Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistan Ahalteke Bedewlerini Bütindünýä Medeni Mirasyň Sanawyna Goşmak Baradaky Teklip Bilen ÝUNESKO Ýüz Tutmagy Meýilleşdirýär
Türkmenistan Ahalteke Bedewlerini Bütindünýä Medeni Mirasyň Sanawyna Goşmak Baradaky Teklip Bilen ÝUNESKO Ýüz Tutmagy Meýilleşdirýär
Türkmenistan Ahalteke Bedewlerini Bütindünýä Medeni Mirasyň Sanawyna Goşmak Baradaky Teklip Bilen ÝUNESKO Ýüz Tutmagy Meýilleşdirýär

Türkmenistan Ahalteke Bedewlerini Bütindünýä Medeni Mirasyň Sanawyna Goşmak Baradaky Teklip Bilen ÝUNESKO Ýüz Tutmagy Meýilleşdirýär

“Türkmenatlary” Döwlet birleşiginde ýurdumyzyň atçylygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we ahalteke bedewlerini dünýä ýüzünde giňden wagyz etmegiň möhüm wezipelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Oňa pudagyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri, belli atşynaslar, çapyksuwarlar we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Bu ýerde çykyş edenler halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň abraýyny ýokarlandyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigini bellediler. “Behişdi bedewlere” aýratyn gadyr goýýan we at çapmagyň ussady hem-de atçylyk sportunyň wagyz edilmegi ugrunda yzygilderli tagalla edýän döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň möçberli işiniň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň atçylyk ulgamy sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy we howandarlyk etmegi boýunça milli atşynaslyk däplerini dikeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriň nesil ugurlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy esaslandyryldy. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap aýlawlar,atçylyk sport toplumlary guruldy.

Häzirki döwürde dünýäniň dürli ýurtlarynda atçylyk zawodlarynyň dikeldilmegine, bu pudagyň ylmy we okuw binýadynyň, atçylyk sporty merkezleriniň ösdürilmegine, şunlukda, halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen atşynaslyk däpleriniň we at seýslemegiň milli mekdebiniň ösdürilmegine gyzyklanmalaryň artýandygy äşgär duýulýar. Şunlukda, bu ugra degişli hünärmenleriň uly üns bermegi adaty ýagdaýa öwrüldi. Türkmen halky diňe bir ahalteke bedewleri ýaly halk seçgiçilik sungatynyň gaýtalanmajak eserini dünýä bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu şöhratly beldewleriň arassa ganlylygyny, olaryň ajaýyp häsiýetleriniň saklanmagyny üpjün edipdir.

Arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça giň möçberli we toplumlaýyn işler bilen bir hatarda ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň halkara ulgama goşulyşmagyna, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, dünýä atçylyk sportunda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge ukyply ussat çapyksuwarlaryň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen halkynyň gadymy döredijilik däpleriniň esasynda ýaş nesileleriň terbiýelenmeginde has-da ähmiýetlidir.

Şeýlelikde, häzirki döwürde atçylyk pudagyny ýokary derejeli, döwrebap we netijeli kuwwatly düzüme öwürmek üçin zerur binýat döredilýär. Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap hereketini alamatlandyrýan we ählihalk söýgüsine mynasyp bolan ahalteke bedewleri ýurdumyzyň üstünlikleriniň, ýeten derejesiniň baş nyşany bolmak bilen, däpleriň nesilden-nesile geçijiligini, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde ak mermerli Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda bedewiň keşbiniň şekillendirilendigini aýratyn bellemeli. Aziada -217-niň maksatnamasyna konkur hem goşuldy. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmäge, olaryň sportuň bu görnüşi boýunça ukybyny doly açmaga mümkinçilik berer.

Şu ýylyň 10-njy martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylygy netijeli ösdürmek, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolan ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny saklamak üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.

Arassa ganly ahalteke bedewleriniň katalogyny, dünýä atşynaslygynyň saýlama wekilleriniň has görnüklileriniň sanawuny düzmek, olaryň gazanan netijelerini, gelip çykyşyny we beýleki maglumatlary görkezmek boýunça öňe sürlen başlangyçlar döwlet Baştutanymyzyň bellän möhüm wezipeleriniň esasylary bolup durýar. Bellenilişi ýaly, bu katalok degişli halkara guramalarynda bellige alynmalydyr. Şondan soň oňa salgylanmak hökman bolar.

Şeýle hem bu köp jiltli neşirde ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny saklamakda türkmen halkynyň ornuna we milli atşynaslyk däplerini dikeltmek hem-de ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň hökümetiniň durmuşa geçirýän çärelerine möhüm orun degişli bolmalydyr.

Ady rowaýata öwrülen “ganatly” bedewler türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna goşan ajaýyp we bahasyz goşandydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň Bütindünýä mirasynyň sanawuna girizilmegi barada UNESKO teklip bermegiň maksada laýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir