Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanda German Ykdysadyýetiniň Gününe Gatnaşyjylara
Türkmenistanda German Ykdysadyýetiniň Gününe Gatnaşyjylara
Türkmenistanda German Ykdysadyýetiniň Gününe Gatnaşyjylara

Türkmenistanda German Ykdysadyýetiniň Gününe Gatnaşyjylara

Hormatly German ykdysadyýetiniň gününe gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!

Türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan we asylly däbe öwrülen German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky gününiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şu ýylyň awgust aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde ýokary derejedäki türkmen-german gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Federal Kansler Angela Merkel bilen bolan duşuşykda däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän ýokary derejä ýetirmäge gyzyklanma bildirilýändigi tassyklandy. Şeýle hem uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly dostlar!

Türkmenistan Germaniýany esasy hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýar. Öz gezeginde Germaniýa Federatiw Respublikasy biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirýär. Şu ýylyň awgust aýynda Berlinde geçirilen türkmen-german işewürler maslahaty, Germaniýanyň iri işewür düzümleriniň wekilleri bilen işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Germaniýanyň kompaniýalarynyň geljegi uly bolan türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendigini we olaryň dürli ugurlar boýunça köp ýyllaryň dowamynda netijeli işleri alyp barýandyklaryny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda amatly maýa goýum şertleriniň döredilendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanda ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna we täze usullar arkaly ösdürilmegine, giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny we möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Häzirki döwürde Germaniýanyň maýa goýum serişdeleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň kärhanalary gaýtadan işleýän önümçilik, gurluşyk, söwda, hyzmat ulgamlarynda, şeýle hem ylym we tehniki ugurlarda iş alyp barýarlar. Germaniýanyň kompaniýalary ýurdumyzda uzak möhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine önjeýli goşant goşýarlar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Hormatly işewürler!

Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň geçirilmegi, şeýle hem biziň ýurdumyzda German ykdysadyýetiniň günleriniň guralmagy özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmaga şert döredýär.

Şu günki guralýan çäräniň Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynanýaryn.

Gadyrly dostlar!

Sizi German ykdysadyýetiniň gününiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize ýurtlarymyzyň ykdysady ösüşine, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir