Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenhimiýa Döwlet Konserni Ýuwujy Serişdeleri Öndürýän Zawody Gurar
Türkmenhimiýa Döwlet Konserni Ýuwujy Serişdeleri Öndürýän Zawody Gurar
Türkmenhimiýa Döwlet Konserni Ýuwujy Serişdeleri Öndürýän Zawody Gurar

Türkmenhimiýa Döwlet Konserni Ýuwujy Serişdeleri Öndürýän Zawody Gurar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýuwujy serişdeleri öndürýän zawody gurar. Täze kärhana ýylda 20 müň tonna önümçilik kuwwatyna eýe bolar. Taýýar edip ulanmaga bermek üçin desganyň taslamasyny düzjek we ony bina etjek potratçyny saýlamaga 2017-nji ýylyň 7-nji fewralyna çenli halkara bäsleşik yglan edildi.

Himiýa senagaty Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň işjeň ösýän pudaklarynyň biridir. 2016-njy ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň düzüminde önümçiligiň möçberleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15 göterim artdy, önümler 17,5 göterim köp ýerlenildi. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek harytlaryň ýurdumyzdaky önümçiliginiň ösüşi diýarymyza getirilýän onümleriň fiziki möçberleriniň azalmagyna täsir edýär. Hususan-da, Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, şu ýyl ýuwujy serişdeleriň daşary ýurtlardan getirilişi 11,2 göterim azaldy.

Şunda dürli sarp edijilik häsiýetli ýuwujy serişdelere islegiň bolşy ýaly, ýurdumyzda bu önümleriň sarp edilişiniň derejesi yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň ösýän bazaryny önümleriň şeýle görnüşleri bilen üpjün etmekde hususy öndürijiler öz goşantlaryny goşýarlar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir