Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen-Täjik Hökümetara Toparynyň Mejlisi
Türkmen-Täjik Hökümetara Toparynyň Mejlisi
Türkmen-Täjik Hökümetara Toparynyň Mejlisi

Türkmen-Täjik Hökümetara Toparynyň Mejlisi

Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär.

Işewür ýagdaýda geçen duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle hem iki ýurduň işewür –düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu gün, taryhyň täze döwründe Türkmenistan we Täjigistan dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň gadymdan gözbaş alýan däplerine ygrarlylygyny görkezip, däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmaga hemmetaraplaýyn taýýarlygy mälim edýärler diýip, wekiliýetleriň agzalary kanagatlanma bilen bellediler.

Şunda uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýeti goňşy döwletleriň baştutanlarynyň uly üns bermegi bilen şertlendirilendir. Şu ýyllaryň içinde olaryň arasynda mähirli, birek-birege hormat goýmak esasynda gatnaşyklar emele geldi diýlip kanagatlanma bilen bellenildi.

Işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna birmeňzeş pikire görä, dürli derejelerdäki saparlaryň yzygiderli alşylmagy hem-de 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary uly goşant goşýar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny diýen ýaly, şol sanda syýasy- diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryny gurşap alýan meseleler girizildi.

Ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmekde iki döwletiň özara gyzyklanmasyny tassyklamak bilen, toparyň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy barada pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça birnäçe anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika pudaklary, senagat we elektroenergetika, oba we suw hojalygy, saglygy goraýyş, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary görkezildi. Ulag-aragatnaşyk ulgamyna aýratyn üns berildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek maksadynda birek-birege iberilýän harytlaryň we hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini we möçberini artdyrmagyň, ministrlikleriň we edaralaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Iki goňşy ýurduň halklaryny asyrlarboýy baglanyşdyrýan, taryhy-medeni gatnaşyklary nazara almak bilen, ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Şonuň bilen baglylykda ýurtlaryň ikisinde Medeniýet günlerini we beýleki giň gerimli medeni çäreleri yzygiderli geçirmegiň, döredijilik toparlaryny we artistleri halkara festiwallaryna çagyrmagyň, konsertleri we beýleki çäreleri guramagyň zerurdygy bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar geçirilen gepleşikleriň aýratyn netijeliligini bellemek bilen, ara alnyp maslahatlaşylan hem-de amala aşyrylmagy meýilleşdirilen anyk ädimleriň köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gös-göni ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Onuň öňünde bolsa täze sepgitler açylýar.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekmek meýilleşdirilýär.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Mejlisiň möhletinden öň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir