Baş Sahypa / SPORT / Tennis Boýunça Halkara Ýaryşyna Gatnaşyjylaryň Final Tory Kesgitlendi
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk tennis desgasynda 18-ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda halkara synag ýaryşy dowam edýär

Tennis Boýunça Halkara Ýaryşyna Gatnaşyjylaryň Final Tory Kesgitlendi

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk tennis desgasynda 18-ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda halkara synag ýaryşy dowam edýär. Geçen dynç günlerinde deslapky duşuşyklar geçirildi. Ol duşuşyklaryň netijesi esasynda, 19-njy sentýabrda olimpiýa usulynda medallar ugrunda göreşe başlajak oýunçylaryň final tory kesgitlendi.

Ýaryşa Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Ukrainadan, Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan 100-e golaý türgen gatnaşýar. Saýlama ýaryşlarynyň barşynda Ýunus Öwezgeldiýew bilen Allanur Daýançjyýewiň (ikisem Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan) arasynda çekeleşikli duşuşyk boldy. Bu duşuşyk iki sagatdanam uzaga çekdi. Birinji döwde oýnuň ykbaly taý-breýkde çözüldi. Onda Ýunus 7:6 hasaby bilen ýeňdi.

Ikinji döwde A. Daýançjyýew bada-bat döwüň üç oýnuny öz peýdasyna tamamlady. Ýöne Ý. Öwezgeldiýew garşydaşynyň oýnunyň hötdesinden gelmegiň alajyny tapdy. Ol ýuwaş-ýuwaşdan oýnuň gidişini öz eline aldy hem-de döwüň yzly-yzyna alty oýnuny utup, ikinji döwi 6:3 hasabynda ýeňiş bilen tamamlap, ýaryşyň final bölüminde çykyş etmäge hukuk gazandy. 

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Andreý Kaşşenko medallara baş dalaşgär bolup durýar. Onuň ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi örän ýokarydyr. Şu ýaryşyň öňüsyrasynda  “Aşgabat” köpugurly sport  toplumynyň tennis meýdançasynda her ýylda geçirilýän “Aşgabat-Cup” ýaryşynda Andreý altyn medala mynasyp boldy. 

Daşary ýurtly türgenleriň hatarynda “Aşgabat-Cup-2016” ýaryşyň finalçysy, Özbegistanyň toparynyň wekili Ýasmin Karimjanowany bellemek gerek. Bilermenleriň pikirine görä, bu tennisçi Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysynyň birinji belgili türgeni Diana Bezruçenkonyň esasy bäsdeşi bolar. 

Olimpiýa şäherjiginiň tennis korty ilkinji gezek halkara derejesindäki ýaryşy kabul edýär. Şonuň üçin hem bu sport desgasy barada myhmanlaryň pikirini bilmek örän gyzykly bolup durýar. Ýaryşyň baş emini, Türkiýe döwletinden halkara derejeli emin Erkan Tarhan Ahmetiň aýtmagyna görä, Aşgabadyň ýapyk tennis meýdançasynyň artykmaçlygy onuň maýyşgaklygyndan ybaratdyr. Olar açyk meýdançalar bilen deňeşdireniňde has ýumşakdyr. Bu bolsa topuň ýere degip böküşine täsir edýär. Top meýdana degip özüniň ilkibaşdaky tizligini ýitirýär. Munuň özi emeli yşyklandyryşda çykyş edýän türgenler üçin örän wajyp ähmiýete eýedir.

Dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän şeýle sport toplumlarynyň birnäçesini görmek maňa miýesser etdi, diýip, daşary ýurtly emin sözüni dowam edýär. Mysal üçin, Katardaky ýapyk tennis kortlary diňe bir Aziýa yklymynda däl, eýsem-de bolsa dünýäde hem iň gowy hasaplanýar. Emma häzirki ýaryşlaryň görkezişi ýaly Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň tennis meýdançalary hem ol meýdançalardan birjik-de kem oturmaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň  sport düzümini ösdürmäge aýratyn üns berýär. Milli Liderimiziň  başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigini gurmak boýunça taslama amala aşyrylýar. Bu ýerde ýene bir ýyldan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, geçiriler. Bu toplumlaýyn sport forumynyň maksatnamasyna tennis boýunça ýaryş hem girýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýaryş diňe bir türgenler hem-de tälimçiler üçin däl-de, guramaçylar hem-de meýletinçiler üçin hem taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar.

Şeýlelikde, şu gün Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk desgasynyň tennis meýdançasynda ýekelikde  oýnaýan ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda 1/16 finalyň duşuşyklary geçiriler. Agşam bolsa bu ýerde ýaryşyň dabaraly açylyşy bolar. Ol ýaryşa gatnaşyjylaryň dabaraly ýörişini, konsert maksatnamasyny we türkmen türgenleriniň görkezme çykyşlaryny öz içine alar.

Ýaryş 26-njy sentýabra çenli dowam eder.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Türgeniniň Bürünç Medaly

Türkmen Türgeniniň Bürünç Medaly

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleri bürünç medaly gazandylar. Şu gün …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir