Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen Okuwçylary Halkara Žautyk Olimpiadasynda Şowly Çykyş Etdiler
Türkmen Okuwçylary Halkara Žautyk Olimpiadasynda Şowly Çykyş Etdiler
Türkmen Okuwçylary Halkara Žautyk Olimpiadasynda Şowly Çykyş Etdiler

Türkmen Okuwçylary Halkara Žautyk Olimpiadasynda Şowly Çykyş Etdiler

12-18-nji ýanwar aralygynda Almatyda dünýä döwletleriniň 15-sinden, şol sanda Gyrgyzystadan, Täjigistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Ukrainadan, Serbiýadan, Çehiýadan, Bolgariýadan, Mongoliýadan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan ýaş zehinleriň 400-si matematika, fizikawe informatika boýunça bäsleşdiler.

Biziň ýurdumyzyň wekilleri matematika we fizika derslerinden ýokary netije görkezip, toparlaryň arasynda gowy netije gazandylar. Onunjy synp okuwçylary Jepbar Asgarow (Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet internaty) bilen Resul Mämiýew (Aşgabat şäheriniň 57-nji Ýörüteleşdirilen mekdebi) kümüş, paýtagtymyzdaky şol mekdebiň okuwçylary Rahman Agamyradow we Kemal Köçekow bürünç medala mynasyp boldylar.
Takyk bilimlere ökdeler toparynyň ýolbaşçysy, Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojyýewiň belleýşi ýaly, bu üstünlik türkmen okuwçylarynyň aň-paýhas bäsleşiklerinide gazanýan ýeňişleriniň dowamydyr. Mysal üçin, Jepbar Asgarowyň eýýäm üçünji medalydyr. Ol ilkinji kümüş medalyny 2015-nji ýylda Belgradda geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky matematika olimpiadasynda gazandy. 2016-njy ýylda bolsa Albaniýada geçirilen halkara matematika olimpiadasynda bürünç sylag eýeledi.

Rahman Agamyradow bilen Resul Mämiýew 2015-nji ýylda Belgradda geçirilen olimpiadanyň bürünç baýragynyň eýeleridir. Kemal Köçekow üçin bolsa Žautyk olimpiadasynda eýelän bürünç baýragy häzirlikçe halkara derejesinde gazanan ilkinji üstünligidr.

Respublikan fizika-matematika mekdebiniň guran Žautyk olimpiadasy iki tapgyrda geçirildi. Matematika we informatika boýunça iki tapgyram nazarýetden, fizikadan bolsa –nazarýet we eksperimental tapgyrlarda ybaratdy. Okuwçylaryň bilim derejesine baha beren abraýly bekewülleriň arasynda Gazagystanyň wekillerinden başga-da, Moskwanyň M. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň we Moskwanyň fizika-tehniki institutynyň, şeýle hem Belarus döwlet uniwersitetiniň esasy alymlary bardy. Olimpiadanyň hormat diplomlaryna Gazagystan Respublikasynyň Bilim we ylym ministri Ýerlan Sagadyýew gol çekipdir.
Aň-paýhas bäsleşigine gatnaşýanlar üçin medeni-tanyşdyryş çäreleri guraldy. Okuwçylar Almatynyň gözel ýerlerine, ýakyn wagtda gyşky Uniwersiada-2017 geçiriljek dag üstündäki „Medeu“ sport toplumyna gezelenç etdiler.

Olar üçin ýurduň iň köne okuw jaýy bolan al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň şäherçesine gezelenç guraldy, 13-nji Halkara Žautyk olimpiadasynyň açylyş we ýapylyş dabaralary hem şol ýerde geçdi.

Meňzeş Täzelikler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir