Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Tebigy Hazynalaryň Ylmy Açary
Tebigy Hazynalaryň Ylmy Açary
Tebigy Hazynalaryň Ylmy Açary

Tebigy Hazynalaryň Ylmy Açary

Türkmenistan gaz görnüşli uglewodorod serişdeleri boýunça iň baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Munuň bilen bir wagtda hem alymlar ýurdumyzyň düzlük meýdanlarynda, şeýle hem Günbatar-Türkmen dag çöketliginiň çäklerinde geçirilýän geologiýa, geofizika we buraw barlaglary netijesinde gazyň we gaz kondensatynyň gorlarynyň düýpli bilelikde özleşdiriljekdigine ynanýarlar.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň işgärleri pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmagyň meseleleri bilen meşgullanýar. Uglewodorod känlerini netijeli gözlegini we barlagyny ylmy-barlag institutynyň işgärleriniň nähili amala aşyrýandygy barada TDH-nyň habarçysyna geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty, institutyň direktorynyň orunbasary Taganguly Ilamanow gürrüň berýär:

—Ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamasynda “Nebitgaz önümlerini, hususan-da, uglewodorod serişdelerini iň häzirki zaman tehnlogiýalary esasynda düýpli gaýtadan işlemegi, benzin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, nebit önümleri ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli dürli önümleri öndürmegi ýola goýmagy gazanarys” diýlip, anyk aýdylandyr.

Gyýanlyda we Owadandepede gurulýan zawodlar hut şu maksatlara gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparyny amala aşyranda golaýda bu ýerlerde bolup, bu ägirt uly senagat kärhanalarynda gurluşygyň gidişi bilen tanyşdy hem-de işçiler we hünärmenler bilen duşuşdy. Olar öňde duran saýlawlarda hormatly Prezidentimize zähmet toparlarynyň öz seslerini bermek isleýändiklerini äşgär etdiler.

Bu täze desgalar sebitleriň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, umuman, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ýardam etmelidir. Şunuň ýaly, täzeçil kärhanalaryň durnukly işini üpjün etmek bilen baglylykda, gaz serişdelerini gözlemegiň we almagyň tehnologiýalarynyň, täze ýataklary netijeli özleşdirmegiň ähmiýeti artýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gaýtadan işleýän kuwwatlyklary artdyrmak, gazhimiýa toplumyny döretmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak bilen pugta baglanyşykda uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak wezipesini öňde goýmak bilen, gaz pudagyny hut şeýle ugurda ösdürmäge gönükdirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurduň senagat taýdan ösüşiniň mümkinçiliklerine şunuň ýaly strategiki nukdaýnazardan garamagy, elbetde, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde ýokary derejeli taýyn haryt önümlerini ählumumy bazarda ýerleşdirmek we bu ulgamdan býujete gelýän serişdeleri köpeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we dünýäniň tehnologiýa taýdan ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orun eýelemäge ýurdumyza mümkinçilik berer.

Tebigy gaz institutynyň alymlary hem-de hünärmenleri binýatlaýyn ylmy barlaglardan başga-da, geologiýa-gözleg işleriniň netijelliligine we hiline gönüden-göni täsir edýän amaly barlaglaryň möçberini hem üzül-kesil giňeltdiler. Ylmy-barlag institutyň işgärleriniň ylmy işleriniň mowzuklary hem geologiýa-gözleg işleriniň usullaryny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň gaz çykarýan pudaklaryny uglewodorod serişdeleriniň barlag edilen gorlary bilen üpjün etmek boýunça dürli görnüşli ylmy-amaly maslahatlary işläp düzmek hem-de ornaşdyrmak, pudagyň kuwwatyny artdyrmak we baý uglewodorod serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen içgin baglanyşyklydyr.

—Ylym-barlag institutynyň geologiýa bölüminde ugurdaş barlaghanalaryň bäşisi hereket edýär. Bu ylmy bölümler nähili barlaglary geçirýär?

—Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüş strategiýasy täze geljegi uly meýdanlary we känleri çaklamak we ýüze çykarmak, olaryň gözlegini tizleşdirmek, şeýle hem senagat taýdan özleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmegi talap edýär. Şonuň üçin hem geologiýa bölüminiň barlaghanasynyň ylmy işgärleri amaly ylmy-barlaglara uly üns berýärler. Türkmenistanyň mezozoý gatlakly sebitlerindäki we Günbatar-Türkmen çöketliginiň kaýnozoý gatlaklaryndaky nebitgaz gatlaklarynyň geologiýasy, biolitostratigrafiýasy, merkezi Türkmenistandaky ýura döwrüniň gatlaklarynyň litmologiýasy we gazlylygy, nebitgazly paleologiki basseýnler öwrenilýär.

Barlaghanalarda Merkezi we Gündogar Türkmenistanyň täze guýularyndan, Durji, Mydar, Gündogar Mydar, Ýylakly, Geýazly, Siňren, Gutlaýak, Günbatar Garajaowlak, Garamaşal, Hojabulan, Rahoj, Günbatar Böwrideşik, Derwezekem, Ýolöten, Agarguýy, Balhan ýataklarynda we gözleg meýdançalarynda burawlanyp alnan kernleriň köp sanly görnüşlerini görmek mümkin. Bu görnüşleriň barlaglary hem-de geologiýa gözlegleriniň beýleki maglumatlary bu meýdançalaryň gazly gatlaklaryny jikme-jik öwrenmäge hem-de olaryň aýratynlyklary bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli gözleg we beýleki müdirliklerini tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa ýerleri özleşdirmegi üzül-kesil tizleşdirdi.
Barlaghanalarda Merkezi we Günotra-Gündogar Türkmenistanyň gaz ýataklary boýunça geologiýa we geofizika maglumatlary toplumlaýyn seljermek we jikme-jik işlemek alnyp barylýar. Bularyň hemmesi geljegi uly sebitler we ýerler boýunça 2D we 3D seýsmiki gözleg işleriniň hem-de guýulary burawlamagyň kömegi bilen geologiýa gözleg işleriniň esasy ugurlaryny ylmy taýdan esaslandyrmaga mümkinçilik berdi.

Biziň işgärlerimiz her ýylda ýataklar boýunça nebit we gaz gorlaryna dessine baha bermegi we gaýtadan baha bermegi amala aşyrýarlar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda şeýle işler Garajaowlak gaz kondensat, Geýazly gaz kondensat, Mydar nebitgaz, Tamdyrly gaz kondensat ýataklarynyň toplumy boýunça ýerine ýetirildi. Munuň özi bolsa bu ýerasty hazynalaryň serişdelerini has takyk kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

—Tebigy gaz institutynyň hünärmenleri “Galkynyş” ýatagynda nähili işleri alyp barýarlar? Bu işiň nähili netijeleri bar? Bu meýdançany özleşdirmegiň geljegi nähili?

—Häzir ýurdumyzyň geologlary tarapyndan açylan ägirt uly gaz ýatagy bolan “Galkynyş” gaz käninde “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmengaz” konserniniň buraw toparlary gaz ýatagyny özleşdirmegiň ulanyş burawynyň birinji tapgyryny alyp barýarlar hem-de ikinji we üçünji tapgyryň burawlaryna taýýarlanýarlar. Bu ýatak dag geologiýa şertleri boýunça örän aýratyn bolup, guýulary gurmakda ylmy-tehniki gulluklar tarapyndan ýokary üns berilmegini talap edýär.

Guýulary gurmakda esasy kynçylyk gaz ýatagy peýdalanylanda ondan gaz çykymynyň iň ýokary derejesini almak üçin şertleri döretmek maksady bilen, ulanyş sütüniniň uly diametrini saklamakdan ybarat bolup durýar. Şunda, häzirki zaman buraw enjamlary ulanylýar, guýulary taslama çuňlugyna çenli üstünlikli burawlamaga mümkinçilik berýän iň netijeli gurnamalar saýlanyp alynýar. Biziň hünärmenlerimiz çuňňur burawyň maglumatlaryna dessine seljerme geçirýärler. Bu bolsa institutyň işgärlerine guýularyň dürli ölçegli tehniki sütünlerini we ulanyş sütünlerini ulanmak boýunça birnäçe netijeli teklipleri işläp düzmäge mümkinçilik berdi.
Ýura döwrüniň ýokarky gazly gatlagy doly açylandan soň, guýulary burawlamagy bes etmek boýunça teklipler burawçylar üçin uly goldaw boldy. Mundan başga-da, ähli burawlanan guýulara ylmy-barlag institutyň hünärmenleri degişli aralyklary kesgitlediler. Olardan gaz akymynyň ýokary çykymy alyndy. Kislota bilen gaýtadan işlemegi ulanmak boýunça görkezmeler käbir guýularda gaz akymynyň üzül-kesil artmagyna hem-de gaz ýatagyny özleşdirmegiň eýýäm birinji tapgyrynda mawy ýangyjy çykarmagy artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Institutyň barlaghanalarynda ýokary berkidijilige hem-de gyzgynlyga we duzlulyga, şol sanda polimineral (rapa) täsirlerine durnukly häsiýete eýe bolan laýly sulfatnatriý buraw ergini işlenip düzüldi we barlandy. Şeýle buraw erginini minerallaşdyryjy hökmünde “Garabogazsulfat” önümçilik birleşigi tarapyndan öndürilýän natriý sulfaty ulanylýar. Natriý sulfatly buraw ergini çylşyrymly dag-geologiýa şertlerinde, şol sanda “rapa ýüze çykmasy” şertlerinde guýularyň 40-syny burawlamak üçin peýdalanyldy.

Bu buraw erginini ulanmak daşary ýurtlardan getirilýän himiki reagentlere, agramlyklara we buraw isgenesine çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berdi. Bu erginler bilen Döwletabat gazkondensat ýatagyndaky guýularyň 7-sinde açyk sütünli gaz kondensatly gatlagy açyldy. Aýratyn usul boýunça taýýarlanan buraw erginini ulanmak netijesinde “Galkynyş” gaz känindäki diňe 307-nji belgili guýuda iki ýarym million manatlyga golaý ykdysady peýda gazanyldy.

Ulanyşdan başga-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Galkynyş” gaz käninde barlag burawyny hem geçirýär. Bu guýular boýunça hem dürli tehniki we ulanyş sütünlerini goýbermek boýunça, guýularyň burawy tamamlamak üçin çuňlugyny saklamak boýunça maslahatlar berildi, degişli aralyklar teklip edildi. Institutyň işgärleriniň synag meýilnamalaryna gowşak öýjükli gatlaklar hem goşuldy. Bu gatlaklarda gazyň uly çykymlary – gije-gündiziň dowamynda 800 müň kub metrden gowrak gaz alyndy.

Biziň hünärlerimiz tarapyndan bu ulanylýan guýularda özleşdirmegiň I, II we ondan soňraky tapgyrlarynda alnan kernleri öwrenmek boýunça alyp barýan işleri hem karbonat jisimleri we tutuşlygyna kollektoryň häsiýeti boýunça, ýatagyň aýry-aýry bölekleri, şeýle hem onuň kesigi boýunça has doly maglumatlary almaga mümkinçilik berer. Bu maglumatlar ýokary ýura karbonat toplumynyň geologiki gurluşy barada düşünjäni gowulandyrmakda, diýmek, gazyň gorlaryna ahyrky baha bermegi gowulandyrmakda we “Galkynyş” gaz käniniň geologiki görnüşini takyklamakda möhüm ylmy ähmiýete eýedir.
Häzir ägirt uly gaz gorlaryna eýe bolan bu tebigy hazyna özleşdirmegiň ilkinji tapgyrlarynda durýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda geologik gorlara baha bermek diňe geologiýa görnüşi bilen gurşalan meýdan bilen çäklenýär (ýatagyň ahyrky tutýan meýdanyny indi kesgitlemeli). Ýöne, “Galkynyş” gaz käniniň bu çäkleriň daşyna çykýan bolmagynyň ähtimallygy örän ýokarydyr. Uly düzüm utgaşmasyny tassyklaýan goşmaça seýsmiki we guýy barlaglary geçirilenden soň, gaz gorlaryna baha bermekde artýan tarapynyň göz öňünde tutulmagy ähtimal, alnan netijeler bolsa ägirt uly gazly meýdany netijeli peýdalanmak üçin ulanylar.

—Tebigy ýangyjyň täze ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça nähili barlaglar alnyp barylýar?

—Gaz görnüşli uglewodorodlaryň täze ýataklaryny gözlemekde geofizika bölüminiň işgärleriniň barlaglary uly ähmiýete eýe bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, barlag-gözleg işleriniň netijeliligi we ýatagy özleşdirmek boýunça amatly taslama çözgütleri geologiýa desgasynyň geologiki-geofiziki görnüşleriniň ygtybarlylygy bilen kesgitlenýär. Öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalaryny ulanmak biziň alymlarymyza ýerüsti we guýy geofizikasynyň maglumatlaryny gaýtadan işlemegiň we ondan netije çykarmagyň täze derejesine geçmäge mümkinçilik berdi.

Geofizika bölüminiň institutyň tehniki taýdan iň bir enjamlaşdyrylan bölümleriniň biri bolup durýandygyny aýtmak gerek. Bu ýerde 3D göwrümleýin seýsmiki gözlegiň we “Geoframe”, “Petrel” (Fransiýa), “Discovery-1”, “Ceic-Geo”, “Geopoisk” (Russiýa) häzirki zaman kompýuter programmalaryny ulanmak arkaly guýularyň geofiziki barlagynyň maglumatlaryndan toplumlaýyn netije çykarmak ýerine ýetirilýär. Iň täze tehnologiýalary peýdalanmak önümçilik guramalaryna gazly gatlaklary üstünlikli açmak üçin zerur bolan takyk netijeleri almaga mümkinçilik berdi.

Şeýlelikde, döwrebap barlaglar “Galkynyş” we “Ýaşlar” gaz känleriniň geologiki gorlaryna baha bermäge mümkinçilik berdi. Geofizika bölüminiň işgärleri tarapyndan Gögerendag-Ekerem zolagy boýunça birnäçe amaly maslahatlar taýýarlandy we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna berildi. Häzirki wagtda bu maglumatlar esasynda önümçilik guramalary tarapyndan Keýmir, Akpatlawuk, Nazar-Ekerem, Gerçek we Gündogar Gamyşlyja ýataklarynda buraw işleri ýerine ýetirilýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag instituty tarapyndan ýerine ýetirilen işläp taýýarlamalar we teklip edilen ylmy-amaly maslahatlar önümçilige giňden ornaşdyrylýar hem-de gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze gorlaryny ýüze çykarmak bilen baglanyşykly ençeme möhüm wezipeleri çözýär.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

2017-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir