Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / (TENDER) Türkmennebit Demirgazyk Goturdepe Ýatagynda Guýulary Gurmak Boýunça Halkara Bäsleşigini Yglan Etdi
(TENDER) Türkmennebit Demirgazyk Goturdepe Ýatagynda Guýulary Gurmak Boýunça Halkara Bäsleşigini Yglan Etdi
(TENDER) Türkmennebit Demirgazyk Goturdepe Ýatagynda Guýulary Gurmak Boýunça Halkara Bäsleşigini Yglan Etdi

(TENDER) Türkmennebit Demirgazyk Goturdepe Ýatagynda Guýulary Gurmak Boýunça Halkara Bäsleşigini Yglan Etdi

«Türkmennebit» döwlet konserni 2017-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndan 27-nji fewraly aralygynda Hazar deňziniň ýalpaklygynda ýerleşen Demirgazyk Goturdepe ýatagynda guýulary gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi.

Guýulary gurmaklyk Demirgazyk Goturdepe känini özleşdirmegiň maýa goýum taslamasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde meýilleşdirilýär. Bäsleşige iki sany lot goşuldy — turbalary satyn almak we metalprokat, şeýle hem zawod, tehnologik we buraw enjamlaryny satyn almak.

Öň habar berlişi ýaly, 2017-nji ýylyň ýanwarynyň başynda «Türkmennebit» DK-sy Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşen geljegi uly Demirgazyk Goturdepe ýatagyny özleşdirmek boýunça bahasy 600 million amerikan dollaryna barabar bolan taslamany işläp düzdi.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin «Türkmennebit» daşary ýurt kompaniýasy bilen bilelikdäki kärhanany döretmegi meýilleşdirýär. Şunda işleriň 90 göterimini «Türkmennebit» döwlet konserni ýerine ýetirer, geljekki maýa goýujy bolsa hyzmatlary ýerine ýetirer.

Geçirilen seljermeler bu meýdanda örän baý uglewodorod ýataklarynyň bardygyny tassyklaýar. Täze ýatagy özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde jemi 60 sany gözleg-barlag we ulanyş guýularyny, şeýle hem beýleki zerur desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Deslapky hasaplamalara görä, bu meýdany özleşdirmegiň birinji tapgyrynda nebitiň ätiýaçlyk geologiýa gorlarynyň takmynan 38,5 million tonna, bu işleriň dowam etmegi bilen, ýatagyň umumy ätiýaçlyk gorlarynyň 87,3 million tonna ýetmegi mümkin. Ilkinji ýedi ýylyň dowamynda bu ýerden 6 million 855 müň 771 tonna golaý möçberinde nebit çykarmak göz öňünde tutulýar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Mejlisiň möhletinden öň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir