Baş Sahypa / GÜNÜŇ WAKALARY / Türkmenistanda TOPH Taslamasynyň Gurluşygy Güýçli Depginde Alnyp Barylýar
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar.

Türkmenistanda TOPH Taslamasynyň Gurluşygy Güýçli Depginde Alnyp Barylýar

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Bu barada maglumat Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýewiň şu ýylyň 9 aýynda nebitgaz toplumynda alnyp barlan işleriň netijeleri baradaky hasabatynda aýdyldy.

Mejlisiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz magistralyny we beýleki gaz arteriýalaryny gurmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

TOPH magistralynyň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda başlandy. Gaz geçirijiniň umumy uzynlygy 1814 metr, şol sanda Türkmenistanyň çäginde  214 kilometr, Owganystanda  774 kilometr, Pakistanda Hindistan bilen serhetde ýerleşýän Fazilka ilatly nokadyna çenli 826 kilometr bolmaly.

Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar. Ýerli kömekçi düzümleri bilen bilelikde gaz geçirijini 2019-njy ýylyň dekabrynda ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.

Türkmen gazy «mawy ýangyja» bolan zerurlyklary 2030-njy ýylda iki esse ýokarlanyp biljek Hindistan bilen Pakistanyň zerurlyklaryny üpjün edip biler. Mundan başga-da ol üstaşyr Owganystandaky energiýa serişdeleriniň hemişelik ýetmezçiligini hem azaldyp biler.

2016-njy ýylyň oktýabrynyň başynda Türkmenistanyň daşary ykdysady iş banky TOPH gaz geçirijisiniň umumy bahasy 700 million amerikan dollaryna barabar bolan türkmen böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Yslam ösüş banky bilen ylalaşyga gol çekdi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmen Akyldar Şahyry Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Güni

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmen Akyldar Şahyry Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Güni

2017-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmen akyldar şahyry Magtymguly …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir