Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen Obasynyň Täze Durmuşy Barada Çeper Film Surata Düşürildi
Türkmen Obasynyň Täze Durmuşy Barada Çeper Film Surata Düşürildi
Türkmen Obasynyň Täze Durmuşy Barada Çeper Film Surata Düşürildi

Türkmen Obasynyň Täze Durmuşy Barada Çeper Film Surata Düşürildi

Türkmen telewideniýesi üçin täze “Ak ýaýlanyň aýdymy” atly sazly çeper film tomaşaçylara oba durmuşynyň özboluşly jümmüşine aralaşmaga mümkinçilik berdi, oba ýerinde gadymy däp-dessurlar saklanyp galýar, ýaşaýşyň milli ýörelgelerine uly sarpa goýulýar. Bu zatlaryň ählisi häzirkizaman obasynyň täze türkmen nusgasynda beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obanyň toplumlaýyn abadanlaşdyrylmagyna iri möçberli serişdeleri gönükdirmek bilen, oba ýerlerinde ýaşamaga we işlemäge ýaşlary höweslendirmek ugrunda yzygiderli çäreleri geçirýär, munuň özi täze girdejili önümçilikleriň döredilmegine hem-de bu ýerde ýokary hünärli işgärleriň emele gelmegine, ýerli dolandyryş edaralarynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Obada durmuşyň hil taýdan täze derejesi kemala gelýär, ilatyň abadançylygy ýokarlandyrylýar. Eýýäm häzirki wagtda kiçijik şäherler görnüşindäki ilkinji obalar her welaýatda peýda boldy. Täze filmde şol obalaryň biri barada söhbet açylýar.

Film iki ýyl mundan ozal ulanmaga berlen Ahal welaýatynyň Täze zaman obasynda surata düşürildi. Filmde baş keşpleri – ýerli gyz Enejanyň we awtobusyň sürüjisi Aýlynyň keşplerini A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri ýerine ýetirdiler. Aýlynyň halaýan Aýjan atly gyzyň keşbini Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gunça Çomyýewa janlandyrdy.

Şeýle hem belli kino we teatr artistleri Orazgül Abbasowa, Amangeldi Sapardurdyýew, Döwlet Hanmämmedow we Aşyrmuhammet Işangulyýew filmde surata düşdüler.

Filmi goýan režissýor, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Rahmanowyň aýtmagyna görä, “Ak ýaýlanyň aýdymy” atly film telewideniýede görkezilenden soň, daşary ýurtly medeniýet işgärleri onuň nirede surata düşürilendigini soradylar. Sebäbi olar filmde ähli amatlykly kottejleri, giň bezemen köçeleri, ak mermerli binalary bolan obany göreris diýip, garaşmaýardylar.

“Bu filmde asmana uçýan awtobusdan başga ähli zatlaryň hakykatdygyna sizi ynandyrýaryn, biz muny aşyk bolan sürüjiniň joş urýan duýgularyny beýan etmek üçin şeýle çeper çözgüt usulyny peýdalandyk – diýip, A.Rahmanow gürrüň berýär. – “Kinoçylaryň” arasynda film üç gezek: stenariçi, režissýor we gurnaýjy tarapyndan döredilýär diýlen gürrüň bar. Eger anyk mysaly alanymyzda biz bir bitewiligi emele getirdik – biz täze obany we täze obalylary görkezmegi maksat edindik”.

Filmdäki wakalar taryh mugallymynyň obada etnografiýa muzeýini döretmek kararyna gelendigi we obalylara zerur taryhy gymmatlyklary ýygnamaga kömek bermek barada haýyş bilen ýüzlenendigi bilen başlanýar. Oba täzemi ýa-da könemi, bu ýerde hemmeler biri-biri baradaky bar zady bilýar. Adamlar 103 ýaşly Bibi daýzanyň gadymy sandygynda maşgala gymmatlyklaryny – köne şaý-sepleri saklaýandygyny hem bilýärler, bu zatlar oňa miras galypdyr. Daýza gymmatly gadymy şaý-sepleri muzeýe bermekden ýüz öwürýär. Gadymy däbe laýyklykda, ol maşgala gymmatlyklaryny agtygy Atajanyň nika toýy güni oňa gowşurmalydyr.

Adat bolşy ýaly, filmiň esasy meselesi – söýgi. Iki aşyk-magşuk arzuw hyýalyna atlanýarlar, hasrat çekýärler, birek-biregi gabanýarlar hem-de şatlanýarlar. Olaryň biri şol maşgala mirasyna eýe çykmaly Bibi daýzanyň agtygy Atajan. Ine şu ýerde hem mugallym we başlyk gudaçylygy hem-de toý tutuljak gününi tizleşdirýärler. Munuň özi hemmeleri bagt guşuna atarýar.

Filmi saz bilen bezemek türkmen kino sungatynyň ajaýyp nusgawy ýörelgeleri esasynda ýerine ýetirilipdir. Kompozitor Omar Igamow “Biz “Aşyr agaň hötjetligi”, “Meniň dostum -Meleguş” atly köne filmleri gördük, Nury Halmämmedowyň, Andreý Babaýewiň we beýlekileriň saz eserlerini diňledik. Biz ol aýdymlaryň filmiň çäklerinden hem çykyp, adamlaryň kalbynda orun almagy üçin çalyşdyk” diýip gürrüň berýär.

Filmde Gaýypdurdy Jumaýewiň sözlerine döredilen, belli aýdymçylar Atajan Berdiýewiň we Gözel Öwezowanyň ýerine ýetirmeginde täze aýdymlaryň onusy ýaňlanýar.

Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilen filmiň şowly çykmagynda kinooperator Pälwan Geldiýewiň bitiren hyzmaty bellenilmäge mynasypdyr. Ol ajaýyp dag görnüşlerini, giden pagta meýdanlaryny, şildiräp akýan çeşmejikleri, häzirkizaman obasynyň täsin aýratynlyklaryny yhlasly gözledi we filmiň aýdyň öwüşginli çykmagy üçin olary göwnejaý peýdalanmagy başardy. Filmde şeýle hem, awtobusyň asmana uçurylyşy barada ýokarda aýdylyp geçilen ýaly üç ölçegli usullar peýdalanyldy.

Şeýlelikde, türkmen obasynyň täze keşbi baradaky film hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan hem-de oba ýerlerinde abadançylygyň, ähli amatlyklaryň we ýokary tehnologiýalaryň ornaşmagyny alamatlandyrýan iri möçberli çäreleriň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir