Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Dalaşgärler Saýlawlara Taýýarlyk Görmek Möwsüminiň Çäklerinde Ähli Welaýatlaryň we Paýtagtymyzyň Saýlawçylary Bilen Duşuşyklary Geçirdiler
Dalaşgärler Saýlawlara Taýýarlyk Görmek Möwsüminiň Çäklerinde Ähli Welaýatlaryň we Paýtagtymyzyň Saýlawçylary Bilen Duşuşyklary Geçirdiler
Dalaşgärler Saýlawlara Taýýarlyk Görmek Möwsüminiň Çäklerinde Ähli Welaýatlaryň we Paýtagtymyzyň Saýlawçylary Bilen Duşuşyklary Geçirdiler

Dalaşgärler Saýlawlara Taýýarlyk Görmek Möwsüminiň Çäklerinde Ähli Welaýatlaryň we Paýtagtymyzyň Saýlawçylary Bilen Duşuşyklary Geçirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda boldular, saýlawçylary saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, ilatymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak babatynda garaýyşlaryny beýan etdiler.

Ýekşenbe güni—12-nji fewralda ýurdumyzyň saýlaw uçastoklary raýatlaryň öňünde gapylaryny giňden açarlar, saýlawçylaryň öňünde dalaşgärleriň arasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine has mynasyp adamy saýlamak wezipesi durýar.

 

Dalaşgär Durdygylyç Orazowyň paýtagtymyzyň saýlawçylary bilen duşuşdy.

paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýerli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramaarynyň, kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Dalaşgäriň ynanylan wekili duşuşyga gatnaşyjylary Agrar partiýa tarapyndan hödürlenilen D.Orazowyň terjimehaly bilen tanyşdyrdy. Ol dalaşgäri başarjaň ýolbaşçy, ukyply guramaçy hem-de ýokary derejeli hünärmen, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmegi başarýan şahsyýet hökmünde häsiýetlendirip, ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň hormata mynasyp şahsy häsiýetlerini nygtady.

Soňra ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş etdi. D.Orazow saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegini üpjün etmäge, ozaly bilen bolsa, nebitgaz we energetika toplumlaryny döwrebaplaşdyrmagyň, eksport kuwwatyny artdyrmagyň, ähli ulgamlarda innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna üpjün etmäge ýardam berýän çärelere aýratyn üns berdi.

Geljekde hem ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde häzirkizaman durmuş-ykdysady düzümlerini kemala getirmegiň hasabyna gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň üns merkezinde bolar. Şeýle hem ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berler.

Obasenagat toplumynyň, obanyň we oba hojalyk önümçiliginiň mundan beýläk-de ösdürilmegi, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek, hususy bölegiň kiçi we orta kärhanalaryň hasabyna ösdürilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Dalaşgäre saýlawçylar bilen gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda ýygnananlaryň sowallaryna jogap berdi. Sowallaryň köpüsi welaýatlaryň senagat taýdan çalt depginlerde ösdürilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna degişli boldy. D.Orazowyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny we geografiýa taýdan amatly ýerleşmegini netijeli peýdalanmak, senagat pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär duşuşygyň ahyrynda ýygnananlara ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine güýç-gaýratyny aýamajakdygyny ynandyrdy.

 

 

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir