Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Türkmen-German Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Türkmen-German Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Türkmen-German Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Türkmen-German Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

2016-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilýetine ministrligiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça doly ygtyýarly wekili jenap Andreas Peşke ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Gepleşikleriň dowamynda halkara we sebitleýin gün tertibiniň meselelerine hem garaldy.

Halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň meseleri barada aýdyp, taraplar iki döwletiň hem daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi möhüm mesele bolup durýandygyny bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylanda, bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda geçiren Ykdysadyýet günleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine saldamly goşant goşýandygy bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamyndaky, hususan-da ylym-bilim ugrunda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Saglygy goraýyş ulgamy hyzmatdaşlyk etmekligiň ileri tutlýan ugry hökmünde bellenildi.

Taraplar syýasy geňeşmeleriň jemlerine kanagatlanma bildirler we şular ýaly gepleşikleri dürli derejelerde dowam etdirmekligiň zerurlygyny aýtdylar.

Meňzeş Täzelikler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir