Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti
Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti
Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwdany we telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Bu pudaklarda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijelerini aýan edýär we bazar gatnaşyklaryny seljermäge, ilatyň durmuş derejesiniň we onuň abadançylygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.

Söwda — milli ykdysadyýetimiziň býujete ep-esli salgyt serişdeleriniň gönükdirilmegini üpjün edýän möhüm pudak bolup durýar. Şeýle hem ol döwletiň maliýe durnuklylygyny şertlendirýär. Bu pudak kärhanalarynyň we onda zähmet çekýän işgärleriň sany boýunça kiçi telekeçilikde esasy orny eýeleýär. Şeýlelikde, jemi içerki önümiň düzüminde söwdanyň paýy geçen ýylda 10 göterimden gowrak boldy. Bu görkeziji 2015-nji ýylda 8 göterim töweregi boldy.

2017-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi içerki önümiň ösüş depgini 106,5 göterime deň boldy. Şol sanda ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,9 göterim, söwdada 9,6 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,9 göterim, senagat toplumynda bu görkeziji 5,8 göterim artdy, oba hojalygynda 5,1 göterim, gurluşykda 1,4 göterim ýokarlandy.

Döwlet statistika komitetiniň maglumatyna görä, 2016-njy ýylda bölek haryt dolanyşygynyň ösüşi 16,9 göterime, şu ýylyň 11 aýynda bolsa bu görkeziji 18 göterime deň boldy.

Şeýlelikde, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 4 milliard 466,5 million manada deň boldy, şol sanda bölek söwdanyň möçberi 1 milliard 663,6 million manada, lomaý söwdanyň möçberleri bolsa 2 milliard 802,9 million manada deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde degişlilikde 19,9 we 10,4 göterim ösüş gazanyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda şu ýylyň 11 aýynyň dowamynda 765,4 million manatlyk senagat önümleri öndürildi. Şeýle hem 1 milliard 312 million manatlyk oba hojalyk we azyk harytlary öndürildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende degişlilikde 36,5 we 31,9 göterim ýokarlandy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça söwda haryt dolanyşygy 10 milliard 660,3 million manada deň boldy. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 8,5 göterim ösüş gazanyldy. Hyzmatlar ulgamynda 918,8 million manatlyk işler ýerine ýetirildi, şeýlelikde 15 göterim ösüş gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça senagat pudagyny, obasenagat toplumyny, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksport kuwwatlyklaryny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberleri ýokarlandy we olaryň görnüşleri giňeldildi. Bu bolsa içerki sarp ediş bazarlarynda islegleri kanagatlandyrmakda oňyn netijeler gazanylmagyny şertlendirdi. Şunlukda, içerki bazarda ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eýeleýän orny pugtalandy.

2016-njy ýylda 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depginleri 103,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji şu ýylyň geçen 11 aýynda 106,4 göterime deň boldy. Et, un, çörek-bulka, unaş, süýji-köke, gök we bakja önümçiliginde, şeýle hem derman senagatynda, sement, pagta süýümini öndürmekde oňyn ösüş gazanylýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň harytlarynyň eksport möçberleri 6,1 göterim ýokarlandy. Şunlukda, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň döredilmeginiň hem-de olaryň ösdürilmeginiň hasabyna ozal ýurdumyza getirilýän harytlaryň, şeýle hem çig mal serişdeleriniň, azyk we azyk däl harytlaryň möçberi 21 göterim azaldy.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň söwda pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi. Şeýle hem ol pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, onuň düzümlerini berkitmekde, täze iş orunlaryny döretmekde, ýurdumyzyň içerki sarp ediş bazarlarynda ýerli serişdeleriň hasabyna azyk önümleriň bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Häzirki döwre çenli Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan oba hojalygynda we azyk senagatynda 1,89 milliard manatlyk serişde özleşdirildi. Müňden gowrak kärhana döredildi, şunlukda 36 müň 199 iş orunlary emele geldi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagyny esasy ugur edinýän kärhanalar ýylda 2,29 milliard manatlyk möçberde önüm öndürýärler. Munuň özi süýji-köke, gök we bakja önümlerinden, doňdurmalardan, miwe we şerbetli suwlardan, alkogolsyz içgilerden, ýüň we deri önümlerinden ybaratdyr.

Senagat pudagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 3,08 milliard manatlyk maýa goýum serişdelerini özleşdirdiler. Umumy 593 desgany ulanmaga tabşyrdylar. Şunlukda, 11200 iş orunlary döredildi. Bu kärhanalarda gurluşyk serişdeleriniň, dokma önümleriniň, ýuwujy serişdeleriň, demir önümleriniň, mebelleriň, haly önümleriniň, kagyzyň, faýansyň, aýna gaplarynyň, alýuminiý, polietilen, plastik harytlaryň, akkumulýatorlaryň, hojalyk tehnikalarynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Söwda we hyzmatlar ulgamynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 3,2 milliard manatlyk maýa goýum serişdelerini özleşdirdiler. Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli desgalaryň 3 müň 317-si gurlup, ulanmaga berildi. Şunlukda 42 müňe golaý iş orunlary döredildi.

Gurluşyk pudagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň 2 müňden gowragy işleýär. Bu ýerde 53 müň iş orunlary döredildi. Olar 2012 — 2017-nji ýyllar aralygynda 1913 desgany gurdular.

Milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň ornuny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeler Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Bu maksatnamada Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna 56 sany senagat, oba hojalyk pudaklaryna degişli önümçilik kuwwatlyklaryny, söwda desgalaryny we hyzmatlar kärhanalaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak ynanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji dekabrda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, hojalygyň bazar gatnaşyklary ulgamyna geçilmeginde, ykdysady işiň täze görnüşlerini döretmekde telekeçilige möhüm orun degişli bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň hereket etmegi hem-de ösdürilmegi üçin aňrybaş mümkinçilikler döredilmelidir, zehinli, ugurtapyjy adamlaryň tekliplerine goldaw berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda telekeçileriň sany we olaryň iş alyp barýan ugurlary barha ýokarlanýar. Bu ulgamda bäsdeşlige ukyplylyk işjeňleşdirilýär. Munuň özi içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz senagat we oba hojalyk pudaklarynda alnyp barylýan işleriň diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilige daýanman, eýsem, hil taýdan täze tehnologiýalaryň binýadynda önümçiligiň ösüş depginleriniň ýokarlandyrylmalydygyny belledi. Işler diňe bir häzirki döwrüň wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilmän, eýsem, ýurdumyzyň ykdysady we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegini nazarlamalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda bar bolan serişdeleri seljermek, telekeçilik işiniň geljekki meýilnamalaryny işläp taýýarlamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Içerki bazarlary zerur bolan harytlar we önümler bilen üpjün etmek, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçilik mukdarlaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary berkidilýär. Hyzmatlar we söwda ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Aşgabatda we sebitlerde gurlan köp sanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ýurdumyzyň ilatyna we daşary ýurtly myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyny şertlendirýärler.

Merkezi Aziýada iri söwda toplumy bolan “Altyn asyr” Gündogar bazarynyň paýtagtymyzda peýda bolmagy döwrebap söwda çözgütleriniň Gündogar binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşmagyny şertlendirdi. Türkmenistanyň tutuş çäklerini köp sanly kerwensaraýlar, şol sanda Ýuwaş Ummanynyň kenarlaryndan Ýewropa çenli baryp ýetýän, gadym döwürlerden bäri belli bolan söwda ýoly gurşap alypdyr, bu ýola hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny bagyşlady.

Şunlukda, bölek we lomaý söwdanyň täze görnüşleri işjeň ösdürilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän dürli söwda toplumlary, iri söwda-dynç alyş we hyzmat merkezleri işewürlik ulgamynyň maýa goýum ýagdaýynyň ösýändigini, şeýle hem girdejileriň artýandygyny, ilatyň durmuş derejeleriniň ýokarlanýandygyny äşgär edýär.

2014-nji ýylyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi açyldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu taslamasyna ilkibaşdan ýurdumyzda döredilýän häzirki zaman söwda ulgamynyň möhüm bölegi hökmündäki dereje berildi. Toplumyň umumy eýeleýän meýdany abadanlaşdyrylan ýanaşyk ýerleri bilen bilelikde 17,5 gektara barabardyr. Onda 12 gatly binada işewürlik merkezi we oňa birleşdirilen 4 gatly söwda-dynç alyş merkezi we üsti ýapyk awtoduralga bar.
Söwda merkezinde 340-dan gowrak dükan, onlarça restoran, çaýhana, uly oýun zolagy, buzly meýdança, bowling zaly we kinoteatr bar. Bu ýerde iri söwda merkezleriniň işini guramakda hem-de döwrebap bezeg ýörelgeleri babatda öňdebaryjy çözgütler öz beýanyny tapdy.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda täze söwda we işewürlik merkezleri bina edildi. Olar paýtagtymyzyň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde, şeýle hem biraz irräk Balkanabatda, ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, pudakda kadalaşdyrylyş işiniň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň haryt öndürijilerine goldaw bermek, alyjylaryň hukuklarynyň goralyşyna hem-de olaryň bähbitleriniň berjaý edilişine gözegçiligi ýola goýmak, raýatlaryň howpsuzlyga, ýokary hilli harytlara bolan hukuklaryny hemmetaraplaýyn üpjün etmek içerki söwdanyň möhüm ugry bolup durýar.

Ösen we ýokary netijeli söwda önüm öndürijilerden, olary getirijilerden ýokary hil derejesiniň ýola goýulmagyny talap edýär we alyjylara ýetirilýän önümleriň hiline seredýän gözegçilik ulgamyna gatnaşýar. Şeýlelikde, ol döwletimiziň ilatyň saglygyna gönükdirilen tagallalaryna mynasyp goşant goşýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň çyzykly belgiler boýunça Milli guramasy bazarda hili kadalaşdyrmagyň we harytlaryň hem-de hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň möhüm guraly bolup durýan “GSI” — “Global Standart” halkara guramasynyň agzasy boldy. Şeýle hem Türkmenistana degişli çyzykly belgi berildi. Indi ýurdumyzda öndürilýän önümler 483 belgiden başlaýan çyzykly belgi bilen belgilenýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda çyzykly belgileri girizmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň onlarça müňe golaý görnüşlerine degişli belgi berildi. Türkmenistanyň GSI halkara ulgamyna goşulmagy ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynda ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe önümçilik möçberleriniň artýandygyny we ýokary hilli milli harytlarymyza bolan islegleriň ýokarlanýandygyny, önümlere çyzykly belgiler ulgamynyň ornaşdyrylýandygyny nazara alyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, harytlaryň eksport ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek, olaryň görnüşlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Bazar ykdysadyýetine geçilen döwürden bäri Türkmenistanda söwdanyň haryt biržasy görnüşi ösdürilýär. 2016-njy ýylda ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 245 söwdalaşyklar geçirildi. Olarda umumy bahasy 21,8 milliard manatdan gowrak bolan geleşikleriň 15,3 müňden gowragy hasaba alyndy. Eksport we import geleşikleri 13,1 milliard manat töweregi boldy. Gurluşyk boýunça 4,7 milliard manatlykdan gowrak şertnama baglaşyldy. Şu ýylyň 11 aýynda 227 söwdalaşyk geçirilip, olarda umumy bahasy 21 milliard 170,5 million manatlyk 17 müň 633 şertnama hasaba alyndy.

Daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmekde, bazar gatnaşyklaryny döretmekde, işewür başlangyçlary höweslendirmekde Söwda-senagat edarasyna möhüm orun degişli bolup durýar. Bu düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleriň hatarynda telekeçi düzümleriň we döwlet hem-de hojalyk dolanyşygyndaky edaralaryň arasynda gatnaşyklary guramaga goldaw bermek, Türkmenistanyň hususy ulgamyny halkara işewürlik bileleşigine utgaşdyrmak, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlaryny daşarky bazarlara ugratmak, içerki we daşary ýurt maýalaryny çekmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlar bar.

Soňky ýyllarda bu ugurlaryň ählisinde sazlaşykly ösüş duýulýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimize özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Daşary ýurtlaryň söwda-senagat edaralary we assosiasiýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda 70-e golaý ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekip, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy milli önüm öndürijileriň we senagatçylaryň bähbitlerini halkara bazarlaryna ugrukdyrýar. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda we çuňlaşdyrylmagynda has-da ähmiýetlidir. Şunlukda bu edara dürli forumlary, sergileri, duşuşyklary we maslahatlary yzygiderli guraýar.

Türkmenistanda jemgyýetçilik iýmiti, myhmanhana işewürligi, durmuş we işewürlik hyzmatlaryny hödürlemek ugurlary uly ösüş ýolunda. Bu ulgamlarda döwrebap tehnologiýalar, hyzmatyň mümkin bolan görnüşleri giňden ornaşdyrylýar. Restoranlarda, çaýhanalarda, naharhanalarda milli we dünýäniň köp sanly aşhana usullary, “fast-fut”, fitnes-barlar ulgamlary işjeň ulanylýar. Bäsdeşligiň ösüşine laýyklykda hyzmatyň derejesi ýokarlanýar. Ussatlyk boýunça bäsleşikler we festiwallar guralýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi milli aşhanalaryň halkara baýramçylygyny alamatlandyrdy. Onda ýurdumyzyň sportunyň ýeten derejesi bilen bir hatarda türkmen halkynyň ajaýyp myhmansöýerlik däpleri, ak mermerli paýtagtymyzyň ösen düzümi we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanan netijeleri aýdyň görkezildi, döwletimiziň ýeten belent sepgitleri “Aşgabat 2017” oýunlarynyň köp sanly myhmanlaryny haýran galdyrdy.

Meňzeş Täzelikler

7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası

“7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi

Stambul Uniwersiteti halkara talyplar üçin “7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi geçirer. Bu bäsleşik Stambuldaky Uniwersitetleriň …

Bir cevap yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir