Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TOPH Taslamasyny Durmuşa Geçirmegiň Meseleleri Maslahatlaşyldy
TOPH Taslamasyny Durmuşa Geçirmegiň Meseleleri Maslahatlaşyldy
TOPH Taslamasyny Durmuşa Geçirmegiň Meseleleri Maslahatlaşyldy

TOPH Taslamasyny Durmuşa Geçirmegiň Meseleleri Maslahatlaşyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Malik ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Abdul Malik iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi sebit we global derejede ykdysady ösüşe ýardam etjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetini belledi.

Mälim bolşy ýaly, TOPH magistralynyň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda başlandy. Gaz geçirijiniň umumy uzynlygy 1814 metr, şol sanda Türkmenistanyň çäginde – 214 kilometr, Owganystanda – 774 kilometr, Pakistanda Hindistan bilen serhetde ýerleşýän Fazilka ilatly nokadyna çenli – 826 kilometr bolmaly.

Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar. Ýerli kömekçi düzümleri bilen bilelikde gaz geçirijini 2019-njy ýylyň dekabrynda ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ilçi Pakistana türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamanyň möhümdigini belledi. Pakistan Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek bilen bagly başlangyçlaryny doly goldaýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutany we Pakistanyň doly ygtyýarly wekili medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň baý taryhy we çuňňur däpleri bolup, olara eýermek bilen taraplar ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, ylym we bilim edaralarynyň, döredijilik merkezleriniň derejesinde göni gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

2017-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir