Baş Sahypa / GÜNÜŇ WAKALARY / Prezidentimiziň Lebap Welaýatyna Iş Sapary
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary

Prezidentimiziň Lebap Welaýatyna Iş Sapary

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ýerlerde sebiti durmuş we senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, birnäçe iri desgalarda, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek türkmen Lideriniň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Oba ýerlerini özgertmek baradaky milli maksatnamany durmuşa geçirmek meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, kiçi telekeçiligiň, oba hojalygynyň ösdürilmegi şu maksatnamanyň esasy ugurlary bolup durýar. Sebitleri senagat taýdan ösdürmegiň, olaryň innowasion kuwwatyny ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde senagat kärhanalaryny döretmäge hem-de döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmäge ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletli strategiýasyny durmuşa geçirmekde Lebap welaýatyna möhüm orun degişlidir. Dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika  toplumynda, energetikada, demir ýol we awtoulag pudaklarynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gurluşyk senagatynda üstünlikli amala aşyrylýan milli we halkara möçberdäki iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Soňky ýyllarda bu sebitiň çäklerinde uglewodorod serişdelerine baý bolan gorlaryň üsti açyldy. Türkmenistan  Hytaý transmilli gaz geçirijisi hut şu ýerden gözbaş alýar. Indi birnäçe ýyllaryň dowamynda şol turbageçiriji arkaly “mawy ýangyç” dostlukly ýurda akdyrylýar. Garlykdaky duz käninde kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylary tarp ýerleri özleşdirýärler. Täze Döwletli  etraby munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerde senagat we durmuş-medeni maksatly döwrebap desgalar gurulýar. 

…Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenabadyň howa menziline geldi, şol ýerden dikuçarda Ymamnazara ugrady. Şol ýerde Atamyrat-Ymamnazar-Akina- Andhoý demir ýolunyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar.  

Uçuş mahalynda milli Liderimiz bu sebitde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň gerimine hem-de welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerine baha berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz dikuçardan Serdarabat, Sakar, Saýat, Garabekewül, Halaç we Atamyrat etraplaryndaky meýdanlary synlady.  

Oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Pudagyň düýpli özgerdilmegi, obada täze ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi, hojalygy ýöretmegiň we önümçiligi dolandyrmagyň maliýe-ykdysady gurallarynyň döwrebap usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde soňky ýyllarda bu ulgamda uly üstünlikler gazanyldy. 

Häzirki wagtda daýhan birleşikleri we kärendeçiler zerur bolan serişdeler, şol sanda döwrebap kuwwatly tehnikalar hem-de  enjamlar, dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen doly üpjün edilýär. Ýurdumyzda döwrebap önümçilik desgalary işleýär. Olar däneçilik hem-de pagtaçylyk pudaklarynyň netijeli ösmegini üpjün edýär. Welaýatlarda döwrebap enjamlar hem-de awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen elewatorlar, un üweýän toplumlar we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar hereket edýär. 

Ýurdumyz boýunça amala aşyrýan iş saparlarynyň barşynda hem-de Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde we iş maslahatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň ünsüni daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen hasyly aýawly saklamak meselelerine çekýär. Döwlet Baştutanymyz işleriň guralmagyna hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we rejeli, ylmy talaplara hem-de maslahatlara laýyklykda çemeleşmegiň wajypdygyny belleýär. 

Milli Liderimiz dikuçardan pagta ýygymynyň barşy bilen tanyşdy. Şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda pagta ýygymy güýçli depginde alnyp barylýar hem-de güýzki bugdaýyň ekişi tamamlanyp barýar. 

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň  esasy pudaklarynyň biriniň  pagtaçylygyň ösdürilmegi, kärendeçi pagtaçylar üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýygnalan hasyl üçin özara hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi pagtanyň öndürilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyny hem-de “ak altyn” ussatlarynyň zähmete gyzyklanmasynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirdi. 

Döwlet Baştutanymyz dikuçardan Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalaryň birnäçesinde gurluşyk işleriniň barşy bilen hem tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, şu maksatnamanyň çäklerinde soňky ýyllarda welaýatda durmuş medeni maksatly desgalaryň, şol sanda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we sagaldyş merkezleriniň, orta mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň 200-den gowragy guruldy we ulanmaga berildi. 

Mundan başga-da, welaýatda täze medeniýet öýleri, sport mekdepleri, umumy meýdany 1 million 200 müň inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy. Suw geçiriji ulgamlar, awtoulag ýollarynyň ýüzlerçe kilometri, elektrik geçiriji we gaz geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometri işe girizildi. Häzirki wagtda sebitde durmuş-medeni maksatly hem-de önümçilik desgalarynyň gurluşygy dowam edýär.  

Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Lebap welaýatynyň Ymamnazar gümrük nokadyna tarap ugur aldy. 

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew hasabat berdi.   

Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bu düzümleriň işi hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlaryny diňledi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýermek bilen, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirýändigini, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn pugtalandyrmak barada yzygiderli alada edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimiz üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň, olaryň üstünlikli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli şertleri üpjün etmegiň amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 
Ymamnazar gümrük nokadynyň işi hem-de tehniki üpjünçiligi, geçirilýän ýüklere gözegçilik etmek boýunça bu ýerde ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar bilen tanyşdy. 

Lebap welaýatynyň  Atamyrat etrabynyň çäginde, türkmen-owgan serhediniň golaýynda ýerleşen bu gümrük nokady 2008-nji ýylda ulanmaga berildi. Onuň umumy meýdany 4 gektara barabardyr. Häzirki wagtda bu ýerde gözegçilik geçiriş amallaryny ýerine ýetirmek, el goşlaryny içgin barlamak, ulag serişdelerini gözden geçirmek üçin ähli şertler bar. Terminal dünýäniň esasy tehniki serişdelerini öndürijileriň döwrebap rentgen enjamlary, kompýuter ulgamy, radiasion gözegçilik enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we beýleki enjamlar bilen üpjün edildi.   

Bu döwrebap gözegçilik-geçiriş nokady ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, döwletimiziň dostlukly owgan halkyna kömek bermäge çalyşmagynyň hem-de onuň ykdysadyýetini pugtalandyrmak babatda goldaw bermeginiň aýdyň netijesidir. Ymamnazar gümrük nokady arkaly Türkmenistandan Owganystana nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, beýleki ýükler hem-de beýleki ýurtlardan gelýän üstaşyr ynsanperwer ýükler we beýlekiler geçirilýär. Halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän bu desganyň işläp başlamagy bilen soňky ýyllarda daşalýan ýükleriň möçberi ep-esli artdy. 

Ymamnazar gümrük geçelgesiniň üsti bilen bir günüň dowamynda ortaça 250-300 ýük awtoulaglarynyň gümrük barlagyndan geçirilip resmileşdirilýändigi, ýylyň dowamynda bolsa 70 – 80 müňe çenli ýük awtoulaglarynyň hereketiniň bolýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, ýylyň dowamynda ortaça 600 müň tonna çenli harytlar geçirilýär. Olaryň 545 müň tonnasy eksport, 50 müň tonnasy üstaşyr, 5 müň tonnasy bolsa import gümrük düzgüninde resmileşdirilýän harytlardyr.  

Biziň ýurdumyzdan eksport edilýän harytlaryň hatarynda nebit önümleri (dizel ýangyjy, benzin, kerosin), karbamid, sement, bugdaý, suwuklandyrylan gaz, süýji-köke önümleri, buýan köki, dowarlaryň derileri, tehniki uglerod, pagta ýagy, saryja goýnunyň ýüňi we beýlekiler bar. Önümleriň birnäçe görnüşleri ýurdumyzyň üsti bilen Owganystandan Eýran, Türkiýe we Ýewropa döwletlerine üstaşyr geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ykdysady özgertmelere laýyklykda gümrük gullugynyň işi uly ähmiýete eýe bolýar hem-de döwlet dolandyryş ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Häzirki wagtda bu gullugyň işgärleri daşary ykdysady gatnaşyklary we milli ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermekde, Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekde, gümrük ulgamynda kanunçylygyň berk berjaý edilmeginde möhüm wezipeleri çözýär. 

Dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostluk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, ýurdumyzyň üstünden täze halkara söwda ugurlarynyň geçmegi, ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän syýasy, ykdysady, medeni çäreleriň sanynyň yzygiderli artmagy, syýahatçylyk pudagyny dünýä derejesine çykarmak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylmagy, maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi  bularyň ählisi daşary ykdysady işjeňligiň ýokarlanmagyna, gümrük serhedinden geçýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň möçberleriniň artmagyna ýardam edýär. Galyberse-de, munuň özi talaba laýyk gözegçiligi amala aşyrmagy, döwrebap tehniki serişdeleriň netijeli ulanylmagyny talap edýär. 

Gümrük nokadynyň çäginde “Smith Detection” german  kompaniýasynyň “Gantry HCVG 6035 ViZion” diýen döwrebap enjamy ornaşdyryldy. Ol rentgen-telewizion enjamy bolmak bilen ýük awtoulaglarynyň gümrük barlagyny geçirmek üçin niýetlenendir. Ornaşdyrylan täze tehniki serişdeler uly ýükli awtoulaglary  içgin gözden geçirmäge mümkinçilik berýär. Işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy, şeýle hem olar üçin oňaýly durmuş şertleri döredildi. 

Milli Liderimiz döwletimiziň çägine adamlaryň saglygyna, jemgyýetiň howpsuzlygyna howp salýan harby harytlaryň bikanun getirilmeginiň öňüni almagyň hem-de şeýle ýükleriň biziň ýurdumyzyň çäginden bikanun üstaşyr geçirilmegine ýol bermezligiň wajypdygyny nygtady. Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ýollary hemişe dostluk, doganlyk we hoşniýetlilik ýollary bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen birlikde, gümrük gullugynyň işi hem-de bu ulgamda edilýän hyzmatlar dünýä tejribesinden umumy ykrar edilen kadalara we standartlara laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.  

Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ünsi gullugyň işgärleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň, ýaş harby gullukçylara tejribe hem-de bilim bermegiň, ýokary düzgün-nyzamlylygy görkezmegiň, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerine, ata-babalarymyzdan gelýän belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna eýermegiň wajypdygyna çekildi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza getirilýän hem-de üstaşyr geçirilýän ýüklere gözegçiligiň güýçlendirilmegini, gümrük kadalarynyň bozulmagynyň öňüniň alynmagyny gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.  
     
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem daşary ykdysady işe gatnaşýan adamlaryň arasynda gümrük kanunçylygy boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň, bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň yzygiderli öwrenilmeginiň hem-de ulanylmagynyň, iň täze tehniki serişdeleriň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi. 

Harby gullukçylar milli Liderimize işlemek üçin ähli oňaýly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň sargytlaryna gyşarnyksyz eýerip, özleriniň harby borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar. 

Milli Liderimiz harby gullukçylar bilen söhbetdeşlikde Owganystan biziň iň ýakyn goňşymyzdyr, türkmen-owgan serhedi bolsa dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hakyky nusgasy bolup durýar diýip belledi. Häzirki döwürde şol gatnaşyklar aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Owganystanyň halkyny türkmen  halky bilen mizemez dostluk gatnaşyklary hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni umumylygy baglanyşdyrýar. 

Owgan halky Bitarap Türkmenistanyň döredijilik syýasatyna we onuň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryna ýokary baha berýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ymamnazar gümrük nokadynyň işgärlerine öz öňlerinde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw edip, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy.
 
Soňra döwlet Baştutanymyz kuwwaty 540 müň tonna nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan terminalyň gurulýan ýerine ugrady. 

Bu desga hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 1-nji fewralynda çykaran kararyna laýyklykda gurulýar. 

Häzirki wagtda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Terminal iki bölekden ybaratdyr, onuň biri demir ýol ulagy arkaly nebit önümlerini ugratmagy guramak, ikinjisi  bolsa şol önümleri esasy turbageçiriji arkaly ibermegi guramak boýunça hyzmatlary etmek üçin niýetlenendir.  

Umumy meýdany 26 gektara barabar bolan nebit terminalynyň çäginde edara binasy, barlaghana, naharhana, ýangyna garşy göreş desgasy, nebit önümlerini kabul etmek üçin demir ýol estakadasy, nebit önümlerini ýüklemek üçin awtomobil estakadasy, dispetçerçilik, tehniki desgalar bar. Bu desga nebit önümleriniň bäş  görnüşini  daşary ýurtlara ibermek maksady bilen gurulýar. Onda her biriniň göwrümi 5 müň kubmetr bolan 6 sany rezerwuar we her biriniň göwrümi 2 müň kub metr bolan 4 sany rezerwuar,  şeýlelikde, jemi 10 sany rezerwuar bar. 

Häzirki wagtda Germaniýadan we Italiýadan zerur bolan enjamlar, ýagny senagat kompýuterleri, monitorlar, prosessorlar, sorujylar we beýleki tehnologiki enjamlar getirildi, olary gurnamak, sazlamak we işe goýbermek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gelýän hem-de gidýän awtoulaglaryň gümrük barlagyny geçirmek üçin hatda uly ýükli ulaglaryň takyk agramyny kesgitleýän tereziler bar. 

Döwlet Baştutanymyz desga bilen tanyşlygyň barşynda bu desgada ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz içeri işler ministri I.Mulikowa hemişelik esasda ýangyn howpsuzlygy boýunça öňüni alyş çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Desgalaryň  taslamalaryny düzmegiň, olary gurmagyň, durkuny täzelemegiň hem-de ulanmagyň barşynda bu ulgamda bar bolan kadalaryň we düzgünleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz gurulýan desga boýunça käbir maslahatlary aýdyp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli sebitlerinde logistiki terminallary gurmagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, logistikanyň esasy maksady daşary söwda işiniň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagy, ýagny harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. 

Hyzmatlaryň, şol sanda harytlaryň saklanylmagy, resmileşdirilmegi, ammarlara ýerleşdirilmegi, buýurmalaryň kemala getirilmegi, harytlaryň belgilenmegi hem-de ýetirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmegi goňşy döwletleriň gümrük serhedinden harytlaryň geçirilmegine sarp edilýän wagty we maliýe serişdelerini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, şeýle netijeli guralyň ornaşdyrylmagy daşary ykdysady işiň ähli subýektleriniň bähbitlerini ylalaşmaga mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip,  daşary söwdany dolandyrmagyň logistika ulgamynyň özara baglanyşykly köpsanly düzümleriň, hususan-da, daşary ykdysady işiň gümrük we beýleki döwlet dolandyryş edaralarynyň toplumy bolup durýandygyny nygtady. Netijeli logistika ulgamynyň döredilmegi durnukly býujet syýasatyny üpjün etmek, daşary ykdysady işi ösdürmek,  daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, amatly telekeçilik we maýa goýum ýagdaýyny hem-de “sagdyn” bäsdeşlige ukyply ýagdaýy saklamak ýaly möhüm durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýer Ý.Kakaýewe hem-de “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy M.Meredowa anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz bu desganyň ikinji böleginiň gurluşygynda işleýän hünärmenler bilen söhbetdeşlikde zähmetiň guralyşy, bu ýerde gurluşyk serişdeleri, ýörite tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilişiniň ýola goýluşy bilen içgin gyzyklandy. Milli Liderimiz şeýle hem olaryň iş-aladalary, zähmet haklarynyň möçberi, isleg-arzuwlary bilen gyzyklandy. 

Öz nobatynda, işgärler döwlet Baştutanymyza özleriniň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin döredilýän ajaýyp şertler hem-de hünär ussatlygyny ösdürmek babatda açylýan mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.  

Milli Liderimiz, umuman, ýerine ýetirilen işleriň derejesine kanagatlanma bildirip, Ý.Kakaýewe aýratyn tapawutlanan işgärleriň sanawyny taýýarlamagy hem-de olary döwlet sylaglaryna hödürlemegi tabşyrdy.  

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow  awtoulagda Ymamnazar menziline, gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluna tarap ugrady. Bu polat ýol  Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag ýollarynyň möhüm bölegi bolmalydyr. 

2011-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina  Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) demir ýoluny gurmak hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilipdi.  

2013-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynyň barşynda türkmen paýtagtynda bu taslamany  durmuşa geçirmek boýunça degişli Jarnama gol çekilendigini ýatlamalydyrys. 

2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda bu demir ýoluň gurluşygyna badalga berildi. Bu ýol sebitiň ýurtlarynyň dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly bolmalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ykdysady peýdadan başga-da, ýurdumyzyň deňhukukly hyzmatdaşlyk şertlerinde dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagy üçin giň mümkinçilikleri açar. 

Häzirki wagtda uzynlygy 85 kilometre barabar bolan Atamyrat-Ymamnazar demir ýolunyň türkmen böleginde demir ýoluň ýer düşegi doly taýýarlanylyp, 82,2 kilometrine çäge-çagyl garyndysy düşeldi we 82 kilometrine demir ýoluň ýokarky böleginiň demir relsleri ýerine goýuldy. Mundan başga-da, 10 kw elektrik howa ulgamynyň 67,5 kilometriniň gurluşygy ýerine ýetirildi. Demir ýoluň  gapdalyndan çekilýän ýoluň ýer düşegi taýýar edilip, çagyl ýoly çekildi. 
 
Owganystanyň Akina menziliniň demir ýoluna çenli ýer düşegi taýýar edildi. Häzirki wagtda bu demir ýoluň ugrundaky menzilleriň ikisinde, hususan-da, Gülüstan we Ymamnazar menzillerinde hem gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrlary alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  gurluşyk meýdançasyna gelip we bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanşyp, üç döwletiň kommunikasiýa ulgamlaryny birleşdirjek ulag geçelgesiniň bu ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyny birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini, halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtady. 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň dünýäniň ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagy möhüm orun eýeleýär. Sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetiniň barha artmagy ählumumy ykdysadyýetiň çalt özgerýän prosesleriniň şertlerinde ýurtlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem uly täsir edýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän milli daşary-ykdysady syýasatyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendigini nygtamalydyrys. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan düzümleýin özgertmeler täze önümçilikleri ösdürmäge, ägirt uly maýa goýum taslamalaryny, şol sanda sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmäge, giň möçberli gurluşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň girdejileriniň artmagyna ýardam edýär. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň durmuş ugurly bolmagy türkmenistanlylaryň parahatçylykly zähmetini hem-de abadançylygyny üpjün edýär we şol bir wagtyň özünde goňşy ýurtlaryň ykdysadyýetlerini hem-de durmuş düzümini ösdürmäge işjeň ýardam bermäge mümkinçilik berýär. Ulag ýollarynyň strategiki çatrygynda ýerleşýän biziň ýurdumyz oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlaryň ählisi we şol sanda Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. 

Türkmenistan goňşy döwletiň parahatçylykly ýol arkaly dikeldilmegine işjeň gatnaşmak bilen, onuň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam edýär. Köp ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bu döwlete ykdysady we ynsanperwer kömegini berýär, owgan raýatlaryna bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda muzdsuz ýardam berip, möhüm durmuş maksatly desgalaryň  hassahanalaryň we mekdepleriň gurluşygyny  amala aşyrýar. Hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde ulag-aragatnaşyk taslamalary durmuşa geçirilýär we şeýlelikde, Owganystanyň dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna ýardam berilýär. 

Şeýle hem Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynda durmuşa geçirilýän we döwrebap gazturbina elektrik beketlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we gurmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň ähmiýetini bellemelidiris. Häzirki wagtda ýurdumyzda täze elektrik geçiriji ulgamlar çekilýär, paýlaýjy elektrik podstansiýalarynyň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär. 

Bu pudagyň täze kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi elektrik energiýasyna her ýyl ösýän  içerki islegleri durnukly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň goňşy ýurtlara iberilýän möçberlerini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 24-nji iýunynda däp bolan türkmen-owgan dostluk gatnaşyklarynyň senenamasyna ýene-de bir ajaýyp sahypanyň ýazylandygyny ýatlatmalydyrys: Serhetabat-Hyrat-Turgundy ugry boýunça Owganystana iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberi 200 million kilowat sagatdan 400 million kilowat sagada çenli artdyryldy. 

Milli Liderimiz ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň örän zerurdygyny hem-de ykdysady taýdan maksada laýykdygyny aýdyp, olaryň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyza hem-de goňşy döwletlere uly ykdysady peýda getirjekdigini, köptaraply halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem degişli ýolbaşçylardan paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde ulag-kommunikasiýa düzümini döretmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Munuň özi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň birnäçe desgalarynyň taslamalary we çyzgylary bilen tanyşdy. Olary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow hem-de demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow hödürlediler. Milli Liderimiz şeýle hem polat ýoluň çyzgysyny gözden geçirdi. Taslamalaryň hatarynda demir ýol menziliniň binasy, ýoluň şu böleginde göz öňünde tutulan iki köprüniň taslamasy bar. 

Hormatly Prezidentimiz olar bilen içgin tanşyp, birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy hem-de degişli maslahatlary berdi. Döwlet  Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli desganyň tehniki üpjünçiligi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berdi. Şunda demir ýol belgileriniň döwrebap ulgamyny giňden ulanmagyň wajypdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz demir ýol menziliniň binasynyň  binagärlik keşbinde milli binagärligiň äheňleri hem-de döwrebap ýörelgeleriň öz beýanyny tapmalydygyny aýdyp, oňa ýanaşyk ýerleri sazlaşykly abadanlaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  şeýle hem bu ýoluň beýleki böleklerinde gurluşyk işleriniň depgini hem-de hili bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ulanmaga bermegiň möhletleriniň berjaý edilmegi hem bu çylşyrymly inžener-tehniki desganyň gurluşygynda möhüm talap bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen bölegindäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu desganyň gurluşygyna 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda badalga berildi. Häzirki wagtda bu ýerde bellenen möhletlere laýyklykda, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.  

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleri bellemek wajypdyr. Bu giň möçberli taslama diňe bir energiýa serişdelerini iberýän ýurt hökmünde biziň döwletimiz üçin däl, eýsem, üstaşyr geçirýän we sarp edýän döwletler üçin hem uly ähmiýete eýedir. 

Bu taslama dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklarynyň esasynda amala aşyrylýar. TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre barabar bolar. Şunda ýurdumyzyň çägi boýunça   turbageçirijiniň 214 kilometri çekiler. Soňra ol Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üstünden, Pakistanyň çägindäki Kwetta we Multan şäherleriniň üstünden  geçer we Hindistanyň Fazilka diýen ilatly ýerine baryp ýeter. Täze gaz geçirijisiniň gurulmagy netijesinde goşmaça iş orunlarynyň 12 müňe golaýy dörediler. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga oňaýly täsir eder. 

Gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Bu desgany, şol sanda kömekçi ýerüsti düzümini 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda  “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň hünärmenleri bu döwletara turbageçirijiniň türkmen böleginde diametri 1420 millimetre barabar bolan turbalary goýmak hem-de birnäçe akymda olary kebşirlemek işlerini alyp barýarlar. Munuň özi işleriň depginini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

Türkmen gazy Hindistanyň hem-de Pakistanyň “mawy ýangyja” bolan artýan isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam eder. 2030-njy ýyla çenli  şol ýurtlarda tebigy gaza bolan islegler iki esse artyp biler. Mundan başga-da, ol ýangyjy üstaşyr geçirýän Owganystanda energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligini azaldar. 

Umuman, TOPH taslamasy sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüne garaşýan dikuçara tarap ugrady. Dikuçar asmana galyp, Türkmenabada tarap ugur aldy. 

Milli Liderimiz ýolugrunda Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) halkara demir ýolunyň köprülerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. 

Halkara demir ýolunyň ugrunda ini 5 metre barabar bolan iki köpriniň gurluşygy alnyp barylýar. Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky suw howdanyndan gaýdýan  akabanyň üstünden geçýän köpriniň uzynlygy 256 metre barabardyr. Uzynlygy 363 metre deň bolan ikinji köpri bolsa Garagum derýasynyň üstünden geçýär. 

Häzirki wagtda köprüleriň demir-beton diregleriniň gurluşyk işleri tamamlanyp, wagtlaýyn diregleri gurnamak hem-de demir-beton diregleriň aralyk konstruksiýalaryny gurnamak işleri alnyp barylýar. 

Ösen ulag-üstaşyr düzümiň döredilmegi strategiki wezipe bolup durýar. Ol ýurdumyzyň ähli sebitleriniň okgunly ösmegine hem-de milli ykdysadyýetimiziň täze sepgitlere çykmagyna kuwwatly itergi bermelidir, beýleki döwletler bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmelidir. 

Bu strategiki ulag geçelgesini gurmagyň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, tutuş Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini üpjün eder. Çünki, ýokarda bellenilişi  ýaly, Amyderýanyň sag kenary  uglewodorod, dag-magdan  mineral serişdeleriniň ägirt uly  gorlaryna, peýdaly gazylyp alynýan gymmatlyklaryň täsin ýataklaryna  eýedir. Ygtybarly demir ýol gatnawynyň kemala getirilmegi bu uç-gyraksyz baýlyklary senagat taýdan çalt özleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. 

Döwlet Baştutanymyz dikuçardan sebitiň ekerançylyk meýdanlaryny synlady. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem güýzlük bugdaý ekişi we pagta ýygymy dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli we iş maslahatlarynyň barşynda degişli ýolbaşçylaryň ünsüni bu möhüm möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmeginiň, olary öz wagtynda tamamlamagyň,  döwrebap oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagyň, öndürijilikli zähmet üçin ähli şertleri üpjün etmegiň hem-de ekerançylygyň göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertleri döretmegiň zerurdygyna çekýär.  

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dikuçardan sebitlerde köpsanly desgalaryň, aýratyn hem durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýan milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy.  

Hormatly Prezidentimiz ýol ugrunda guşuçar belentlikden Türkmenabat şäheriniň gurulýan howa menziliniň çäklerini synlady. 

Howa menziliniň taslamasynda döwrebap ýolagçy,  VIP we ýük terminallaryny, uzynlygy 3800 metre ýetýän emeli uçuş-gonuş zolagyny, 7 sany öwrüm edilýän ýodalary, howa gämileri üçin duralgalary we perrony, howa gatnawyny dolandyryş gullugynyň diňlerini, beýleki desgalaryň birnäçesini, şol sanda howa menziliniň dürli gulluklarynyň binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem toplumyň çäginde lukmançylyk merkezi, naharhana, 100 orunlyk myhmanhana, awtoulaglar üçin üsti ýapyk duralga ýerleşer. Howa menziliniň işlemegini üpjün edýän ähli zerur ulgamlaryň hem-de baglanyşdyryjy inženerçilik we ulag kommunikasiýalarynyň bolmagy göz öňünde tutuldy. Howa menzili sagatda 500 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Bir wagtyň özünde howa menzili uçarlaryň 8-sini kabul edip biler. Bu ýerde şeýle hem dikuçar meýdançalarynyň 4-si göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ýokary depginlerde ösüp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrülýändigini bellemelidiris. Ol howa ulagynyň dünýä bazaryna goşulyşmak bilen, daşary ýurtlarda Garaşsyz Türkmenistana wekilçilik edip, biziň ýurdumyzyň  parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçiriji hökmünde çykyş edýär. 

Dikuçar gurluşygy dowam edýän “Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüsiniň golaýynda gondy. Bu ýerden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  awtoulagda şol desgalara tarap ugrady. 

Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň gurluşygynyň 2013-nji ýylda başlanandygyny bellemek gerek. Bu desganyň uzynlygy 1750 metre, ini 5,8 metre barabardyr. Diregleriň 18-siniň üstüne aralyk demir konstruksiýalary doly gurnaldy we demir ýoly doly çekildi. Häzirki wagtda iki kenarda kenar berkidiş işleri alnyp barylýar.  Türkmenabat şäheri tarapda 1250 metr aralyk, Farap tarapda bolsa  1750 metrden 280 metr betonlandy. Şu ýylyň 30-njy aprelinde köpri boýunça synag otlusy goýberildi. 

“Türkmenabat-Farap” awtomobil köprüsiniň gurluşygyna hem 2013-nji ýylyň fewralynda badalga berildi. Köprüniň uzynlygy 1600 metre, ini 21 metre barabardyr. 

Şu güne çenli 17 sany diregleriň hemmesiniň gurluşygy doly tamamlandy. Häzirki wagtda 12-13-nji diregleriň aralyk demir konstruksiýalary gurnamak işleri dowam edýär (1600 metr bolmaly, 1295 metr gurnaldy). 

Kenarlarda kenar berkidiş işleri alnyp barylýar. Türkmenabat şäheri tarapda  1900 metrden 350 metri, Farap tarapda 1500 metrden 210 metri betonlandy. Şeýle hem potratçy tarapyndan awtomobil köprä barylýan ýoluň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ýoluň uzynlygy jemi 7550 metr bolmaly, Türkmenabat şäheri tarapda ýoluň ähli bölegi  3493 metri hem ikinji gat asfaltlanyldy, Farap tarapda 4057 metrden 3707 metriniň birinji gaty asfaltlanyldy hem-de ýoluň yşyklandyryş çyralaryny gurnamak we jäheklerini goýmak işleri alnyp barylýar. 

Amyderýanyň üstünden täsin inženerçilik desgalarynyň gurulmagy Türkmenistan we tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin uly ähmiýete eýedir. Şol desgalaryň her biri ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrülmelidir. 

Umuman, biziň ýurdumyz iri ulag taslamalarynyň başyny başlap, möhüm sebit hem-de ählumumy meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi. Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň geçirilmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol maslahat bu ugurda umumy tagallalary netijeli birleşdirmäge saldamly goşant goşmalydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ulag ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek işi bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda hem-de ýurdumyzy ösdürmegiň mümkinçiliklerini nazara almak bilen amala aşyrylmalydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer S.Satlykowa ähli düzümleýin desgalarda işleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ulanylmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň talaba laýyk alnyp barylmaýandygy bilen baglylykda, wise-premýer Ş.Durdylyýewe hem-de “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy D.Amangeldiýewe hem-de  potratçylara nägilelik bildirip,  döwrebap ýol  ulag düzümini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara gurluşyk işleriniň  hilini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Olaryň hili ýokary halkara görkezijilerine hem-de ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmelidir. 

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň jemini jemläp, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Munuň özi  bu maksatnamalary durmuşa geçirmäge oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşilmegini talap edýär. 

Milli Liderimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe ýüzlenip, sebitiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek we onuň düşewüntliligini artdyrmak bilen bagly ähli ugurlary üns merkezinde saklamagy talap etdi. Häzirki wagtda pagta hasylyny doly ýygnap almak hem-de güýzlük däne ekilen meýdanlarda agrotehniki işleri öz wagtynda ýokary hilli geçirmek möhüm wezipe bolup durýar. 

Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlaşan ýerleri dikeltmek, täze suwarylýan meýdanlary dolanyşyga girizmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak obasenagat toplumyny özgertmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw hojalyk ulgamynda we ýerden netijeli peýdalanmakda öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň ähmiýetini nygtady. 

Gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň, täze desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilini we öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatly ýerleriň çäklerini abadanlaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, olara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady. 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Aşgabada gaýdyp geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde  milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar. 

Meňzeş Täzelikler

Palestina Döwletiniň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgasyny Gowşurdy

Palestina Döwletiniň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgasyny Gowşurdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Hossein …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir