Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň DIM-nde Palestina Döwletiniň Ilçisi Bilen Duşuşyk
Türkmenistanyň DIM-nde Palestina Döwletiniň Ilçisi Bilen Duşuşyk
Türkmenistanyň DIM-nde Palestina Döwletiniň Ilçisi Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň DIM-nde Palestina Döwletiniň Ilçisi Bilen Duşuşyk

2016-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanda öz işini tamamlaýan Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) jenap Mohammed Abdyllah Tarşahani bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Ilçi türkmen tarapyna Ilçihananyň işine berlen kömekler we ýardamlar üçin öz çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Özara peýdaly hyzmatdaşlagyň işjeň ösüşini belläp, taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça edilen tagallalary ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy geňeşmeleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin möhüm gural bolup hyzmat edýändigini belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Palestina Döwletiniň Ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlagy berkitmek boýunça goşan saldamly goşandy üçin minettdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlikler arzuw etdi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir