Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türk Ýyldyzy Aşgabatda
Türk Ýyldyzy Aşgabatda
Türk Ýyldyzy Aşgabatda

Türk Ýyldyzy Aşgabatda

“Onuň arabasy bar…” Bu setirleri okanyndan, okujylarymyzyň köpüsi gürrüňiň kim barada barýandygyny aňan bolsalar gerek. Meşhur türk aýdymçysy, dünýä belli estrada ýyldyzy, kino aktýory Mustafa Sandal Täze ýylyň öň ýanynda türkmen paýtagtynda geçirilýän konsertler tapgyrynda çykyş etmek üçin nobatdaky gezek Aşgabada geldi. Paýtagtymyzdaky Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň buzly meýdançaçynda türk ýyldyzynyň konserti boldy.

Bu konsert Mustafanyň aýdymlaryny söýýänler üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Aýdymçynyň “Bäş minara” filmini görüp, aýdymlaryny diňläp, ýakyndan görmegi arzuwlap ýören ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygy has-da artdy. Belli estrada ýyldyzy sahna çykan badyna türkmen topragynda özüne nähili hormat goýulýandygyny duýan bolsa gerek. Ol bu günki konsertde täze albomyndan “Dowamy bar”, “Men bolsadym”, “Ählisi söýgüden” ýaly aýdymlary bilen birlikde köpleriň söýgüsini gazanan “Onuň arabasy bar…”, “Aýa meňzär” diýen belli aýdymlaryny we “Küştdepdini” ýerine ýetirdi.

Meşhur aýdymçy Türkmenistanda özüni edil ata Watanynda ýaly duýýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp şygyryndan we owazyndan dörän “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ajaýyp aýdymy ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar ör turup bu aýdymy aýdymçy bilen bilelikde aýtdylar. Aýdymy türk ýyldyzynyň we tomaşaçylaryň tolgunmak bilen ýerine ýetirişini görüp, Watanymyza bolan buýsanjyň artýar.

Dürli öwüşgine beslenen çykyşlar tomaşaçylarda uzak wagtlap ýatdan çykmajak ýakymly täsir galdyrdy.

Meşhur daşary ýurtly myhmanlaryň türkmen milli lybasyny sowgat hökmünde kabul edip, buýsanç bilen geýmegi indi asylly däbe öwrüldi. Aýdymçynyň konsertiň ahyrynda türkmen donuny we telpegini geýip aýdan aýdymlary türkmen we türk halklarynyň gadymdan gelýän mizemez dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has-da berkeýändiginiň nyşanyna öwrüldi. Mustafa Sandal türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlap, myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Ählumumy Energetika Howpsuzlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşylýar

Türkmenistanda Ählumumy Energetika Howpsuzlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşylýar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda VIII Halkara gaz kongresi (TGC – 2017) hem-de oňa gabatlanyp guralýan …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir