Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen Alymlary Gowaçanyň Şor Topraga Durnuklylygyny Ýokarlandyrmak Boýunça Ylmy Barlaglar Geçirýärler
Türkmen Alymlary Gowaçanyň Şor Topraga Durnuklylygyny Ýokarlandyrmak Boýunça Ylmy Barlaglar Geçirýärler
Türkmen Alymlary Gowaçanyň Şor Topraga Durnuklylygyny Ýokarlandyrmak Boýunça Ylmy Barlaglar Geçirýärler

Türkmen Alymlary Gowaçanyň Şor Topraga Durnuklylygyny Ýokarlandyrmak Boýunça Ylmy Barlaglar Geçirýärler

Şor ýerler, gyzgyn we sowuk howa, guraklyk we ygal ýetmezligi oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň peselmeginiň esasy sebäpleridir. Ekinleriň hasyllylygy daşky gurşawyň dürli şertlerine durnuklylygyna bagly bolýar. Ösümlikleriň fiziologiýasynyň meseleleri ýiti kontinental howaly sebitlerde aýratyn möhümdir, biziň ýurdumyz hem oňa degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we dermanlyk ösümlikler institutynyň hünärmenleri peýdaly ösümlikleriň dürli toprak-howa şertlerine uýgunlaşmagyny ýokarlandyrmak boýunça ylmy barlaglar geçirýärler. Hususan-da, organizmleriň fiziologiýasy we biohimiýasy laboratoriýasynyň alymlary institutyň Garadamakdaky synag meýdançasynda 20 gektar ýerde gowaçanyň dürli sortlarynyň şor topraga durnuklylygyny öwrenýärler.

Bu ýerde gowaçanyň dürli sortlaryny ortaça şorlaşan ýerlerde ýetişdirmegiň şertleri we hasylylygyny ýokarlandyrmagyň usullary synag edilýär. Hususan-da, gowaçanyň sebitleşdirilen sortlary ylmy taýdan barlanylýar. Olar inçe süýümli 9871-I, Ýolöten-14, orta süýümli 133, Ýolöten-39, şeýle hem synag edilýän Li-141 sort ugrydyr, onuň ýumşak süýümi käbir sypatlary babatda inçe süýümli pagta golaýdyr. Alymlar tohumlary ekmezden deslap şora uýgunlaşdyrýarlar, şeýle hem gaýry usullary ulanýarlar.

Synagyň barşynda ösümlikde bolup geçýän fiziki-himiki ýagdaýlar bellige alynýar, suwaryş düzgünleri öwrenilýär. Alnyp barylýan işler pagtanyň esasy sypatlary bolan pagta süýüminiň kesgitli uzynlygyny we hilini, tohumynyň agramyny, olaryň ýaglylygyny we ş.m. saklap galmak bilen orta şorlaşan ýerlerde gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Synagyň netijesinde „şor ýerlere uýgunlaşdyrma“ arkaly gowaçanyň ençeme sortynyň hasyllylygy ýokarlandyryldy.

Döwlet baştutanynyň ylmy-barlag institutlaryny ýokary derejeli ylmy enjamlar we tehnologiýalr bilen üpjün etmek baradaky Buýrugyna laýyklykda gelip gowşan döwrebap laboratoriýa enjamlary, zerur serişdeler we reaktiwler alnyp barylýan işleriň netijeliligine ýardam edýär.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir