Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen Gyzlary Jiu-Jitsu Boýunça Afinyda Geçen Dünýä Çempionatynyň Baýrak Eýeleri Boldular
Türkmen Gyzlary Jiu-Jitsu Boýunça Afinyda Geçen Dünýä Çempionatynyň Baýrak Eýeleri Boldular
Türkmen Gyzlary Jiu-Jitsu Boýunça Afinyda Geçen Dünýä Çempionatynyň Baýrak Eýeleri Boldular

Türkmen Gyzlary Jiu-Jitsu Boýunça Afinyda Geçen Dünýä Çempionatynyň Baýrak Eýeleri Boldular

Şu gün Gresiýanyň paýtagtynda ýetginjekleriň arasynda jiu-jitsu boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Şonda türkmen türgenleri oňat netije görkezip, dört medal—altyn, kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Olar bu üstünliklere “ne-waza” görnüşinde (ýapon söweş sungatynyň göreş görnüşi) mynasyp boldy.

Ýaryşa 40-dan gowrak ýurtdan 800-e golaý türgen gatnaşdy. Biziň ýygyndymyzyň düzüminde gyzlar tapawutlandy. Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna 55 kilogram agram derejesinde çykyş eden Nilufar Muhuddinowa çykdy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby jemleýji tutluşykda ildeşimiz, ikinji orna mynasyp bolan Angelina Filippowadan üstün çykdy.

Dünýäniň birinjiligi ugrundaky ýaryşda bu iki bäsdeş halkara derejeli iri ýaryşlarda altyn medal ugrunda öz aralarynda ençeme gezek bäsleşdi. Jiu-jitsu boýunça ýaş türkmen ussatlary geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçirilen Aziýa çempionatynda hem aýgytlaýjy tutluşykda duşuşdy. Şonda iň oňat söweşjeň ukyplaryny A.Filippowa görkezdi. N.Muhuddinowanyň häzirki ýeňşi bolsa onuň hem mynasyp başarnygynyň bardygyny görkezdi.

Bürünç medallary paýtagtymyzyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiniň wekilleri Gülbahar Madraýimowa (49 kilograma çenli) hem-de
Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Aýsoltan Garçowowa (70 kilogramdan ýokary) gazandy.

Biziň gyzlarymyzy bu ýaryşa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Omar Muhammetnazarow taýýarlady.

Jiu-jitsunyň şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýändigini bellemek gerek. Bu bäsleşikde medala mynasyp bolan türgenlerimiz ýaşdygyna garamazdan, milli ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş etmek üçin orun almaga esasy bäsdeşlerdir. Afinydaky dünýä derejesindäki ýaryş türkmen türgenleriniň ussatlygynyň ýokary derejedediginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir