Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Täze Ýyla Bagyşlanan Çäreler
Täze Ýyla Bagyşlanan Çäreler
Täze Ýyla Bagyşlanan Çäreler

Täze Ýyla Bagyşlanan Çäreler

Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk görmek taryha girjek 2016-njy ýylyň soňky ongünlüginiň esasy meseleleriniň biridir. Bu meselä ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem-de şu hepdäniň başynda döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri bilen geçiren wideoşekilli iş maslahatynda garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleriň ýurdumyz boýunça ýokary guramaçylyk derejesinde, çagalaryň hem-de uly adamlaryň örän gowy görýän bu baýramynyň şatlykly, sahawatly we myhmansöýerlik ruhunda geçirilmelidigini belledi.

Täze ýyl her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, nurana arzuwlary hem-de täze maksatlary birleşdirýän baýramçylykdyr.Geçip barýan ýyldaky wakalaryň baý mazmunly bolmagy umyt-arzuwlarymyzyň hökman hasyl boljakdygyna ynam döredýär, çünki biz raýatlaryň abadançylygy döwletimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylan ýurtda ýaşaýarys. Şu günler ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda baýramçylyk söwdasy guralyp, dükanlaryň, söwda merkezleriniň tekjelerinde azyk önümleriniň bolçulygy, sowgatlyk we beýleki harytlaryň köpdürlüligi gözüňi dokundyryp, Täze ýyl bavramyny ýatdan çykmajak waka hökmünde garşylamaga ýardam edýär.

Türkmenistanda her bir baýramçylyk täze jaý toýlary bilen utgaşýar. Täze desgalaryň açylyş dabaralary aýratyn şatlyk bilen kabul edilýär. Täze ýylyň öň ýanyndaky günlerde Daşogzuň ýaşaýjylary täze gurlan jaýlary sowgat alarlar, bu ýerde dört gatly jaýlaryň ikisi ulanylmaga berler. Durmuşyň döwrebap ölçegleri obalarda hem duýulýar. Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Güdrolum obasynda bazarly söwda merkeziniň ulanmaga berilmegi muňa mysal bolup biler.

Gözel paýtagtymyzyň hem-de beýleki şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary ýollaryň ugrunda bezelen arçalary synlamakdan lezzet alýarlar. Ýurdumyzyň Täze ýyl lybasyna beslenmegi söýgüli we sabyrsyz garaşýan, jadyly hem-de syrly, şadyýan we hoşniýetli baýramyň ýakynlaşandygyna şaýatlyk edýär.

Medeniýet ulgamynyň işgärleri Täze ýyla bagyşlanan dürli çäreleri taýýarladylar. Ynha, geçen hepdede paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurt estradasynyň meşhur ýyldyzlary çykyş etdiler. Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sirk sungatynyň ussatlary çykyşlarynyň maksatnamalaryny 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet sirkinde açdylar. Çykyşlar 22-nji ýanwara çenli dowam eder. Munuň özi paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäheriniň myhmanlaryna hem çykyşlara tomaşa etmäge mümkinçilik berer.

Täze ýyla çenli galan günlerde bilim ulgamynyň ähli edaralarynda “Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!” diýen at bilen baýramçylyk çäreleri guralar. Şu günler ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, ministrlikleri we edaralary tarapyndan guralýan Täze ýyl baýramy bilen sazlaşýan çärelerde eziz Watanymyzyň şanyna ajaýyp owazlar, söýgi we mähir, gözellik hem-de ýagşylyk hakynda aýdymlar ýaňlanýar.

21-nji dekabrda paýtagtymyzyň “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi, Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan “Hoş geldiň, Täze ýyl, Arkadagly berkarar ýurduma!” diýen aýdym-sazly çäre geçiriler.

Täze ýylyň öň ýanyndaky hepde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda gyzykly maksatnamalarynyň birnäçesini öz içine alar. Elbetde, ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklary ýakmak dabarasy ýetip gelýän baýramçylygyň ajaýyp wakalarynyň biri bolar. Ol 23-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçiriler. Bu ýerde iň beýik owadan arça oturdylyp, onuň daş-töweregi ertekilerdäki şähere öwrüldi.

Paýtagtymyzyň baş arçasynda yşyklaryň ýakylan pursadyndan Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň merkezi meýdançalaryndaky Täze ýyl arçalary hem dumly-duşa ýalkym saçar. Oýnawaçlar we monjuklar, gümpüldewaçlar, zerli sapaklar, çyralar hem-de beýlekiler bilen bezelen baky ýaşyl öwüsýän arçalaryň ýanynda ajaýyp baýramçylyga döredijilik sowgatlaryny taýýarlan döredijilik toparlarynyň, teatr we sirk artistleriniň, belli estrada aýdymçylarynyň hem-de çagalar tans toparlarynyň çykyşlary guralar.

24-nji dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylyň çärelerini jemleýän “Milli miras sarpalydyr Arkadagly Watanda” atly dabara geçiriler.

Täze ýylyň öň ýanynda Aşgabatda, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýaş zehinli aýdymçylarynyň arasynda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemi jemlenýär we oňa gatnaşyjylaryň jemleýji konserti bolar.

Maslahat köşgüniň sahnasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmenistanda hünär ussatlygynyň belentliklerine çykmak üçin ähli şertler döredilen estrada ýyldyzlarymyz, ýaş zehinlerimiz çykyş ederler. Bu döredijilik agşamyna teletomaşaçylaryň millionlarçasy gaýybana gatnaşar. “Mawy ekranyň” öňünde Täze ýyly garşylamagy gowy görýänler üçin dynç alyş gepleşikleri, täze filmler taýýarlandy.

Ýola goýlan däbe görä, 28-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç merkeziniň öňündäki ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda geçiriler. Bu ýerde ýaş türkmenistanlylar, belli çagalar döredijilik toparlary çykyş ederler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň gülläp ösüşini, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyga, demokratiýa hem-de ösüşe ygrarlylygyny alamatlandyrýan Konstitusiýa binasynyň golaýynda owadan arçanyň oturdylmagynyň çuňňur manysy bar. Şu ýyl ygtybarly binýadyň–Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň ählihalk tarapyndan kabul edilmegine beslendi. Onuň esasynda özygtyýarly ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakynda alada öňe sürülýär.

Söwda-senagat edarasy hem çagalary kabul eder. Onuň zallarynyň birinde belent we owadan arça oturdyldy. Bu ýerde Täze ýyl nyşanlary bilen baýramçylyga mahsus bolan ýagdaý döredildi. Aýazbaba we Garpamyk her ýylky wezipelerine aýratyn jogapkärçilikli taýýarlanýar. Olar täsin ukyp-başarnyklaryny görkezip, cagalar bilen owadan arçalaryň daşynda Täze ýyl tansyny ýerine ýetirerler.

Ýanwar aýynyň 1-den 10-y aralygynda Söwda-senagat edarasynda we “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde çagalar üçin çäreler geçiriler. Olara täze ýyl sowgatlary, şadyýan oýunlar, bäsleşikler, ertekilerdäki söýgüli gahrymanlary hem-de Gündogar senenamasy boýunça 2017-nji ýylyň nyşany bolan horaz bilen duşuşyklar garaşýar. Ýaş türkmenistanlylar üçin täze ýyl çykyşlary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gyşky mekdep dynç-alyş günleri tamamlanýança guralar we olar çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüler.

Şüweleňler we dürli öwüşginli çykyşlar Täze ýyl çäreleriniň aýrylmaz alamatydyr. 29-njy dekabrda Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynda “Watanyma bagt bolup gel, Täze ýyl!” atly baýramçylyk çykyşlary guralar. Döwlet sirkiniň, Baş drama teatrynyň we Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri bolsa 30-njy dekabrda “Hoş geldiň, Täze ýyl, Türkmen ilime!” atly çykyşlaryny görkezer.

Ýurdumyzyň sungat ussatlary geçip barýan ýylyň soňky güni “Ylham” seýilgähinde, Döwlet sirkiniň öňünde, welaýatlaryň baýramçylyk lybaslaryna beslenen meýdançalarynda döredijilik sowgatlary bilen çykyş eder.

31-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde uly Täze ýyl çykyşlary baýramçylyk dabaralarynyň esasyny düzer. Olara ussat aýdymçylar, aýdym-saz toparlary, teatr we döredijilik toparlary gatnaşar. Bu ýerde ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda teleköpri guralar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlener. Täze, 2017-nji ýyly garşylamak dabaralaryny ajaýyp baýramçylygyň şanyna agşamky asmany bezeýän dürli öwüşginli feýerwerk jemlär.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir