Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen Telekeçileri Katara Eksport Etmäge Taýýar
Türkmen Telekeçileri Katara Eksport Etmäge Taýýar
Türkmen Telekeçileri Katara Eksport Etmäge Taýýar

Türkmen Telekeçileri Katara Eksport Etmäge Taýýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi katar işewürlerine öz kompaniýalarynyň üstünliklerini hem-de maýa goýum taslamalaryny görkezdiler. Dohada geçen ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynyň çäklerinde, şol sanda 16 müňden gowrag agzasy bolan TSTB-niň ulgamynda ykdysady özara gatnaşyk etmegiň usasy ugurlary beýan edildi.

Häzirki günde Türkmenistanyň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň wekilleri gurluşykda, oba hojalygynda, azyk we ýeňil senagatynda, söwdada we hyzmatlar ulgamynda, şeýle hem bilimde we syýahatçylykda işlerini üstünlikli alyp barýarlar. TSTB-niň kärhanalarynda we guramalarynda 160 000-e golaý täze iş orunlary döredildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen telekeçileri içerki bazary azyk harytlar bilen üpjün etmek bilen birlikde Katara hem ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli azyk hem-de beýleki önümleri eksport etmäge taýýardyr.

2016-njy ýylda TSTB-niň agzalary tarapyndan 2 milliard amerikan dollar bahasy bolan gurluşyk desgalarynyň 140-dan gowragy ulanmaga tabşyryldy. Häzir türkmen gurluşyk kompaniýalary daşary ýurtlarda-da işläp başladylar, hususan-da, olar Moldowa Respublikasynda çagalar bagyny gurdular, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda 190 orunlyk mekdebiň gurluşygy dowam edýär.

Mebel toplumy, polipropilenden haly öndürýän zawod, döwrebaplaşdyrylan kagyz kombinaty ýaly täze senagat desgalary amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda agzaldy. Mundan başga-da, bazaltdan, ýoddan we beýlekilerden önüm öndürjek kärhanalary gurmak boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň we Katar döwletiniň telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak üçin örän uly kuwwatyň bardygy barada aýdyp, çykyş edenler katar hyzmatdaşlaryna senagat ulgamynda, himiýa, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda we syýahatçylykda taslamalara maýa goýmaga, şol sanda bilelikdäki önümçilik kärhanalary açmaga gatnaşmagy teklip etdiler.

Katar hyzmatdaşlar işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we üstünlikleri barada görkezilen wideofilmiň netijesinde aýdyň maglumat alyp bildiler.

Wideotanyşdyrylyş innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen türkmen ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň ösdürilişi hem-de “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy we ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat barada gürrüň berdi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir