Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TürkmenÄlem 52.00E Milli Aragatnaşyk Hemrasy Alysdaky Obalary Ykjam Aragatnaşyk we Internet Bilen Üpjün Etdi
TürkmenÄlem 52.00E Milli Aragatnaşyk Hemrasy Alysdaky Obalary Ykjam Aragatnaşyk we Internet Bilen Üpjün Etdi
TürkmenÄlem 52.00E Milli Aragatnaşyk Hemrasy Alysdaky Obalary Ykjam Aragatnaşyk we Internet Bilen Üpjün Etdi

TürkmenÄlem 52.00E Milli Aragatnaşyk Hemrasy Alysdaky Obalary Ykjam Aragatnaşyk we Internet Bilen Üpjün Etdi

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Kirpili we Balkan welýatynda Oýlyguşlyk obalary ýokary hilli aragatnaşyk we internet bilen üpjün edildi. Olary “Türkmentelekom” Döwlet kompaniýasy we üstüne Türkmenistanda , şeýle hem onuň çäklerinden daşarda älem hemra aragatnaşygyny täjirçilik maksatlary bilen ulanmak we aragatnaşygy hyzmatlaryny amala aşyrmak wezipesi ýüklenen “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-iniň hemra retranslýatoryna goşdular.

Hünärmenlerimiziň alysdaky ýerleri hem aragatnaşyk bilen üpjün etmek üçin hemra retranslýatoryny ulanmagy –sebitlerri toplumlaýyn ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ileri tutulýan wezipeleriň biridir.

2015-nji ýlda uçurylan «TürkmenÄlem 52.00E» aragatnaşyk hemrasynyň birnäçe artykmaçlyklary bar, hususan-da hemra telefon aragatnaşygyny, maglumatlary geçirmegi we 10-15 müň kilometr daşlykda ýerleşýän ýerüsri stansiýalaryň arasynda aragatnaşygyň beýleki görnüşlerini, ýerüsti ulgamlary ulanmak ykdysady taýdan netijeli bomaýan ýerlerde müşderiler köplügine magluatlary geçirmegi üpjün edýär . Şonuň üçinem ýakyn wagtda hemra geçirijisine goşulyşýan ýerleriň sany artar.

Dürli ministriklerdir pudaklaýyn edaralaram milli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanýarlar. “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i hereket edýän transponderleriň 26-syndan 2-sini ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynda işleýän iri daşary ýurt kompaniýalaryna ulanmaga berdi. RWE Dea A.G., CNPC interneşnl, BKE Shelf, Petronas Carigali-Turkmenistan, UAB SatGate ýaly we beýleki kompaniýalaryň ondan gowragy aragatnaşyk hemrasynyň hyzmatyndan peýdalanmaga şertnama baglaşdylar.

«TürkmenÄlem52.00E» hemrasy häzirki wagtda milli telewideniýäniň gepleşiklerini ýaýlyma goýbermegi üpjün edýär. Hemra kanallarynyň ýokary geçirijilik ukyby standart we ýokary ölçegli telewizion kanallarynyň onlarçasyny Merkezi Aziýa sebitinde, Türkiýede, Demirgazyk Afrikada we Ýewropanyň aglaba böleginde görmäge mümkinçilik berýär. Döwrebap enjamlar multiserwis, şol sanda sanly teleradio gepleşikleri, telefon, wideomaslahat aragatnaşygy, hemra intrneti aragatnaşyk hyzmatlarynyň tutuş toplumyny bermäge mümkinçilik berýär.

Hemranyň jemi 38 sany işjeň aragatnaşyk kanallary-transponderleri bar. Olaryň 26-syny Türkmenistan öz maksatlaryna ulanýar, 12-si«Space Systems International-Monaco S.A.M» kompaniýasyna uzak möhletleýin kärendesine berildi.

Häzirki wagtda «FSS» hemra kanaly milli, şeýle hem «TürkmenÄlem 52.00 E» hemrasyndan peýdalanmaga isleg bildiren daşary yurt kompaniýalarynyň teleradiokanallarynyň gepleşiklerini alyp görkezýär. STN (Sloweniýa) kompaniýasy bilen şertnama gol çekildi. Türkmen aragatnaşyk älemini kärendesine almak üçin beýleki daşary yurt kompaniýalary bilen hem gepleşikler geçirilýär.

ÝGPJ-iniň paýdarlary ýurdumyzyň içinde teleporty oturtmak üçin enjamlary satyn alýarlar, onuň kömegi bilen «FSS-iň» kanallary arkaly hyzmatlaryň köp görnüşini ýerine ýetiriler. Hemranyň mümkinçilikleri ony ýerüsti stansiýalaryň arasynda maglumatlary ibermäge, giň göwrümli internet hyzmatlaryny teklip etmäge, uzak aralykdan bilim almagy, wideomaslahatlary, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini guramaga mümkinçilik berer. Mysal üçin, VSAT ulgamyny ulanmak kärhananyň ýa-da guramanyň hemişelik ýa-da wagtlaýyn önümçilik meýdançalary-nebit we gaz ýataklary, gazbasyşly we nebit geçiriji beketler, elektrik ulgamlarynyň kiçi beketleri, seýsmiki-gözleg toparlary, gurluşyk meýdançalary, agrosenagat toplumynyň binalary bilen dessin aragatnaşygy üpjün eder.

VSAT tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda hemra argatnaşygynyň ösüşine ýardam eder. Türkmen hünärmenleriniň öňünde älem taslamasyndan aňryçäk netije gazanmak wezipesi dyrýar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir