Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TOPH Gaz Geçirijisiniň 214 Kilometrlik Bölegini Abadanlaşdyrmagyň Taslama-Çenlik Resminamalaryny Taýýarlamak Işleri Tamamlanyp Barýar
TOPH Gaz Geçirijisiniň 214 Kilometrlik Bölegini Abadanlaşdyrmagyň Taslama-Çenlik Resminamalaryny Taýýarlamak Işleri Tamamlanyp Barýar

Bir ýyl mundan ozal „Türkmengaz“ döwlet konserniniň düzüminde „Türkmengazinžiniriň we gurluşyk“ müdirligi döredildi. Bu edaranyň hünärmenleriniň öňünde önümçilik we tehnologiýa binalaryny, magistral gaz geçirijilerini işläp taýýarlamak, taslama-barlag, geodeziýa, inženerçilik-gözleg işlerini geçirmek wezipesi goýuldy.

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) döwletara gaz geçirijisiniň türkmen böleginde müdirligiň hünärmenleri geljekki gazgeçiriji ulgamyň 73 kilometrlik böleginiň taslama resminamalaryny taýýarladylar. Şu ýylyň aprel aýynyň ahyryna çenli Türkmenistanyň içinden geçýän gaz geçirijiniň 214 kilometr bölegindäki işleriň ähli görnüşleriniň taslama-çenlik resminamalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Hünärmenler geljekki binalaryň düzümindäki gaz geçirijileriň, suw, elektrik ulgamlarynyň, ýollaryň we beýleki ýerüsti kömekçi bölekleriň gurluşygynyň taslamalaryny taýýarlaýarlar.

***

„Türkmengazinžiniriň we gurluşyk“ müdirliginiň hünärmenleri öz güýji bilen tehnologiýa enjamlaryny-klapanlary, sürme kiltleri, şeýle hem barlag-ölçeýji enjamlary we gije-gündizde 2 million kub metr tebigy gaz berýän skwažinalaryň turbalarynyň agzyny oturtdylar. Bu işler ägirt uly „Galkynyş“ ýatagyndaky 280-nji skwažinada ýerine ýetirildi. Golaýdaky 296 we 305-nji skwažinalarda enjamlar we barlag-ölçeýji enjamlar oturdylandan soň olaryň üçüsem eksprot gaz geçiriji ulgama birikdiriler.

Enjamlary oturtmak we ýörüte turbalarda kebşirleme işleri boýunça döwrebap täze tehnologiýalary özleşdiren soň kärhananyň hünärmenleri ozal bu işleri şertnama esasynda ýerine ýetiren daşary ýurtly kärdeşlerine derek işlärler.
Wladimir KOMAROW

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir