Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Şahyryň Sözi Halkyň Kalbynyň Heňi
Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Amangözel Şagulyýewa
Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Amangözel Şagulyýewa

Şahyryň Sözi Halkyň Kalbynyň Heňi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Amangözel Şagulyýewanyň “Asyrlaryň alnyňdadyr, Arkadag!” atly täze poemasynyň tanyşdyryş dabarasy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, işgärleri, harby ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, harby talyplar, ýaş esgerler, medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler täze poemanyň ägirt uly watansöýüjilik mazmunyna eýe bolup, onuň ýaş harby gullukçylary terbiýelemekde, olaryň syýasy aň-düşünjesini ýokarlandyrmakda, raýatlyk işjeňligini we söweşjeň ruhy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns we goldaw bermegi netijesinde häzirki döwürde milli medeniýetimiziň täze belentliklere çykmagy we onuň gülläp ösmegi üçin kuwwatly itergi berlendigi bellenildi. Bu ulgamdaky döwlet syýasaty jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn medeni-ruhy taýdan ösüşine, pederlerimiziň milli mirasynyň aýawly saklanmagyna, türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlarynyň nesilden-nesle geçirilmegine, milli ýörelgeleriň, mähriban dilimiziň özboluşlylygynyň saklanmagyna gönükdirilendir. Şunlukda, ýaş nesilleriň, harby gullukçylaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi ahlak ýörelgeleri, pederlerimiziň ruhy wesýetleri hem-de medeni ösüş bilen bilelikde alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň döredijilik toparynyň öňünde döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze eserleri döretmek, adamlara nurana hem-de asylly ýörelgeleri ýetirmek, olary täze belentliklere ruhlandyrmak wezipesi durýar.

Şeýle hem duşuşykda goşgynyň adamlara örän güýçli täsir edýändigi barada aýdyldy. “Söz — pikiriň lybasy” diýlen jümle ýöne ýerden döremändir. A.Şagulyýewanyň eserlerinde okyjynyň duýgusyna täsir etmek ukyby ýokary. Onuň eserleri tebigy, gurluşy ýönekeý. Şahyryň “Ak gülleriň — ak ýolum”, “Göwün otyr Aý içinde” atly goşgular ýygyndysyndan ybarat täze eserleri okyjylaryň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy we mukamlara öwrülip, bagşylaryň owazyny artdyrdy. Onuň her bir sözünde Arkadag Prezidentimize bolan buýsanç we hoşallyk duýgulary has-de aýdyň görünýär. Şahyryň “Asyrlaryň alnyňdadyr, Arkadag!” atly täze poemasynyň, onuň beýleki eserleri ýaly, her bir türkmenistanlynyň we şygyr dünýäsiniň muşdaklarynyň hakydasynda hemişelik galjakdygy gürrüňsizdir.

Bu eseriň setirlerinde 2016-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda hormatly Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň Baş meýdançasynda millionlarça tomaşaçylaryň syn etmeginde ak awtoulagda dabaraly harby ýörişi kabul etmäge gelşi çeper beýan edilýär.

Şeýle hem bu ýerde geçirilen çärede A.Şagulyýewanyň goşgularyna döredilen aýdymlary Merkezi Serkerdeler öýüniň “Merdana nesiller” aýdym-saz toparynyň wekilleriniň, belli artistleriň we aýdymçylaryň, şeýle hem “Ýaňlan, Diýarym! — 2016” bäsleşiginiň ýeňijileri ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň birleşdirilen toparlarynyň we ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikde A.Şagulyýewanyň sözlerine döredilen “Bu Watan Watandyr, Arkadag bilen” diýen aýdymy konsertiň jemleýjisi boldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar edebi eserleriň, şol sanda köp sanly goşgularyň awtory bolan hem-de söz sungatyna aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar. Döwlet Baştutanymyzyň her bir setirinde ruhuňy göteriji mazmunyň bardygy bellenildi.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar jemgyýetimize mahsus ýörelgeleriň biri-de bozulmaz bitewülikdir, halkymyzyň döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň ýörelgelerine, ruhy däplere we medeni mirasa esaslanýan syýasatynyň daşynda mäkäm jebisleşmegidir diýip bellediler.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir