Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen Döwletiniň Baştutany Ministrler Kabinetiniň Täze Düzümini Düzer
Türkmen Döwletiniň Baştutany Ministrler Kabinetiniň Täze Düzümini Düzer
Türkmen Döwletiniň Baştutany Ministrler Kabinetiniň Täze Düzümini Düzer

Türkmen Döwletiniň Baştutany Ministrler Kabinetiniň Täze Düzümini Düzer

Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy boldy. Döwlet baştutany wezipesine girişip, ýygnanlaryň öňünde eden çykyşynda geljekki ýedi ýyla ýurduň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny belledi.

Halkymyz bilen, hormatly ildeşler, siziň hemmaňiz bilen bilelikde , öňde goýlan wezipelere hötde geljekdigimize we Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşjakdygymyza ynanýaryn –diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we saýlawlara işjeň gatnaşan saýlawçylara ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Täze saýlanan lider ildeşlerimiziň ynamyny ödemek üçin, güýç-gaýratyny, bilimini, tejribesini we ukybyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Men halkyma, onuň ügirt uly mümkinçiliklerine, bagtyýar we röwşen geljegine berk ynanýaryn—diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hökümet agzalarynyň öz ygtyýarlyklaryny tabşyrmagy hakynda Karara gol çekdi. Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklanylýança hökümet agzalaryna öz wezipelerini ýerine ýetirmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy tamamlanandan soň Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýörüş sazy bilen „Oguzhan“ Prezident Köşgi toplumyna getirilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ştandartyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we mukaddes Gurhany alyp barýarlar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir