Taryh
Taryh

Taryh

Türkmenistan dogrusynda gadymy medeniýetleriň siwilizasiýanyň ojagydyr. Ýurduň ähli ýerinde gadymy ýadygärlikleriň tutuş toplumy bar. Guş uçar belentlikden seredip görseň, gadymy şäherleriň, köne galalaryň, ekerançylyk meýdany bolan ýerleriň, dürli irrigasion desgalaryň… harabalyklary henizem taryhyň yzlary bolup ýatyr.

Türkmenistan dünýäniň arheologiýa hazynasy hasaplanylýar. Bu ýerde daş asyryndan başlap giçki orta asyrlara degişli ençeme ýadygärlikler saklanyp galypdyr.

Türkmenistan Änew, Bagabat, Nusaý, Altyndepe, Abywert, Sarahs, Garagan, Täkgala, Şähri-Weýeňňam, Şähri-yslam, Farawa, Maşat-Misseriýan, Togalakdepe, Merwerrut, Dandanakan, Ürgenç, Was, Şähri-Bossan, Margiana, Amul, Namazgadepe, Goňurdepe ýaly dünýä ylmynyň üns merkezinde duran, özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren ýüzlerçe arhitektura we arheologiýa ýadygärliklerine, medeni-ruhy gymmatlyklara baý ülke.

Türkmenistanda medeni-taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, medeni mirasy öwrenmek we halka ýaýmak babatda ençeme işler alnyp barylýar. 1999-nji ýylda gadymy Merwiň, 2005-nji ýylda Köneürgenjiň ýadygärlikleri, 2007-nji ýylda gadymy Nusaý galasy UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn-da soňky ýyllarda Türkmenistanda arheologiýa barlaglaryny alyp barmakda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär.

Gadymyýetiň syrly sahypalaryny öz goýnundan gizläp ýatan türkmen topragynyň dürli künjeginde daşary ýurtly alymlar bilen bilelikde arheologiýa gazuw-agtaryş işlerine türkmen hökümeti ýakyndan ýardam berýär. Olaryň netijesinde bolsa, uly açyşlaryň üstünden barlypdyr.

Muňa belli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň gadymy Marguş ýurdunyň paýtagty hasaplanýan Goňurdepede soňky 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçiren gazuw-agtaryşlarynyň netijesinde dünýä medeniýetiniň öň ylma näbelli bolan täze ojagynyň – Margiana medeniýetiniň üstüni açmagam mysaldyr. Bu açyk Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Mikliho Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligi bilen uzak ýyllaryň dowamyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň miwesidir.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Mejlisiň Deputatlarynyň, Halk Maslahatlarynyň Hem-de Geňeşleriň Çykyp Giden Agzalarynyň Ýerine Saýlawlar Geçirildi

Türkmenistanda Mejlisiň Deputatlarynyň, Halk Maslahatlarynyň Hem-de Geňeşleriň Çykyp Giden Agzalarynyň Ýerine Saýlawlar Geçirildi

Ýurdumyzda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça, şeýle hem halk maslahatlarynyň agzalarynyň, …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir