýranyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Katar döwletiniň we Russiýanyň howa ýollarynyň uçarlarynyň agzalary bilen salamlaşdy. Myhmanlar öz gezeginde paýtagtymyzyň howa menziline özboluşly gözellik çaýýan ägirt uly laçynyň keşbine haýran galandyklaryny aýtdylar. 

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Özbegistandan dabara gatnaşýan wekiliýetiň agzalary bilen hem söhbetdeş boldy. 

Milli Liderimiz esasy ýolagçy terminal bilen tanyşlygyň barşynda birinji gatda ýerleşen ýük alynýan   bölüme hem baryp gördi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz ýene-de uçuş zolagyna, ikinji gata galýar, onuň  eýwanyna Aşgabat-Pekin ugry boýunça HHR-iň   ýokary okuw mekdeplerine okamaga barýan talyplar hem-de olaryň ene-atalary ýygnandylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýigitlerden we gyzlardan seçip alan hünärleri bilen gyzyklanyp, ata mähri bilen olara iň döwrebap bilimleri ele almagy, eziz Watanymyza ýokary hünärli hünärmenler bolup gaýdyp gelmegini hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşmagyny sargyt etdi. Milli Liderimiz  okuwda hem-de durmuşda maksada okgunly bolmagyny tabşyryp, talyplara ak ýol arzuw etdi.  

Talyplar hormatly Prezidentimize okuwçy ýaşlar barada ýakyndan alada edýändigi, ukyplarynyň hem-de zehinleriniň açylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi, kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleriň üpjün edilýändigi, iş ýüzünde öňdebaryjy ylmy-tehniki  gazananlary ulanyp, hünär babatda tejribe toplamaga  şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden  hoşallyk bildirdiler. Ene-atalaryň biri hem döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdy. 

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menziliniň hormaty myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de onuň işgärlerine üstünlik, abadançylyk we berk jan saglyk arzuw etdi. 

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň işgärleriniň adyndan şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyza ajaýyp elde dokalan haly sowgat berildi. 

Döwlet Baştutanymyz esasy ýolagçy terminalynyň binasyndan ugramazdan öň, onuň CIP we VIP  zolaklarynda döredilen şertler bilen tanyşdy hem-de howa menziliniň hünär-innowasion ulgamyna üns berdi. 

Hyzmat etmek babatda Aşgabadyň howa menzili aeronawigasiýa düzüminiň ösdürilmegine we ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmaga täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde dünýäde ykrar edilen öňdebaryjy howa menzilleri bilen mynasyp bäsleşmegi göz öňünde tutýar. 

Bu ýerde serhet, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işi döwrebap derejede ýola goýuldy. Ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda howa gämileriniň ýerüsti hereketini guramak we dolandyrmak, el goşlaryny hem-de ýükleri işläp geçmek ulgamynda howpsuzlygyň we kadalaşdyrmagyň ähli talaplaryny üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşme amala aşyryldy. 

Howa menziliniň çäginde ýangyna garşy göreş hem-de halas ediş gulluklarynyň postlary hereket edýärler. Bu gulluklaryň syn ediş-gözegçilik diňleri, ýangyna garşy göreş ulaglar üçin garažlary bar. Şeýle hem bu ýerde ýerüsti hyzmat ediş serişdeler üçin ýörite sehli ussahanalar, ýangyç guýujy beketler hereket edýär. 

Umuman, ýokary tehnologiýaly we ylym bilen baglanyşykly pudak hökmünde raýat awiasiýasy, bir tarapdan, jemgyýetiň hem-de ykdysadyýetiň innowasion ösüşiniň, beýleki bir tarapdan  bolsa oňa itergi beriji güýç bolup durýar. Ýurduň ykdysady ösüşiniň her bir görkezijisi gatnawlaryň ösüşinde öz beýanyny tapýar. Netije ýyllyk däl-de, aýlyk maglumatlarda has aýdyň görünýär, çünki halkara iş saparlary ýygjamlaşýar, ýük dolanyşygy artýar, Türkmenistanyň ilatynyň awiahyzmatlara bolan islegleri işjeňleşýär. 

Howa ýollary arkaly ýük daşamak “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň işiniň esasy görnüşleriniň biridir. Türkmen paýtagtynyň täze howa menzilinde ýylda 200 müň tonna ýüki işläp geçmäge ukyply ýük terminaly guruldy. Onuň çäginde howa gämileri üçin bäş duralgaly ýük perrony, eksport hem-de import zolaklary, sowadyjy jaýlar, dürli görnüşli ýükleri saklamak üçin niýetlenen ammarlar ýerleşýär. Bu ýerde şeýle hem “Türkmenpoçta” döwlet kompaniýasynyň poçta paýlaýjy merkezi göz öňünde tutuldy. Poçta merkezi, Döwlet gümrük gullugynyň gümrük nokady hem-de Weterinariýa gullugy üçin otaglar göz öňünde tutuldy. 

Ýük awiagatnawlarynyň ýerüsti hyzmatyny döwrebaplaşdyrmak milli raýat awiasiýasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu wezipäni çözmegiň çäklerinde Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ýük terminalynda işewürligi kämilleşdirmäge gönükdirilen döwrebap tehnologiýalaryň birnäçesi ornaşdyryldy. Mysal üçin, türkmen paýtagtynyň täze howa menziliniň Kargo terminaly diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň iri hem-de ýokary tehnologiýaly howa ýük merkezidir. 

Uçarlara hyzmat etmegiň С-сheсk angar toplumy üns berilmäge mynasypdyr. Ol ýöriteleşdirilen tehnikalaryň uly möçberiniň bolmagyny talap edýän, hyzmat etmegiň has çylşyrymly usullarynyň biridir. 
Iň täze programma üpjünçiligi howa gämileriniň ähli zerur bolan tehniki maglumatlaryny we statuslaryny, olaryň enjamlarynyň we abzallarynyň, uçarlaryň her biriniň ulanylyşynyň hem-de hyzmat edilişiniň maglumatlaryny saklamak üçin gerek bolan maglumat binýadyny birleşdirýär.

Toplumyň önümçilik binýadynyň bolmagy türkmen howa ýollarynyň inženerçilik gullugyna ýolagçy “Boeing” uçarlarynyň çylşyrymly tehniki hyzmatlaryny, gündelik we düýpli abatlamak işlerini özbaşdak amala aşyrmaga, şeýle hem beýleki awiakompaniýalaryň howa gämileri üçin hyzmatlary etmäge  mümkinçilik berýär. 

Howa hereketini dolandyrmak (HHD) howpsuz syýahatlaryň möhüm bölegidir. Ýolagçylar howa menzilinden ugranlarynda ýa-da bu ýere gelenlerinde, dispetçerçilik diňine gözi düşüp, öz ýanlaryndan uçuşlary dolandyrýan adamlara hoşallyk bildirýärler. 

Täze aerowokzal toplumynyň dispetçerçilik diňiniň syn ediş beýikligi 50,57 metre, onuň umumy beýikligi bolsa 65 metre barabardyr. Onuň çylşyrymly elektron-tehniki binýady döwrebap aeronawigasion enjamlary birleşdirýär. Meteorologiýa şertlerine gözegçilik etmegiň kuwwatly awtomatlaşdyrylan ulgamy howa menziliniň jogapkärçilik zolagynda howa hereketine doly gözegçilik edilmegini üpjün eder. 

Uçarmanlar düzüminiň saglygy hem-de beden taýdan taýýarlygy howa gämisiniň ekipažynyň ygtybarlylygyny kesgitleýän möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Aşgabadyň   howa menzilindäki “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Lukmançylyk merkezi döwrebap enjamlar, şol sanda täsin, anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen üpjün edildi. Merkeziň binýadynda Lukmançylyk  uçuş bilermenler topary işleýär. Onuň berýän netijenamalary halkara standartlaryna laýyk gelýär. Munuň özi uçarmanlar düzümine dünýäniň islendik nokadynda uçuşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. 

Halkara howa menziliniň desgalarynyň düzümine raýat awiasiýasynyň okuw merkezi  hem girýär. Ol özüne awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdebi we trenažýorlar üçin binany birleşdirýär. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň trenažýor tälim toplumy  bu uçarmanlaryň her birini çözgütleri çalt we ýokary hilli kabul etmäge taýýarlamak üçin ýagdaýlary modelirlemegiň ýokary tehnologiýaly ulgamydyr. Simulýatorlar diňe bir uçarlaryň kabinasyny emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş daşky gurşawdaky ýagdaýyň anyk kompýuter şekilini döredýär. Enjamlaryň ählisi awiasiýa trenažýor gurluşyk ulgamynda dünýäniň öňdebaryjylaryndan getirildi. Şeýle ulgamlaryň köpüsi sebitde ilkinji bolup, hut Aşgabadyň howa menzilinde ornaşdyryldy. 

Howa menziliniň çägindäki desgalar barada gürrüň edip, ýene-de bir gullugyň uçar iýmitiniň sehi barada durup geçmän bolmaz. Şol ýerden ýolagçylar üçin iýmit uçara getirilýär. Bu seh halkara kadalaryna hem-de uçarlara ugradylýan azyk önümleriniň howpsuzlygyna bildirilýän berk talaplara laýyklykda enjamlaşdyryldy. 

Ýurdumyzyň esasy howa derwezesi Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda göreldeli toplumdyr. Onuň ýükleriň daşalmagynyň hem-de ýolagçylaryň gatnadylmagynyň  möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän önümçilik kuwwatlyklary örän uludyr. 

Munuň üçin ýurdumyzda ulag gatnawlarynyň utgaşdyrylan ulgamy döredilýär. Bu ulgam olaryň her biriniň artykmaçlyklaryny baglaşdyrmagyň we netijeli peýdalanmagyň esasynda howa we ýerüsti ýollary birleşdirýär. Şunda iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ýollaryna çykmak üçin uly mümkinçilikler açylýar.  Raýat awiasiýasy şu multimodal ulgamyň möhüm bölegi bolup durýar. Onuň ösüş derejesi ýurdumyzyň milli ulag-logistika ulgamlarynyň ählumumy düzümine goşulyşmagynyň depginini kesgitleýär. Bu babatda Aşgabadyň täze Halkara howa menziline möhüm ähmiýet berilýär.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmen Akyldar Şahyry Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Güni

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmen Akyldar Şahyry Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Güni

2017-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmen akyldar şahyry Magtymguly …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir