Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratrik Respublikasynyň Ilçisi Işläp Başlady
Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratrik Respublikasynyň Ilçisi Işläp Başlady
Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratrik Respublikasynyň Ilçisi Işläp Başlady

Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratrik Respublikasynyň Ilçisi Işläp Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kim Hen Çžundan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan jenap Kim Hen Çžuny ýurdumyzda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

KHDR-iň doly ygtyýarly wekili mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna iberen salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen halky bu gün Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Duşuşygyň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän durmuş ugurly içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda—iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Kanunçykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek maksadynda türkmen parlamentiniň işlerine aýratyn üns berildi.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmanyň we taýýarlygyň bardygy tassyklanyldy. Jenap Kim Hen Çžun iki döwletiň eýe bolan mümkinçiliklerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň we KHDR-iň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge goşant goşmaga çalyşjakdygyny aýtdy.

Şol gün Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Meňzeş Täzelikler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir