Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Saxo Bank Nebitiň Bahalary Boýunça Çaklamasyny Aşaklatdy
Saxo Bank Nebitiň Bahalary Boýunça Çaklamasyny Aşaklatdy
Saxo Bank Nebitiň Bahalary Boýunça Çaklamasyny Aşaklatdy

Saxo Bank Nebitiň Bahalary Boýunça Çaklamasyny Aşaklatdy

Saxo Bank ýylyň ahyryna çenli nebitiň bahalaryna bolan çaklamasyny barrel üçin 58 dollara çenli aşaklatdy we islegiň artmagynyň we teklibiň çäklendirilmeginiň ahyrynda bahalara oňaýly täsir etjekdigini çaklaýar, diýip Saxo Bank-yň haryt-çig mal bazarynda strategiýalar bölüminiň başlygy Ole Slot Hansene salgylanyp Trend habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, geçen ýylyň ahyrynda ABŞ-da saýlawlarda Donald Trampyň gazanan ýeňşinden soň çig mal bazaryny eýelän tolgunyşyk we şol wagtlar hem OPEC ýurtlarynyň nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşyk gazanmagy spekulýatiw islegiň düýpli ýokarlanmagyna getirdi we bu ýagdaý fewrala çenli dowam etdi.

«Ýöne birinji çärýegiň dowamynda bahalaryň ösüşiniň o diýen ýokary däldigi we spekulýatiw garaýyşlaryň bular ýaly ösüşini ödemeýänligi aýdyň boldy. çärýegiň ahrynda nebit ýene-de aşak düşdi. Sebäbi OPEC oňa degişli bolmadyk öndüriji döwletlerde nebit çykarylyşynyň çäklendirilmeginiň öwezi beýleki ýurtlarda onuň çykarylyşynyň artdyrylmagy bilen doldy» diýip Hansen aýtdy.

Onuň pikirine görä, Trampyň gelmegi bilen bazarda gazanylan ösüş gowşap ugrady. Çünki Trampyň ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öz meýilnamalaryny Kongresden geçirip bilmegine şübhe döräp başlady.

OPEC ýurtlarynyň we pndan daşardaky öndüriji ýurtlaryň nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça tagallalary bazara gatnaşyjylar tarapyndan oňaýly bahalandyryldy. Muňa garamazdan, ylalaşyga gatnaşýan ýurtlarynyň käbirleriniň öz borçnamalaryny dolulygyna ýerine ýetirmeýänligi we beýleki ýurtlarda nebitiň çykarylyşynyň artýanlygy sebäpli çäklendirmek prosesiniň haýal gidýänligine akyl ýetirenlerinde bahalaryň aşaklamagy ýene-de dowam etdi.

«ABŞ-da nebit çykarylyşynyň möçberi her hepde artdyrylýar. Nebit diňleriniň mukdary 2015-nji ýylyň sentýabryndaky ýagdaýyna geldi, buraw platformalaryndan çykarylyşynyň möçberi bolsa artýar. 2017-nji ýylda nebit çykarylyşynyň möçberiniň 35 göteriminiň eýýäm ýerine ýetirilendigini nazara alsaň (çeşme – Goldman Sachs), diňe durnukly aşak düşýän tendensiýa ABŞ-da önümçiligiň artmagyna bolan häzirki çaklamany üýtgedip biler» diýip Hansen aýdýar.

Bilermeniň bellemegine görä, bankyň Brent kysymly nebitiň barreliniň bahasynyň 50 dollara barabar boljakdygy we soňra barrel üçin 6- dollara çenli ýokarlanjakdygy baradaky çaklamasy birinji çärýekde amala aşyryldy.

«Biz nebit bazary ikinji çärýekde diňe Brent nebitiniň barreliniň bahasynyö 50 dollar töwereginde saklanmagyny kadalaşdyrmaga bil baglap biler diýip hasaplaýarys, ýöne munda az wagtlyk 45 dollara çenli hem düşmegi nazardan sypdyrmaly däl. Biz ýylyň ahyryna çenli nebitiň bahalaryna bolan çaklamamyzy barrel üçin 58 dollara çenli aşakladýarys we islegiň artmagynyň hem-de teklibiň çäklendirilmeginiň ahyrynda bahalara oňaýly täsir eder diýip hasaplaýarys» diýip bilermen aýtdy.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir