Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Sebitde Suw Serişdelerinden Rejeli Peýdalanmagyň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy
Sebitde Suw Serişdelerinden Rejeli Peýdalanmagyň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy
Sebitde Suw Serişdelerinden Rejeli Peýdalanmagyň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Sebitde Suw Serişdelerinden Rejeli Peýdalanmagyň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Oba hojalyk toplumynyň maslahatlar zalynda Suw hojalygy döwletarautgaşdyryjy toparynyňnobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Orta Aziýa ýurtlarynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Suw hojalygy döwletara utgaşdyryjy toparyAraly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň düzüm edaralarynyň biri bolup durýar we bu topar sebitiň ýurtlarynyň Aral deňzini goramak we gaýtadan dikeltmek, onuň ýakasynyň ekologiýa ýagdaýyny abadanlaşdyrmak, şeýle hem sebitiň umumy durmuş-ekologiýa meselelerini çözmek boýunça bilelikdäki hereketlerinde ylalaşykly çemeleşmeleri emele getirmek hem-de iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi.

Toparyň şu gezekki mejlisi Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna ýakyn üç ýylyň (2017-2019) dowamynda başlyklyk edip başlanyndan soň goňşy ýurtlaryň suw hojalykçylarynyň ilkinji duşuşygydyr.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, suwdan rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar, bu bolsa öz gezeginde sebitde ekologiýa abadançylygyny saklamak we daşky gurşawy goramak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu meselede Türkmenistan işjeň orny eýelemek bilen, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyzyň suw üpjünçiliginiň umumywezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda suwarymly ekerançylykda suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, suw desgalaryny gurmagyň we ulanmagyň baý tejribesi toplanyldy. Suw serişdelerinden durnukly peýdalanmagyň, suw desgalaryny gaýtadan dikeltmek we olaryň ýagdaýyny gowulandyrmak mesleleriniň deňeçer çözgüdini tapmakda şu ýyl güýje giren Türkmenistanyň Suw kodeksine aýratyn orun degişlidir.

Sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny hasaba almak bilen, bitewi suw hojalyk syýasatyny işläp düzmek, suwdan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, suw serişdeleriniň hilini gowulandyrmak we möçberleriniň anyk hasabyny ýöretmek, suw serişdelerini paýlamakda awtomatik enjamlary ornaşdyrmak, derýalaryň hanalarynyň suw üpjünçiligini artdyrmak boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça çäreler Suw hojalygy döwletara utgaşdyryjy toparynyň wezipelerine girýär.

Duşuşygyň barşynda, oňa gatnaşyjylar dostlukly goňşy ýurtlaryň – Suw hojalygy döwletara utgaşdyryjy toparyň agzalarynyň tutuş sebit üçin möhüm bolan suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak ýaly meseläniň çözgüdinde ylalaşykly çemeleşmeleri gözlemek boýunça netijeli gepleşikleriň ýetilen derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Hususan-da, mejlisde 2016-njy ýylyň ekinleri suwaryş döwrüniň jemlerine, şeýle hem suw toplamagyň bellenilen möçberleriwe Syrderýanyň we Amyderýanyň kenarlaryndaky suw howdanlarynyň doldurylyşynyň çaklama möçberlerine garaldy, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi olaryň derejesine bagly bolup durýar.

Şeýle hem serhetüsti suw serişdelerini bilelikde dolandyrmak boýunça Toparyň işiniň şu ýyl öňde boljak 25 ýyllygy mynasybetli taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýygnananlar Suw hojalygy döwletara utgaşdyryjy toparyň geljekki mejlisiniň gün tertibine garamak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky pikiri beýan edip, toplanylan oňyn tejribäni hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini peýdalanmakda pikir alyşmaga umumy gyzyklanmany tassykladylar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Mejlisiň Deputatlarynyň, Halk Maslahatlarynyň Hem-de Geňeşleriň Çykyp Giden Agzalarynyň Ýerine Saýlawlar Geçirildi

Türkmenistanda Mejlisiň Deputatlarynyň, Halk Maslahatlarynyň Hem-de Geňeşleriň Çykyp Giden Agzalarynyň Ýerine Saýlawlar Geçirildi

Ýurdumyzda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça, şeýle hem halk maslahatlarynyň agzalarynyň, …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir