Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň DIM-de Türmen-Eýran Hyzmatdaşlygyny Giňeltmegiň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň DIM-de Türmen-Eýran Hyzmatdaşlygyny Giňeltmegiň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň DIM-de Türmen-Eýran Hyzmatdaşlygyny Giňeltmegiň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-de Türmen-Eýran Hyzmatdaşlygyny Giňeltmegiň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

2016-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary boýunça orunbasary Ebrahim Rahympur bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky esasy häsiýetnamasy hemişelik we köp derejeli syýasy gepleşikleri bolan syýasy-diplomatik özara hereketleriniň ýokary derejesi bellenilip geçildi.

Şeý hem taraplar ykdysady ulgamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan energetika, ulag we söwda ýaly ugurlary boýunça pikir alyşdylar we olary çuňlaşdyrmak we özara söwda dolanşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak babatynda uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Taraplar özara gatnaşyklaryň hemme ulgamlarynda, şol sanda döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli alyş-çalyşlaryň uly tejribesini gazanandyklaryny bellediler.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ýola goýulan dialogy dowam etdirmegiň wajyplygy bilen ylalaşdylar.

Meňzeş Täzelikler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir