Baş Sahypa / SPORT / Türkmenistanyň Dünýäde Sport Abraýy Artýar
“Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda sport çärelerini şöhlelendirmek işine saldamly goşant goşan iň gowy daşary ýrtly žurnalistlere Aziýanyň sport metbugaty assosiasiýasy tarapyndan döredilen hormaly baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Dünýäde Sport Abraýy Artýar

 “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda sport çärelerini şöhlelendirmek işine saldamly goşant goşan iň gowy daşary ýrtly žurnalistlere Aziýanyň sport metbugaty assosiasiýasy tarapyndan döredilen hormaly baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabaraly çäre Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmäge bagyşlanyp golaýda geçirilen media-forumyň tamamlaýjy tapgyry boldy.

Ajaýyp myhmanhanada hakyky ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bu ýere hökümet agzalary, dünýäniň 29 döwletinden iri tele we radio ýaýlymlaryň, metbugat neşirleriniň, halkara we sebit assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri we beýlekiler ýygnandylar. 

Aziýanyň sport metbugaty assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammad Kasim dabarany açyp, Aziada-2017-ini geçirmäge görülýän taýýarlyk işlerine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa giň möçberli ýaryşlary guramak meselelerine hem-de ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmäge uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, şol sanda esasy sport teleradio ýaýlymlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýändigi bellenildi. 

Türkmenistanda guralýan sergileriň, maslahatlaryň, ýörite okuw maslahatlarynyň hem-de halkara derejesindäki beýleki çäreleriň sport ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge, ýokaryh hünärli tälimçileri, türgenleri, sport synçylaryny taýýarlamaga, maglumatlary alyşmagy işjeňleşdirmäge ýardam berýändigi nygtaldy. 

Soňra sport media-forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurtly žurnalistlere medallar we diplomlar gowşuryldy. Olar Aşgabadyň hem-de Olimpiýa toplumynyň özlerinde galdyran ýatdan çykmajak täsirleri barada gürrüň berdiler. Olipiýa şäherjiginiň haýran galdyryjy tehnologik derejesi we sport desgalarynyň gurluşygynyň barşynyň ýokary derejesi bellenildi. Şeýle hem taýýar desgalarda ilkinji synag ýaryşlarynyň geçirilýändigi nygtaldy. 

Halkara sport media-forumyna gatnaşyjylar Aşgabatda bolan günleriniň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigine göz ýetirdiler. Şu syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlylyk, ýokary netijeler sportyny hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek we wagyz etmek ýurdumyzda döwrebap sport düzümini kemala getirmek, beden taýdan sagdyn nesili terbiýelemek üçin möhüm binýat bolup durýar. Şunuň bilen birlikde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri dabaralanýar. 

Sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol maksatnamalaryň hatarynda Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllar üçin bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Milli maksatnamasy, Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllar üçin sporty ösdürmegiň we professional türgenleri taýýarlamagyň umumy döwlet maksatnamasy bar. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” rejelenen görnüşi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olarda sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu maksatnamalaryň ählisi uly möçberde gönükdirilýän döwlet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. 

Şu maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem-de paýtagtymyzda döwrebap stadionlar, sport toplumlary we mekdepler gurulýar hem-de ulanmaga berilýär. 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sport düzümini kemala getirmäge uly üns berilýär. Şol ýerde sport – sagaldyş toplumly döwrebap desgalar, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulýar. 

Her ýyl mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, edaralaryň we kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” şygary astynda sport ýaryşlary guralýar. Her ýylyň aprel aýynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe – sport we medeni – sagaldyş çäresini geçirmek asylly däbe öwrüldi. 

Ýurdumyzda milli we halkara derejesinde dürli sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Ýaş türkmen sport ussatlary ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň düzüminde abraýly halkara ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Türgenlerimiz olarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, garaşsyz Watanymyzyň döwlet baýdagyny belende galdyrýarlar.      

Günüň birinji ýarymynda medeni maksatnamanyň çäklerinde
Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmäge bagyşlanyp    geçirilen halkara media-foruma gatnaşyjylar Aşgabadyň haly muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde olar  gadymy halylar hem-de häzirki zaman el işleri, jemi 2 müňe golaý gymmatlyk bilen tanyşdylar. Umumy meýdany 300 inedördül metrden gowrak bolan, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ägirt uly haly žurnalistleri haýran galdyrdy. Bu haly türkmen halyçylary tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna gabatlanyp dokaldy.     

Soňra geçen media-foruma gatnaşyjylar Köpetdagyň eteginde ýerleşen Halkara atçylyk sport toplumyna tarap ugradylar. Bu ýerde hem myhmanlar gören zatlaryna haýran galyp, desganyň özboluşly gözelligini bellediler. Ýeri gelende aýtsak, bu desga geçen ýyl “Intellektual eýeçiliginiň çäginde iň gowy kärhana” atly baýraga mynasyp boldy. Bu abraýly halkara baýragy intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy (WIPO) tarapyndan döredildi. 

Merkezi Aziýadaky iri atçylyk merkezleriniň biri bolan Halkara atçylyk sport toplumy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem giň meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi tötänden däldir. Mälim bolşy ýaly, hut şu ýerde, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde müňlerçe ýyl mundan ozal adamzat siwilisaziýasynyň medeni atçylygynyň gözbaşy peýda boldy. Meşhur ahalteke bedewleriniň taryhy hem hut şu ýerden başlanýar. Meşhur behişdi bedewler häzir hem türkmenleriň buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygy bolup durýar. 

Toplumyň meýdançalarynyň birinde metbugat gulluklarynyň işgärleri üçin ahalteke bedewleriniň başarnygy görkezildi. Şeýle hem golaýda Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlarynda üstünlikli çykyş edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite pul baýragyna mynasyp bolan Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary çykyş etdi. Bu oýunlar şu aýyň başynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirildi. 

Myhmanlar şeýle hem golaýda ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky oba baryp gördüler. Şol oba döwrebap durmuş maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hünärmenleri we olaryň maşgalalary üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar. 

Daşary ýurtly žurnalistler käbir öýlere baryp görmek baradaky çakylygy hoşallyk bilen kabul edip hem-de ýaşaýjylar üçin döredilen ajaýyp şertlere we amatlyklara ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylyk pudagynyň işgärleri, ahalteke atçylygynyň gadymdan gelýän däplerini gaýtadan dikeltmek, saklamak we dowam etdirmek barada ýadawsyz alada edýändigini bellediler. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy we Aba Annaýew adyndaky täze döwrebap oba bu aladanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol ýerde adamlaryň üstünlikli we netijeli zähmet çekmegi hem-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertlper göz öňünde tutuldy. 

Myhmanlar atçylyk sportuny höweslendirmek we wagyz etmek, ahalteke atçylygynyň şöhratly däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek boýunça Türkmenistanda görülýän çäreleriň ýokary derejesini haýran galmak bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, giň möçberli döredijilik işleri alnyp barylýan ýurdumyzda ähli ulgamlarda, şol sanda bu ugurda hem ägirt uly üstünlikleriň gazanyljakdygy şübhesizdir.  

Meňzeş Täzelikler

Oýunlar Akademiýasy

Oýunlar Akademiýasy

2010-njy ýylda Aşgabat şäheri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir