Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / (TENDER) Türkmengaz Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär
(TENDER) Türkmengaz Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär
(TENDER) Türkmengaz Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär

(TENDER) Türkmengaz Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär

Bäsleşik 2017-nji ýylyň 12-nji fewralyna (12.02.2017) çenli dowam eder.

«Türkmengaz» Döwlet konserni material-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça

№ T/GAZ-125 belgili açyk Bäsleşik yglan edýär

Lot №1 – turbalar we metal önümleri;

Lot №2 – zawod enjamlary;

Lot №3 – elektrotehniki enjamlar

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, «Türkmengaz» DK, 13-nji gat salgysy bilen ýüz tutup:

– bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

– «Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri» we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

– Lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

– Yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Gerekli bolan ähli maglumatlary  ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Elektron salgymyz: turkmengaz@online.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40- 37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42

Bäsleşik boýunça teklipler — 17.02.2017 ýyla, ýerli wagt bilen 12:00-a çenli kabul edilýär.

Görkezilen seneden giç gelen teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleriniň geçirilenden soň seljerilip başlanjakdyr.

Bäsleşik bukjasynda hökmany suratda anketanyň elektron nusgasy, şertnamanyň esasy şertleri («Word» formatda) we tehniki-ykdysady ýöriteleşmeleri («Excel» formatda) bolmalydyr.

Elektron salgymyz: turkmengaz@online.tm

 

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

2017-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir