Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Sahawatly Desterhan-Nowruz Baýramynyň we Türkmen Myhmansöýerliginiň Aýrylmaz Bölegidir
Sahawatly Desterhan-Nowruz Baýramynyň we Türkmen Myhmansöýerliginiň Aýrylmaz Bölegidir
Sahawatly Desterhan-Nowruz Baýramynyň we Türkmen Myhmansöýerliginiň Aýrylmaz Bölegidir

Sahawatly Desterhan-Nowruz Baýramynyň we Türkmen Myhmansöýerliginiň Aýrylmaz Bölegidir

Türkmenlerde iň ýakynlaryňa tagam dadyryp, olar bilen şatlygyňy paýlaşmak ýaly asylly däp bar. Ilki-ilkiler etsiz tagamlar bişirilipdir, bu bolsa gadym eýýamlarda şu toprakda ýaşaýanlaryň esasan ekerançy bolanygyna şaýatlyk edýär.

Bu baýramda esasy tagam semenidir. Ony taýýarlamak Nowruzyň aýratyn däbi bolup, ol gadymy ynanç-ygtykatlardan gelip çykýar, muny Orta asyrlaryň tanymal alymlarynyň işleriniň maglumatlary, şahyrlarynyň eserleri hem subut edýär. Semeni Nowruzdan bir gün öň taýýarlanyp başlanylýar, ony daň atýança uzak gije gaýnadýarlar, oňa tutuş oba ýa-da birnäçe maşgala gatnaşýar.

Türkmenleriň irki köklerinde ekerançylyk däpleriniň ýoň bolandygy barada alymlaryň çaklamasyny täze ýyl baýramynda taýýarlanýan tagamlaryň aýratynlygy hem tassyklaýar. Nowruz tagamlarynda däneli ekinleriň bişen dänesi, şeýle hem süýt-gatyk agdyklyk edýär. Tagamly, işdä ýakyn Nowruz ýarmasy (oňa başgaça –etli ýarma-da diýýärler) baýramda halanylaýan nahardyr.

Baýramçylyk tagamlarynyň ýene biri jöwenden bişirilýän Nowruz köjesidir. Onuň üçin baga bakylan tokly eti ulanylýar. Käte gatykly köje-de bişirilip, ol ullakan şäkäselerde äberilýär.

Nowruzyň esasy tagamlarynyň birem- süýtli aşdyr. Şeýle hem goýy, tagamly, süýji mäşewe-de baýramçylyk tagamlarynyň biridir. Nowruzda elde kesilen unaşam bişirilýär. Onuň birnäçe görnüşleri: ak noýbaly unaş, towukly unaş, süýtli unaş ýaly görnüşleri bar. Aýratynam hoşboý ysly jazly, ajy burçly, owradylan gök otly, öý gatykly unaş hasam tagamly bolýar.

Palawsyzam baýram bolarmy?! Palaw saçagyň bezegi, bolçulygyň nyşany. Asyrlarboýy ony bişirmegiň usullary kämilleşdirilipdir. Türkmenlerde palawyň birnäe görnüşi bar.

Dograma, çekdirme, çorba, şüle, balykly tagamlar, etli we kädili işlekli, tamdyrlama, ýörme, şöhlat, içdykma, gaplama, dolama, buglama, her hili çorbalar, kädili tagamlar, çişlikdir kebap baýramçylyk desterhanynyň bezegidir.

Mele-myssyk nandyr, ýagly petir, gatlamalar, toý gatlamasy, çelpekdir çapady, pişmedir külçe, ýagly etden bişirilen gutaplar hem işdä ýakyn tagamlardyr.

Süýji şerbet, gök-miwe şireleri, sök hem adatça baýramçylyk saçagynda goýulýar.Çagalar eredilen şekere batyrylan miweleri, patrakly we kakly öý halwasyny halaýarlar. Baýramçylyk tagamyndan doýaňsoň çaý başyndaky söhbediň lezzeti bir aýry bolýar.

Türkmenlerde çaý igmegiňem öz aýratynlygy bar: ony tüňçede közde gaýnadýarlar. Ony demlänlerinde narpyz, guran ýandak gülüni, injir ýapragyny atýarlar. Täze ýyl saçagyny maldarlaryň halaýan zady-süýtli çaýsyz göz öňüne-de getirmek kyn.

Türkmen myhmansöýerliginiň köki-damary irki ekerançylyk eýýamyndan gaýdýar. Baýramçylyk tagamlarynyň sanydyr düzümi, baýram günleri ýerine ýetirilýän däp-ýörelgelr, milli oýunlar-Türkmenistanyň irki ekerançylygyň mekanydygy, gadymy medeniýetiň ojagyndygy bolanlygyna şaýatlyk edýär.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir