Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen-Koreý Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Iki Ýurduň Sungat Ussatlarynyň Konserti Boldy
Türkmen-Koreý Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Iki Ýurduň Sungat Ussatlarynyň Konserti Boldy
Türkmen-Koreý Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Iki Ýurduň Sungat Ussatlarynyň Konserti Boldy

Türkmen-Koreý Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Iki Ýurduň Sungat Ussatlarynyň Konserti Boldy

25-nji martda Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we Koreýanyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk minisrtliginiň guran konserti boldy.

Koreý medeniýetiniň wekilleriniň 60-dan gowragy:esasan Gugaka milli merkezine wekilçilik edýän halk saz gurallarynyň sazandarlary, tansçylar, sahna ussatlary aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny öz ýurdunyň baý aýdym-saz sungaty bilen tanyşdyrdylar.

Günorta Koreýanyň ýörgünli sungatyny saklap galmaga we ýaýmaga niýetlenip1951-nji ýylda döredilen Gugaka milli merkeziniň işi üç ugry: halk, nusgawy we köşk aýdym-sazlary ýaly ugurlary öz içine alýar.

Koreýaly artistleriň çykyşy wagty „Saba säher ýurdynyň“ tebigy we taryhy-medeni gözellikleri, milli däp-dessurlary, häzirki döwürde gazanan üstünlikleri we şanly seneleri bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.

Gadymy saz gurallaryny çalýan ussatlar koreý saz sungatynyň özboluşly eserlerini ýerine ýetirdiler. Öz gezeginde, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Merdanguly Baýramow „Jan-jan“ diýen halk aýdymyny aýdyş ussatlygy bilen agşama gelenleriň alkyşyny aldy.

„Kokdusoe“ breýk-tans toparynyň ýerine ýetiren hazirki zaman „Ýolbars bilen tans“ kompozisiýasy şowhunly garşylandy.

Türkmenistanyň döwlet medeniýet institutynyň „Miras“ topary we Gugaka milli merkezininiň tans topary milli toý däplerini ýerine ýetirdiler.

Näzenin koreý tansçy zenanlarynyň „Ýelpewaçly tansy“ baýramçylyk konsertiň bezegi boldy.

Türkmen tomaşaçylaryny dostlukly halkyň medeniýeti bilen tanyşdyran „Saba säher ýurdynyň“ artistleriniň çykyşy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

-Türkmen medeniýeti bilen tanşanymyza halklarymyzyň gylyk-häsiýetinde umumylyklaryň känligine göz ýetirdik, -diýip, «Lim AMC» kompaniýasynyň baş direktory Sun Juň Lim belledi.—Bu konsert türkmenistanlylaryň koreý halkynyň taryhyna, däp-dessurlaryna uly gyzyklanma bildirýänligine, ynsanperwer gatnaşyklary artdyrmak mümkinçiliginiň barlygyna şaýarlyk etdi.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir