Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wezipesine Girişmegi Mynasybetli Dabaraly Çäre Boldy
Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wezipesine Girişmegi Mynasybetli Dabaraly Çäre Boldy
Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wezipesine Girişmegi Mynasybetli Dabaraly Çäre Boldy

Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wezipesine Girişmegi Mynasybetli Dabaraly Çäre Boldy

Şu gün Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy boldy.

Şu gün bu ýere Mejlisiň Başlygy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, Ýaşulular geňeşiniň, ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri ýygnandylar. Şeýle hem ýygnananlaryň hatarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary, döwlet Baştutanynyň wezipesine dalalşgärler, ýurdumyza synçylar hökmünde ýurdumyza gelen we saýlaw döwründe ýerlerde syn etmegi amala aşyran halkara guramalaryň wekilleri bar.

Zala daşary ýurtlaryň resmi wekiliýetleriň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de beýleki çagyrylan myhmanlar ýygnandylar. Hemmeler dabaranyň başlanmagyna tolgunmak bilen garaşýarlar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgüniň eýwanyna barýar, şol ýerde döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär bolan adamlar bilen salamlaşýar. Mälim bolşy ýaly, 12-nji fewralda geçirilen Prezident saýlawlaryna syýasy partiýalardan we raýatlaryň teklip toparlaryndan hödürlenen jemi 9 dalaşgär gatnaşdy. Munuň özi urdumyzda demokratiýanyň dolanuwsyzdygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

… Sagat 9.00. Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýagdaýda dabaraly sazyň owazynyň astynda zala Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we mukaddes Gurhany getirýärler.

Ruhyýet köşgüniň zalyna ýygnananlar Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz sahna çykýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň netijelerini yglan etmek üçin, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berilýär.

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, saýlaw çäresi hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde hem-de umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, hakyky demokratik esasda, has takygy, ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy, gizlin ses bermek hem-de raýatlaryň erkin erk-islegini beýan etmek, bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirildi. Ýurdumyza gelen, abraýly guramalara hem-de düzümlere wekilçiik edýän halkara synçylary hem munuň şeýledigini bellediler. Olar şeýle hem Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna ygrarlydyklaryny nygtadylar we saýlawçylaryň işjeňdigini aýratyn bellediler.

Umuman, ses bermäge 3 million 163 müň 692 adam ýa-da saýlawçylaryň umumy sanynyň 97,28 göterimi gatnaşdy.

Saýlawlaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary M.Annanepesow 1,02 göterim, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary J.Annaýew 0,21 göterim, “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atalyýew 0,36 göterim, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 97,69 göterim, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory R.Durdyýew 0,15 göterim, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary M.Gurbanow 0,17 göterim, Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy S.Jelilow 0,25 göterim, Balkan welaýatynyň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory S.Nurnepesow 0,09 göterim we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy D.Orazow 0,06 göterim ses aldylar.

Merkezi saýlaw toparynyň 2017-nji ýylyň 14-nji fewralynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul edilen Kararyna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda saýlawçylaryň sesleriniň 97,69 göterimini alan dalaşgär Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygy ykrar edildi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir