Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýetiniň Baştutany Işe Başlady
Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýetiniň Baştutany Işe Başlady
Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýetiniň Baştutany Işe Başlady

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýetiniň Baştutany Işe Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kristian Bergerden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň ählumumy bähbitlerde giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

İlçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň halkyny milli baýramçylyk—Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de parahatçylyk, rowaçlyk, özygtyýarly ösüşiň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi strategiki hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen köp ýyllyk netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýär. Türkmen döwleti bu gün Merkezi Aziýa sebitinde esasy orny eýeleýär hem-de sebit we sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ylalaşdyryjylyk mümkinçiliklerini görkezýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depgini bellenildi. Amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň onlarçasy munuň subutnamasy bolup durýar.

Myhman Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda, şol sanda hukuk ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň maksatlary hem-de wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ählihalk tarapyndan ara alyp maslahatlaşylandan soň, şu ýylyň güýzünde Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň ähmiýeti bellenildi. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwletimiziň we jemgyýetimiziň uzakmöhletleýin geljek üçin demokratik ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitläp, adamy onuň ýokary gymmatlygy diýip jar edýär, raýat hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirýär, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin şertleri döredýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürýän parlamentara gatnaşyklaryny berkitmek meselesine aýratyn üns berildi.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň baştutany jenap Kristian Berger umumy maksatlara we wezipelere kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň halklarynyň has-da ýakynlaşmagy we özara düşünişmegi, özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Meňzeş Täzelikler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir