Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistan we Özbegistan Hyzmatdaşlygyň Täze Derejesinde: Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow Bilen Şawkat Mirziýoýewiň Arasyndaky Gepleşikler
Türkmenistan we Özbegistan Hyzmatdaşlygyň Täze Derejesinde: Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow Bilen Şawkat Mirziýoýewiň Arasyndaky Gepleşikler
Türkmenistan we Özbegistan Hyzmatdaşlygyň Täze Derejesinde: Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow Bilen Şawkat Mirziýoýewiň Arasyndaky Gepleşikler

Türkmenistan we Özbegistan Hyzmatdaşlygyň Täze Derejesinde: Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow Bilen Şawkat Mirziýoýewiň Arasyndaky Gepleşikler

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek Liderini resmi adamlar garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Özbegistanyň Baştutanynyň gelmeginiň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlediler we gül desselerini gowşurdylar.

Belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk meýdanyna ugrady. Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Bu ýerde, meýdanda belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki ýurduň Liderleri nyzama duran esgerleriň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Özbegistanyň Prezidenti şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Öz nobatynda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň hökümet agzalary bilen tanyşdyrýar.

Dabara tamamlanandan soň, Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýöräp geçýärler.

Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew awtoulagda hormatly atlylar toparynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşkler toplumyna tarap ugraýarlar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, milli Liderimiz özbek kärdeşini ikitaraplaýyn duşuşyklar zalyna geçmäge çagyrýar. Şol ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi türkmen topragynda mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz belent mertebeli myhmanyň Özbegistanyň Baştutany hökmünde ýurdumyza ilkinji saparynyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boljakdygyna we türkmen-özbek gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, deňhukukly hyzmatdaşlyk, birek-birege hormat goýmak we özara goldamak ýörelgeleri şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletara gatnaşyklaryna özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesi mahsusdyr. Munuň özi ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýar. Häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bähbitleriň umumylygy hem-de ähli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň berk syýasy erk-isleginiň bardygy bilen şertlendirilendir. Türkmenistanyň we Özbegistanyň möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlary ýakyndyr ýa-da laýyk gelýär. Munuň özi bolsa sebitde durnukly ösüşi we durnuklylygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi köpugurly döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde möhüm orun eýeleýär. Bu ulgamda mundan beýläk-de üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-özbek hökümetara toparynyň işine möhüm orun berilýär. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek hem uly ähmiýete eýe bolýar.

Soňky döwürde medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklar has-da işjeňleşdirildi. Bu babatda Türkmenistan we Özbegistan bilelikde işlemegiň hem-de döredijilikli hyzmatdaşlygyň ajaýyp däplerine eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki şu günki duşuşygyň ähmiýetini belläp, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwata eýedigini, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin mundan beýläk-de ähli çäreleri görmek babatda berk erk-isleginiň bardygyny nygtady. Milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewe döwletara gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, özbek kärdeşine berk jan saglyk hem-de onuň jogapkärli döwlet işinde üstünlikler, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Özbek Lideri doganlyk Türkmenistana gelip görmäge çakylygy hem-de mähirli kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, taryhyň dowamynda emele gelen hem-de nesilden-nesle geçirilýän asylly däplere esaslanýan, özara hormat goýmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Özbegistan ähli ugurlarda – syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem halkara giňişliginde, BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, ählumumy derwaýys meselelere garaýyşlaryň umumylygyny görkezýärler hem-de iki tarapyň öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaýarlar.

Dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýändigine garamazdan, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygy artýar. Belent mertebeli myhman bular barada aýtmak bilen hem-de Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklarynyň däp bolan dostluk we ylalaşyk gatnaşyklarynyň däplerine ygrarlydygyny nygtap, milli Liderimize döwletara gatnaşyklarynyň meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew şu gepleşikleriň hem-de ertir boljak şanly wakalaryň taryhy ähmiýetini belledi. Şol wakalar iki döwletiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýylýazgysyna täze aýdyň sahypalary ýazyp, tutuş sebitiň abadançylygyna hyzmat eder. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman özbek halkynyň adyndan milli Liderimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldaýandygy hem-de onuň ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Häzirki wagtda şol hyzmatdaşlyk Özbegistanyň we Türkmenistanyň sebitleriniň derejesinde hem işjeň ösdürilýär.

Prezident Şawkat Mirziýoýew öz saparynyň taryhy häsiýetini ýene-de bir gezek nygtap, Özbegistanda doganlyk Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halky durmuşyň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünliklere eýe boldy we seçip alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe gitmegini dowam edýär.

Belent mertebeli myhman saparyň maksady barada aýdyp we onuň maksatnamasynyň wakalara baýdygyny belläp, Özbegistanyň hemişe türkmen tarapynyň oňyn halkara başlangyçlaryny goldajakdygyny ýene-de bir gezek nygtady. Prezidenti Şawkat Mirziýoýew şu günki duşuşygyň iki goňşy ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigini aýdyp, öz tarapyndan gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary we geljek üçin meýilnamalary babatda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan netijeli ynsanperwer-medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany hem-de özbek wekiliýetiniň agzalaryny türkmen topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, bu saparyň Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hökmünde Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji döwlet sapary bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, şu günki duşuşyk aýratyn ähmiýete eýedir we türkmen-özbek gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge, köpýyllyk strategiki geljek üçin ähli ugurlarda biziň gatnaşyklarymyzyň täze döredijilik esaslaryny tutmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dostlukly gatnaşyklaryň, hoşniýetli goňşuçylygyň, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň, daşary syýasat meseleleri boýunça özara düşünişmegiň diňe biziň halklarymyzyň bähbitlerine gabat gelmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň Merkezi Aziýada hem durnuklylygy we howpsuzlygy saklamagyň esasy şertleri hökmünde çykyş edýändigine ynam bildirdi. Şeýle hem bu ýagdaýlar sebitiň okgunly ösmeginiň, onuň kontinental we dünýä ähmiýetli işlere üstünlikli goşulmagynyň möhüm şertleri bolup durýar.

Türkmenistan bu jogapkärçilige düşünmek bilen, geljekde hem Özbegistan bilen baý mazmunly, anyk hem-de ýokary derejedäki ynamly gatnaşyklary alyp barmagy maksat edinýär. Ol iki döwlete geljek üçin gatnaşyklaryny ynamly gurmaga, halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň bilelikdäki uzakmöhletleýin meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.

Umumy ýagdaýlar bilen baglylykda, sebit howpsuzlygyny berkitmek bu gün türkmen-özbek gatnaşyklarynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bu meselä çemeleşmeleriniň üýtgewsizdigini we yzygiderlidigini bellemek gerek. Türkmenistan we Özbegistan Merkezi Aziýanyň asuda we durnukly ösmegini üpjün etjek, bu ýerde dawaly ýagdaýlara ýol bermejek, hoşniýetli goňşuçylygy berkitjek, özara bähbitleri berjaý etjek we nazara aljak mäkäm we netijeli gurallary döretmek ugrunda çykyş edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen diňe şeýle esasda sebitimiziň döwletlerini ykdysady taýdan ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleriniň aýdyň boljakdygyna ynam bildirdi.

Biz geljekde hem halkara terrorçylygyna, ekstremistik ideologiýasynyň ýaýradylmagyna garşy durmak, neşe söwdasy we beýleki bikanun işler bilen meşgullanýan jenaýatçylykly toparlaryň garşysyna göreşmek maksadynda ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşlerde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Owganystandaky ýagdaý gepleşikleriň aýratyn meselesi bolup durýar. Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen, ähli jogapkär taraplaryň gatnaşmagynda umumymilli gepleşikleriň esasynda kadalaşdyryp boljakdygyny wagt görkezdi. Bu ýurduň meselelerini çözmegiň harby, güýç ulanmak usullary netijesiz bolup, olaryň geljegi ýokdur. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy halkara bileleşiginiň, ozaly bilen BMG-niň parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan Owganystanda has işjeň we giňden peýdalanmak ugrunda çykyş edýär.

Türkmenistan şeýle hem owgan hökümetine işjeň halkara goldawynyň berilmegini, goňşy döwletiň sebit we halkara ykdysady işlerine, hususan-da, energetika we ulag ýaly möhüm ugurlardaky işlere netijeli goşulmagyna ýardam etmek ugrunda çykyş edýär. Ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli pudaklary üçin hünärli işgärleri taýýarlamakda ýardam etmek ynsanperwer ugruň esasyny düzüp, owgan halkyna goldaw berilmeginiň möhüm ugry bolup durýar.

Biziň ýurdumyz halkara syýasy giňişliginde, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde Özbegistan bilen hyzmatdaşlyk etmegi dowam eder diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň durnukly ösüş ýaly möhüm ugry boýunça tagallalary utgaşdyrmagy dowam etmäge taýýardyr.

Energetika türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Şunda ýurtlaryň ikisi hem hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysalyna eýe bolup durýarlar. Ol 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga berlen, Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçiriji bolup, onuň bir bölegi Özbegistanyň çäginden geçýär. Gün tertibinde Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça gaz geçirijiniň ýene-de bir şahasynyň gurluşygy bolup, onuň kuwwaty bir ýylda “mawy ýangyjyň” 25 milliard kub metrine barabardyr.

Ulag ulgamy häzir türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň baş maksady gazanmaga—kuwwatly we döwrebap düzümi döretmäge gönükdirilip bilinjekdigini we gönükdirilmelidigini nygtady. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biler. Hususan-da, biziň ýurdumyz Gruziýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň Gara deňizdäki portlaryna çykarýan Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi-Günorta Kawkaz ulag ugry boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr.

Türkmen tarapy Özbegistanyň “Orta Aziýa—Ýakyn Gündogar” (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) ulag üstaşyr geçelgesini gurmaga işjeň gatnaşmaga bildiren taýýarlygyna ýokary baha berýär. Bu geçelge hakynda ylalaşyga 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda gol çekildi. Onuň durmuşa geçirilmegi biziň sebitimizden dünýä bazarlaryna üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljegi uly bolan bu taslamany amala aşyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga girişmegiň zerurdygyny aýtdy. Onuň möhletleri we ölçegleri babatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň garaýyşlary örän möhüm bolup durýar.

Kontinental ulag ýollaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda biziň ýurdumyz Özbegistan bilen Merkezi Aziýa-Hytaý ugry boýunça demir ýol gatnawynyň mümkinçiligine hem garamaga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz, umuman, ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda türkmen-özbek hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň bu gün diňe sebitde däl-de, eýsem, ykdysady ösüş we söwda nukdaýnazaryndan tutuş Aziýa yklymynda zerur bolup durýandygyna ynam bildirdi. Munuň özi geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň barşynda hem tassyklanyldy. Onda bu işde Merkezi Aziýanyň ähmiýetiniň uly bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistan we Özbegistan kuwwatly energetika we ulag düzümini döretmäge tarap strategiki ugur alan ýurtlar hökmünde şunda aýratyn orun eýelärler. Milli Liderimiz bu ugurlarda tagallalary birleşdirmek, sebit we dünýä meýdançalarynda, ýöriteleşdirilen halkara guramalarynda, maliýe institutlarynda täze hyzmatdaşlar bilen has ysnyşykly işlemek zerur bolup durýar diýip aýtdy we bu işe iki ýurduň daşary syýasat we degişli edaralaryny işjeň çekmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ekologiýa meseleleri boýunça ikitaraplaýyn görnüşde we halkara derejesinde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde hemişelik esasda ýöriteleşdirilen düzümleri döretmek boýunça işleri anyklamagy teklip edýär. Şol düzümler tebigaty goramak babatda halkara gatnaşyklarynyň meseleleri bilen meşgullanarlar.

Gürrüň, hususan-da, BMG-niň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek hakynda barýar. Türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasynda şu başlangyç bilen yzygiderli çykyş edýär hem-de bu meselede Özbegistanyň goldawyna bil baglaýar.

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini has-da berkitmek we kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Bu gazna möhüm sebit düzümi bolup, Aral ýakasynyň ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygy üpjün etmegi ugur edinýär. Biziň ýurdumyz Gaznada başlyklyk ediji ýurduň wezipe-borçlaryny kabul etmek bilen, degişli Konsepsiýany işläp taýýarlady. Onda agza-döwletleriň bilelikdäki işleriniň ileri tutulýan meýilnamalary beýan edildi. Türkmenistan Gaznanyň işine netijeli we anyk häsiýeti çaýmak maksadynda Özbegistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga umyt edýär.

Suw hojalyk meselelerinde hyzmatdaşlygyň deňhukukly we birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedigi bellenildi. Iki ýurduň oba we suw hojalyk ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklar ýola goýuldy, Türkmenistan olary dowam etmäge taýýardyr.

Ekologiýa meseleleri babatda biziň ýurtlarymyz üçin umumy meseleleriň ýene-de biri çölleşmä garşy göreşmek bolup durýar. Gürrüň, hususan-da, BMG-niň çölleşmä garşy göreşmek boýunça degişli Konwensiýasyny amala aşyrmak hakynda barýar. 2014-nji ýylyň awgustynda Aşgabatda “Ýerleriň zaýalanmagyna ykdysady baha bermek” atly sebitara maslahat geçirilip, Özbegistan oňa işjeň gatnaşdy. Türkmenistan bu meselede geljekde hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowam etjekdigine umyt edýär.

Özbegistan Respublikasy uzak wagtlardan bäri Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi. Biz dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýeten derejesine, hökümet we pudak derejelerinde bilelikde hereket etmegiň toplanan tejribesine ýokary baha berýäris. Şonuň bilen birlikde, biziň ikitaraplaýyn mümkinçiliklerimiz häzirki wagtda ýeterlik derejede peýdalanylmaýandygyny hem belläp geçmek gerek. Türkmenistan we Özbegistan uly mümkinçiliklere eýedir, olary doly güýjünde peýdalanmak möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýyna bilelikde pugta seljerme geçirmek, geljek üçin bilelikde hereket etmegiň ugurlaryny kesgitlemek maksadalaýyk hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Özbegistanyň häzirki wagtda haryt dolanyşygynyň görkezijilerini üzül-kesil artdyrmaga, özara haryt ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmaga ukyplydygyna ynam bildirdi.

Ýurtlaryň ikisinde hem kuwwatly senagat we agrar binýat döredildi, häzirki zaman ulag düzümi bar. Bu ýagdaýlar özara söwdany giňeltmek, maýa goýumlary çekmek maksady bilen, doly derejede ulanylmalydyr.

Iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurtda gurluşyk, söwda, infrastruktura desgalary, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Biziň ýurdumyz özbek hyzmatdaşlarymyzyň bu taslamalara işjeň gatnaşmaklaryny goldaýar.

Soňky wagtlarda iki ýurduň dürli pudak edaralarynyň wekilleriniň özara saparlarynyň ýygjamlaşandygy bizi begendirýär. Munuň özi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady aragatnaşygy işjeňleşdirmegiň, olary hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigine özara düşünişme bardygyndan habar berýär. Şu ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 13-nji mejlisiniň barşynda özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, iki ýurduň zerurlyklaryny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemäge gyzyklanma bildirilýändigi we taýýardygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, oba hojalygy, dokma senagaty, maşyngurluşygy, gazy gaýtadan işlemek, düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýaly ulgamlarda taraplaryň has ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň derejesine çykmalydygyny belledi. Biziň ýurdumyz awtoulag we demirýollary gurmak boýunça tejribe paýlaşmaga örän şat bolar. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, hususan-da, zerurlyk çekýän üçünji bir ýurtlara eksport etmäge niýetlenen gök-bakja önümlerini gaýtadan işlemek boýunça dürli usullary döretmegiň üstünde bilelikde işlemek maksadalaýyk bolar.

Häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda, Türkmenbaşy şäherinde täze port düzüminiň gurluşygy doly güýjünde gidýär. Özbek hyzmatdaşlarymyza öz harytlaryny Ýewropa bazarlaryna çykarmak nukdaýnazaryndan onuň mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edilýär.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz syýahatçylyk pudagynda ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesiniň üstünde işlemegiň möhümdigini aýtdy. Türkmenistanda we Özbegistanda bütindünýä ähmiýetli syýahatçylyk desgalary – Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç, Hywa, Buhara, Samarkant we ýene ençeme medeni – arheologik taryhy ýadygärlikler bar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurda halkara syýahatçylyk pudagynda, geljekde ylalaşylan maksatnamalar we ugurlar boýunça umumy syýahatçylyk giňişligini döretmekde sazlaşykly işleri ýola goýmak möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek hyzmatdaşlarymyzy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanda, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda Özbegistan Respublikasynyň iki sebitiniň – Buhara we Horezm oblastlarynyň wekiliýetleri tanyşlyk saparynda boldular. Olar senagat we oba hojalyk kärhanalaryna baryp gördüler. Işewür toparlar bilen duşuşyklar geçirdiler. Milli Liderimiz şeýle gatnaşyklary goldamagyň, iki ýurduň sebitleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny aýdyp, türkmen we özbek hojalykçylarynyň we telekeçileriniň bilelikde tagalla etmek üçin ugurlary tapjakdyklaryna, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy başarjakdyklaryna ynam bildirdi.

Tutuşlygyna söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, biz ony çuňňur ulgamlaýyn esasda ýola goýmaly diýip hasap edýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistan we Özbegistan özara gatnaşyklarda ägirt uly hem-de ajaýyp tejribe topladylar, şol gatnaşyklar bolsa, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýar. Bu strategiki serişde iki halkyň bähbitleri üçin peýdalanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hemişe aýratyn orny eýeleýär. Biziň halklarymyzy diňe bir geografiki taýdan ýakynlyk däl, eýsem, hakyky doganlyk gatnaşyklary, taryhy ykballaryň, däp-dessurlaryň, ruhy-ahlak ýörelgeleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu düşünjeler döwletara hyzmatdaşlygyň, halklaryň özara düşünişmeginiň, dostlugynyň möhüm ýagdaýyna öwrülip, täze mazmuna eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman, ikitaraplaýyn ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň ösüşine kanagatlanma bildirip, döredijilik wekilleriniň yzygiderli esasda duşuşýandyklaryny, dürli festiwallaryň we forumlaryň, sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralýandygyny belledi. Soňky bolan esasy wakalaryň hatarynda 2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Özbek kinosynyň günleri hem-de şol ýylyň noýabr aýynda Daşkent we Buhara şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri görkezildi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, arheologiýa, etnografiýa, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerinde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri wagyz etmek boýunça hyzmatdaşlygyň maksatnamalary barada pikirlenmek meselelerine ünsi çekdi. Ylmy hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryna innowasiýa, ýokary tehnologiýalar, informatika ýaly ugurlary girizmek möhüm bolup durýar.

Soňky wagtlarda sport boýunça hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Türkmen we özbek türgenleri iki ýurtda geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Türkmenistan bu iri bäsleşiklere özbegistanly türgenleriň hem giňden gatnaşmagyna umyt edýär.

Ynsanperwer gatnaşyklara ýardam etmek, munuň üçin döwrüň ruhunda, adamlaryň zerurlygy üçin möhüm şertleri döretmek iki döwletiň öňünde durýan wezipedir. Biz bu ugurda bilelikde işlemegi dowam etmäge, bu gatnaşyklary üpjün etmek üçin kanunçylyk binýadyny we anyk gurallaryny kämilleşdirmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, iki doganlyk halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna düşünmek gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meselelerinde biz umumy gyzyklanmalary tapýarys, Özbegistan tarapyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy we düşünilýändigini görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Biz muňa ýokary baha berýäris hem-de ikitarapyň hem birek-birege goldaw bermäge meýillerine esaslanýan bu nukdaýnazary biziň doganlyk gatnaşyklarymyzyň üýtgewsizliginiň, ol gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmeginiň kepili diýip hasaplaýarys. Biziň şu günki duşuşygymyz iki döwletiň syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur bolan ähli tagallalary etmäge taýyndygyny tassyklady. Iki ýurduň köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny kesgitleýän, gol çekmek üçin taýýarlanan resminamalaryň uly toplumy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşine dostlukly döwletiň wekiliýetiniň ähli agzalaryna işjeňlik görkezilendigi, özara gatnaşyklaryň meselelerini gyzyklanma bildirip ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berildi.

Belent mertebeli myhman Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de özbek wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, türkmen kärdeşini ýakynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi Türkmenistanyň Baştutanynyň durmuşa geçirýän, ýurdy durnukly ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, onuň halkara abraýyny pugtalandyrmaga gönükdirilen oýlanyşykly syýasatynyň ählihalk goldawyna mynasyp bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy we Özbegistandan goňşy döwletiň türkmen Lideriniň parasatly ýolbaşçylygynda gazanan ägirt uly üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny belledi.

Biziň doganlyk Türkmenistana şu döwlet saparymyza ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli hem-de okgunly ösdürmekde täze tapgyr hökmünde garaýarys diýip, belent mertebeli myhman nygtady. Ol netijeli döwletara syýasy gepleşikleriň dowamy, taraplaryň mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda özara bähbitli we uzakmöhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistan Özbegistan üçin sebitde strategiki hyzmatdaş bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Geçen ýylyň dekabr aýynda Özbegistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilenden soň, bu saparyň ýokary derejedäki daşary ýurt saparynyň ilkinjisidigi tötänden däldir. Bu ýagdaý Özbegistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugruny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezýär we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Prezident Şawkat Mirziýoýew özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen ikiçäk gepleşikleriň barşynda halkara we sebit gün tertibiniň giň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn häsiýetli möhüm meseleleriň ählisi, şol sanda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga degişli meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň laýyk gelýändigini we meňzeşdigini kanagatlanma bilen belledi.

Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Özbegistanyň dürli halkara forumlarynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary doly goldaýandygyny tassyklady. Olaryň hatarynda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek hakyndaky başlangyç bar. Özbek tarapy bu başlangyjyň hem BMG-de ilerledilmegine hemmetaraplaýyn goldaw hem-de ýardam berer.

Prezident Şawkat Mirziýoýew söwda-ykdysady ulgamyň türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, Özbegistanyň türkmen hyzmatdaşlary bilen bu ulgamda ysnyşykly gatnaşyklaryna uly sarpa goýýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady ulgamda, şol sanda geljegi uly bolan pudaklarda, hususan-da, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatda, dokma senagatynda, syýahatçylykda we beýleki ugurlarda geljekki gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary babatdaky pikirlerini goldaýandygyny, hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmak, netijeli işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny belledi. Özbegistan türkmen harytlarynyň iberilmegine gyzyklanma bildirmek bilen, öz nobatynda, Türkmenistana dürli pudaklaryň önümleriniň giň görnüşlerini hödürlemäge taýýardyr.

Ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak iki ýurduň ykdysady bähbitlerine laýyk gelýän möhüm ugur bolup durýar diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi we Özbegistanyň sebit ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, strategiki ähmiýete eýe bolan Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanmaga berilmegi taryhy ähmiýetli waka bolar. Olaryň açylmagy bilen we Türkmenbaşydaky port düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny nazara almak bilen, iki ýurduň üstaşyr kuwwatyny ýokarlandyrmaga, ýükleri daşamagyň bahasyny peseltmäge we oňa sarp edilýän wagty gysgaltmaga mümkinçilik dörär, özara haryt dolanyşygyny bäş esse artdyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem tutuşlygyna sebitde ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder diýip, Özbegistan Respublikasynyň Baştutany belledi. Bu babatda “Orta Aziýa – Ýakyn Gündogar” ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Aşgabat Ylalaşygyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, özbek tarapynyň bu iri taslamany ilerletmekde Türkmenistanyň gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygy mälim edildi.

Belent mertebeli myhman şeýle hem türkmen Lideriniň söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek meselelerinde ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň möhüm ähmiýeti baradaky pikirini goldady.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ynsanperwer ulgamdaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Bu ulgamda ylym, bilim, medeniýet we sungat ugry boýunça netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar. Özbek Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, golaýda Özbegistanda Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. “Ile bagyş eýle” diýlip atlandyrylýan bu ajaýyp neşir beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine sarpa goýýan adamlaryň ählisi üçin hakyky sowgat boldy.

Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu kitabyň ilkinji nusgasyny uly kanagatlanma duýgusy bilen sowgat berjekdigini nygtap, Özbegistanda Magtymgulynyň döredijiligine uly sarpa goýýandyklaryny belledi. Ýurduň hökümetiniň çözgüdi boýunça Daşkent şäheriniň esasy köçeleriniň biriniň adyna Magtymgulynyň ady dakyldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklara, iki dostlukly halkyň düýpli we uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýän ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Sözüniň ahyrynda özbek Lideri iş ýüzünde goldaw berýändigi, türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki doganlyk halkyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşandy üçin türkmen kärdeşine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bilen garaýarys diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we şu günki gepleşikleriň netijeleriniň hem-de gol çekilýän resminamalaryň döwletara gatnaşyklarynyň esaslaryny ep-esli pugtalandyrjakdygyna, ony hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda döwlet sapary bilen Özbegistana gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Suprefos–NS satyn almak hakyndaky Şertnama; Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda traktora tirkelýän pagta ýygýan kombaýnlary, pagta derman pürküjileri we pagta kultiwatorlary satyn almak hakyndaky Şertnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň “Andižan mehanika zawody” GK-nyň arasynda 100 birlik möçberinde sement daşalýan platformany gaýtadan enjamlaşdyrmak hakyndaky Şertnama; Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Buhara oblastynyň häkimiýetiniň arasynda Ylalaşyga; Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Horezm oblastynyň häkimiýetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2017-2018-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamynda 2017-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Ähtnama; Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 2018-2020-nji ýyllarda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama gol çekilýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýygnananlaryň elçarpyşmasy astynda Bilelikdäki Beýannama hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekýärler.

Bu resminamalaryň sanawynyň üstüniň şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda gol çekilen resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirilendigini bellemelidiris. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet komitetiniň arasynda 2017-2019-njy ýyllar üçin syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol Kartasy; Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen “Uzagrotehsanoatholding” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Suw hojalyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň arasyndaky Ylalaşyk bar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa beýik şahyr we akyldar Magtymgulynyň Özbegistanda neşir edilen eserleriniň kitabyny sowgat berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle ajaýyp sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, oňa doganlyk özbek halkyndan türkmen halkyna sowgat hökmünde kabul edýändigini aýtdy we bu neşiriň üstünde işlän we çapa taýýarlan adamlaryň ählisine minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Soňra iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi hem-de dostlukly döwletiň wekiliýetiniň ähli agzalaryny Aşgabatda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekledi we bu saparyň özbegistanly kärdeşiniň Özbegistan Respublikasynyň baştutany hökmünde Türkmenistana ilkinji saparydygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu waka aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, şu günki duşuşygyň türkmen-özbek gatnaşyklaryna kuwwatly ýokary hilli itergi bermäge, ähli ugurlar boýunça köpýyllyk, strategik geljek üçin gatnaşyklarymyzyň täze döredijilik esaslarynyň düýbüni tutmaga gönükdirilendigini nygtady.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny kesgitleýän ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Özbegistanyň Prezidenti bilen şu duşuşygyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge özara ymtylmalary we taýýardygy hem-de munuň üçin taraplaryň ikisiniň hem anyk mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklady.

Gepleşikleriň barşynda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine möhüm orun berildi. Taraplar ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde-de halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek ýaly wajyp meseleleri çözmek ugrunda özara gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagy ylalaşdylar.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, gepleşiklerde Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berlendigini belledi. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we ysnyşykly gatnaşyklar häzir bu işleriň esasy ýagdaýy hökmünde çykyş edýär. Bu babatda ýurtlarymyzyň garaýyşlary üýtgewsizdir: biz Merkezi Aziýanyň parahat we durnukly ösüşini üpjün edip biljek mäkäm we netijeli gurallary döretmek ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Sebitleýin syýasatyň wajyp meseleleriniň çözülmegine çemeleşmeleriň gabat gelýändigini tassyklap, taraplar iri halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, birnäçe sebitleýin düzümlerde işjeň özara gatnaşyk etmegi dowam etmek barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň barşynda goňşy Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, owgan meseleleriniň çözülmegine türkmen we özbek taraplarynyň çemeleşmeleriniň ýakyn gelýändigini bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz goňşy ýurtdaky ýagdaýlary diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly, giň umumymilli gepleşikleri geçirmegiň esasynda düzgünleşdirmek mümkindigi barada bir pikirdediris. Şu babatda halkara bileleşiginiň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döredijilik kuwwaty Owganystanda has işjeň we giňden peýdalanylmalydyr diýip hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan we Özbegistan, şeýle hem Owganystanyň Hökümetine halkara goldawynyň berilmeginiň gowşamaýan depginde we işjeň bolmagy, Owganystanyň sebitleýin we halkara ykdysady işlerine, hususan-da, energetika we ulag ulgamy ýaly durmuşyň möhüm ulgamlaryndaky işlere netijeli ýakynlaşmagyna ýardam bermek ugrunda çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Häzirki wagtda ynsanperwer tarapdan, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlary üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamakda kömek bermek owgan halkyny goldamagyň möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýär.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, taraplar ählumumy gün tertibiniň durnukly ösüş hem-de onuň düzüm bölekleri bolan energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça tagallalary birleşdirmegi dowam eder.

Durnukly energetika babatda gürrüň Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitdäki iri möçberli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy barada barýar. Şol taslamalaryň hataryna, ilkinji nobatda, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasy degişlidir. Mundan başga-da, biz Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa elektroenergiýany ibermek boýunça taslamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy işjeňleşdirmäge taýýardyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ulag ulgamynda Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmegi üpjün edip biljek kuwwatly hem-de häzirki zaman düzümini döretmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk dowam etdiriler. Hususan-da, Türkmenistan Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi-Günorta Kawkaz ugry boýunça Gruziýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň Gara deňiz portlaryna çykalgany üpjün edip biljek geçelgäni döretmek babatda bilelikde işlemäge taýýardyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagyndaky 2011-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen Merkezi Aziýadan Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça içgin özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Gepleşiklerde ekologiýa meselelerine aýratyn üns berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we munuň, hususan-da, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini has-da pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge degişlidigini nygtady. Gazna Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm sebitleýin düzümdir. Türkmenistan Gazna başlyklyk ediji ýurduň borçlaryny kabul edip, degişli Konsepsiýany işläp taýýarlady. Şol Konsepsiýada agza döwletleriň bilelikde işlemeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň meýilnamalary beýan edildi. Biz Gaznaň işine zerur bolan netijeliligi we anyklygy bermek maksady bilen, Özbegistan bilen ýygjam hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdyk diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletde bar bolan kuwwatly senagat, düzümleýin mümkinçiliklere laýyklykda bu ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmegiň, täze, geljegi uly ugurlara çykmagyň zerurdygy barada bir pikire geldiler. Şu işlerde iki ýurduň işewür jemgyýetçilikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly orun berilýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň ençeme ýyllaryň dowamynda işjeň hyzmatdaşlyk edýän anyk ugurlarynyň we pudaklarynyň birnäçesi bar. Hususan-da, bu obasenagat ulgamydyr. Biz Özbegistanda öndürilýän oba hojalyk tehnikasynyň ulgamlaýyn esasda iberilýändigi üçin özbek doganlarymyza minnetdardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňky ýyllarda Özbegistanda ýerleşen kärhanalar tarapyndan çykarylýan awtomobilleriň söwdasy netijeli barýar. Biziň himiýa senagatynyň önümleri boýunça işlemekde oňyn tejribämiz bar. Munuň özi häzirki wagtda iki goňşy döwletiň özara esasda alyşýan harytlarynyň doly sanawy däldir. Şonuň bilen birlikde, elbetde, biziň ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny uly derejede ösdürmek üçin kuwwatly mümkinçiliklerimiz bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Duşuşygyň barşynda taraplar medeni we ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn aragatnaşyklaryň işjeňleşýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etmek, iki ýurduň raýatlarynyň giňden gatnaşyk etmekleri üçin şertleri döretmek barada ylalaşyklar gazanyldy.

Biziň taryhymyz, medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz bir. Şunuň ýaly berk esasda biz halklarymyzyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdüreris we pugtalandyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň ýaly özara gatnaşyklaryň görnüşleri köpdürli bolup biler. Bular Medeniýet günleri, Kino günleri, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumlary, sergiler, maslahatlardyr. Olaryň esasy maksady ata-babalarymyzyň taryhy, ruhy we medeni mirasyny gorap saklamakdan we köpeltmekden ybaratdyr. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, şu möhüm ugurda täze wajyp netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan üçin Özbegistan möhüm hyzmatdaşdyr. Bu ýurt bilen biz gatnaşyklarymyzy strategik geljegi nazarlap gurýarys. Ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy häzir yzygiderli ýokarlanýan ugur boýunça ösýär. Onuň tapawutly aýratynlyklary deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, iki doganlyk halkyň we döwletiň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyna özara düşünişilmegi bolup durýar.

Türkmenistan hem-de Özbegistan öz gatnaşyklarynda halklarymyzda ýola goýlan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak däpleriniň baý taryhy tejribesine bolşy ýaly, häzirki günüň anyk ýagdaýlaryna, hyzmatdaşlyk etmegiň bar bolan uly kuwwatyna akyl ýetirilmegine daýanýar. Biz Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky köptaraply ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine, sebitleýin we halkara ýagdaýlarynyň tutuş barşyna oňyn täsir edýändigine düşünip, şol kuwwaty has doly peýdalanmagy maksat edinýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryna geçirilen oňyn we netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de goňşy Özbegistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.

Öz nobatynda, Özbegistan Respublikasynyň Baştutany ýokary derejede geçen duşuşygyň netijelerini beýan edip, geçirilen gepleşikleriň özara ynanyşmak hem-de oňyn häsiýete eýe bolandygyny nygtady.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, ýokary döwlet wezipesine saýlanandan soň, özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny doganlyk Türkmenistana amala aşyrýandygy hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn häsiýete eýe bolup durýangyna şaýatlyk edýär.

Belent mertebeli myhman iki goňşy halkyň gatnaşyklarynyň uly taryhynyň bardygyny hem-de ykballaryň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, diliň, däp-dessurlaryň ýakynlygyna esaslanýandygyny aýdyp, onuň ýurdunda her bir öýde diýen ýaly beýik türkmen şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Mollanepesiň kitaplarynyň bardygyny belledi. Şol goşgulardan birnäçe setiri ýatdan bilmeýän özbek raýatyny tapmak kyndyr. Golaýda Özbegistanda Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň “Ile bagyş eýle” atly täze kitaby neşir edildi.

Özbek Lideriniň belleýşi ýaly, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu kitabyň birinji nusgasyny uly kanagatlanma duýgusy bilen sowgat berdi. Bu kitap hakykatdan hem dostluk gatnaşyklary bilen baglaşan iki halka sowgat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew ýaşlary ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän parasatly däp-dessurlary esasynda terbiýelemek meselelerine uly üns berýändigi üçin türkmen kärdeşine hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Türkmen we özbek halklary—umumy baý we taryhyň, özboluşly medeniýetiň mirasdüşerleri bolup durýar. Ol biziň buýsanjymyzdyr we baýlygymyzdyr. Iki halkyň bilelikdäki tagallalary bilen dünýä ösüşine uly goşant goşan ýokary siwilizasiýa döredildi diýip, belent mertebeli myhman nygtady. Umumy taryhymyzyň binýadyna daýanmak bilen biz özbek-türkmen hyzmatdaşlygynyň geljegini ynamly gurýarys hem-de onuň örän uly mümkinçiliklerini görýäris.

Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, özbek tarapy doganlyk Türkmenistana amala aşyrýan döwlet saparyna döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegiň täze tapgyry hökmünde garaýar. Açyklyk, özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikler ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny we gabat gelýändigini tassyklady.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasatynda yzygiderliligi, dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy hemmetaraplaýyn berkitmek ugruny dowam etmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň oýlanyşykly daşary syýasat ugruny, onuň çemeleşmelerini hem-de sebit we halkara howpsuzlygyny, parahatçylygy pugtalandyrmak, ulag-kommunikasiýa geçelgelerini hem-de energetika ugurlaryny ösdürmek baradaky möhüm başlangyçlaryny goldaýandygy nygtaldy.

Ertir biziň üçin taryhy ähmiýetli gün bolar – türkmen Lideriniň başlangyjy bilen gurlan demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyşy bolar diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we bu wakanyň diňe bir sebitiň halklaryny däl, eýsem, tutuş yklymyň halklaryny birleşdirýändigini hem-de täze taryhy eýýamda Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine uly goşant boljakdygyny belledi. Ösen ulag düzüminiň bolmagy haryt dolanyşygynyň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin bolsa biziň ýurtlarymyzda uly mümkinçilikler bar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gepleşikleriň barşynda türkmen Lideriniň beýan eden tekliplerini, şol sanda syýahatçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge degişli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýdyp, Özbegistanyň hem Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, şol sanda BMG-niň belent münberinden öňe süren başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

Olaryň hatarynda Türkmenistanda ekologiýa boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bar. Özbek tarapy bu başlangyjy doly goldar hem-de onuň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berer. Çünki häzirki wagtda ekologiýa halkara ähmiýetli mesele bolup durýar. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, belent mertebeli myhman Özbegistanyň çölleşmek meselesini çözmekde geljekde hem gatnaşyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Türkmen Lideriniň ozal hem belleýşi ýaly, iki döwletiň BMG-niň degişli halkara konwensiýalaryndan ugur almak bilen, suw hojalyk meselelerinde hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Özbek tarapy Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde bilelikdäki işi netijeli alyp barjakdygyna hem-de şu meselä degişli wezipeleriň ählisini çözmek boýunça ylalaşykly çözgütleri kabul etmek üçin zerur bolan şertleri döretjekdigine ynanýar.

Türkmenistan we Özbegistan halkara giňişliginde hyzmatdaşlygyň iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýändigini ykrar etmek bilen, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, GDA-nyň, YHG-niň we beýlekileriň çäklerinde gatnaşyklary we özara goldawy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar we sebit hem-de ählumumy howpsuzlyga abanýan wehimlere we howplara garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini nygtadylar.

Şu gün biz döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesini alamatlandyrýan strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekdik diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy we bu taryhy resminamanyň möhüm ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýady goýýandygyny nygtady. Gepleşikleriň barşynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şunda bilelikdäki hökümetara toparynyň işine, anyk ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, hojalyk subýektleriniň, şeýle hem iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge möhüm orun degişlidir.

Belent mertebeli myhman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, öňümizdäki hakyky taryhy wakanyň—7-nji martda açylmagy göz öňünde tutulýan geostrategiki ähmiýetli inžener-tehniki desgalaryň ulanmaga berilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Şol desgalaryň ulanmaga berilmegi söwdanyň hem-de hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer, diýmek, sebit we halkara giňişliginde parahatçylygy hem-de rowaçlygy pugtalandyrmak işine hyzmat eder.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew taraplaryň kommunikasion ulgamlaryň, iki ýurduň çäginden geçýän ulag geçelgeleriniň kuwwatyndan özara netijeli peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini aýratyn belledi. Munuň özi, ilkinji nobatda, Halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyny durmuşa geçirmäge degişlidir. Bu geçelge Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny baglanyşdyrýan gysga we howpsuz ýoly üpjün eder.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyldy. Munuň özi biziň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar, iki goňşy ýurtda milletara ylalaşygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy. Taraplar iki döwletde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler we özbekler üçin mundan beýläk-de oňaýly şertleri döretjekdiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew şu döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenabat şäherinde özbek halkynyň beýik ogly, görnükli syýasy we döwlet işgäri Yslam Karimowa bagyşlanan ýadygärlik toplumynyň açylyş dabarasynyň boljakdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen dostlaryna Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentiniň hakydasyna uly hormat-sarpa goýlandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Özbek halky Türkmenistanyň Baştutanynyň bu çözgüdini çuňňur hoşallyk bilen kabul etdi we türkmen Lideriniň sahawatlylygyny hem-de ýokary derejedäki adamkärçilik häsiýetlerini hiç wagt ýatdan çykarmaz.

Belent mertebeli myhman Aşgabatda geçirilen netijeli gepleşikleriň hem-de saparyň barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirip, geçirilen netijeli gepleşikler hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen kärdeşine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. Sözüniň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyna göz öňünde tutulan ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra iki döwletiň Baştutanlary Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna ugraýarlar.

Meşhur ahalteke bedewleri halkymyzyň milli baýlygy hem-de buýsanjy bolmak bilen, gadym döwürlerden bäri bütin dünýäde şan-şöhrata eýedir. Zehinli türkmen atçylarynyň we seýisleriniň ençeme nesilleri tarapyndan ýetişdirilen ýelden ýüwrük, gözelligi babatda deňsiz-taýsyz ganatly bedewler häzirki döwürde eziz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň, onuň täze belent sepgitlere tarap ynamly öňe gitmeginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Hut ahalteke bedewiniň Aşgabatda geçiriljek halkara ähmiýetli iri sport çäresiniň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň baş nyşanyna öwrülendigi tötänden däldir. Ahalteke bedewiniň kellesiniň şekili Aziada-2017-niň resmi keşbinde şekillendirilendir. Aziýa oýunlary şu ýylyň sentýabr aýynda türkmen paýtagtynda geçiriler.

Belent mertebeli myhman sebitdäki bu iri atçylyk sport toplumynda bolmagynyň barşynda Türkmenistanda behişdi bedewlere uly söýgi hem-de hormat-sarpa bilen garalýandygyna göz ýetirdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewiniň hakyky muşdagy, ussat çapyksuwar hem-de atçylyk sportunyň wagyzçysy bolup durýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda türkmen atçylygynyň gadymdan gelýän däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek, bu şan-şöhratly sungaty täze eýýamda ösdürmek boýunça maksada laýyk çäreler görülýär, degişli tohumçylyk işi yzygiderli alnyp barylýar.

2010-njy ýylda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Onuň işi behişdi bedewleri giňden wagyz etmäge, ahalteke bedewiniň özboluşlylygyna hem-de dünýä medeniýetiniň täsin gymmatlygy hökmünde onuň ähmiýetine köpçüligiň ünsüni çekmäge ýardam edýär. Bu Assosiasiýanyň mejlisleri her ýyl Türkmen bedewiniň baýramynyň çäklerinde paýtagtymyzda geçirilýär. Bu baýramçylyk çärelerine hem-de dabaralaryna köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň, şol sanda dürli ýurtlardan meşhur hünärmenleriň we atçylyk bilen meşgullanýan bilermenleriň gatnaşmagy bütin dünýäde ahalteke bedewlerine ägirt uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Iki ýurduň Liderleriniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelmegi mynasybetli saýlama behişdi bedewleriň görkezilişi guraldy. Ýörite meýdança ajaýyp bedewler – täsin tohumyň iň gowy wekilleri yzly-yzyna çykaryldy.

Soňra “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentlerine ganatly bedewleriň ýyndamlygyny hem-de gözelligini, at üstünde çylşyrymly akrobatiki maşklary ýerine ýetirmegiň hem-de çapyksuwarlygyň ýokary ussatlygyny görkezdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen bu toparyň eýýäm iri halkara bäsleşikleriň we festiwallaryň ençeme gezek ýeňijisi bolandygyny bellemelidiris. Gran-pri baýraklarynyň birnäçesine mynasyp bolan “Galkynyş” topary häzirki wagtda daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi ahalteke bedewleriň bütin dünýäde şan-şöhratynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş türkmen jigitleriniň ajaýyp sungaty we elbetde, behişdi bedewleriň gözelligi we syratlylygy belent mertebeli myhmanda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Türkmen halkynyň adyndan doganlyk özbek halkyna ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti şeýle ajaýyp sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täsin türkmen bedewlerine hem-de döwrebap atçylyk toplumyna haýran galýandygyny aýtdy. Bu toplumda ahalteke bedewlerini saklamak, köpeltmek we tälim bermek, seýisleriň täze nesillerini hem-de ussat çapyksuwarlary ýetişdirmek, atçylyk sport ýaryşlaryny geçirmek üçin oňaýly şertler döredildi.

Şol gün özbek Lideri Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Özbegistanyň Baştutany bu ýerde ýerleşýän Hormatly myhmanlaryň seýilbagynda iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hem-de doganlygyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Gypjak obasyna tarap ugrady, şol ýerde kümmete gül dessesini goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralady we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir