Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanda Irlandiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady
Türkmenistanda Irlandiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady
Türkmenistanda Irlandiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Türkmenistanda Irlandiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Edrian Makdeýdden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki dostlukly ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz nobatynda, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Irlandiýanyň ýokary ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän ählihalk baýramy–Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny, gülläp ösüş we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda—abraýly guramalaryň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki giňden halkara hyzmatdaşlyk şol strategiýanyň möhüm ileri tutulýan ugrudyr.

Parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň hem-de durmuş-ykdysady we medeni ösüş maksatnamalarynyň esasy ugurlary barada hem gürrüň berdi. Şol maksatnamalar halkymyzyň abadançylygyny gazanmaga gönükdirilendir.

Milli parlamentiň alyp barýan işleri hem-de kanunçykaryjylyk ulgamynda geçirilýän özgertmeler söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi döwlet ösüşiniň öňde goýlan ähli wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagy barada teklip aýdyldy.

Netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň üçin bu ýerde amatly maýa goýum ýagdaýy, öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga tarap alnan ugur örän oňat şertleri döredýär. Ilçiniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunyň işewür toparlary türkmen hyzmatdaşlary bilen kompýuter tehnologiýalary, derman serişdelerini öndürmek babatda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda we beýleki ugurlarda berk gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýärler.

Jenap Edrian Makdeýd “Açyk gapylar” syýasaty hem-de halkara başlangyçlary tutuş dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň baýram edilýän ajaýyp pursadynda bu ýerde Irlandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde resmi taýdan işläp başlamagynyň özboluşly many-mazmuna eýedigini belläp, döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir