Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksine Üýtgetme Girizmek Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksine Üýtgetme Girizmek Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksine Üýtgetme Girizmek Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksine Üýtgetme Girizmek Hakynda

I. 1997-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan, 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 28-nji madda, № 4, 72-nji madda; 2011 ý., № 1, 20-nji madda, № 3, 55-nji madda; 2012 ý., № 3, 66-njy madda; 2013 ý., № 4, 77-nji madda; 2014 ý., № 1, 44-nji madda, № 2, 77-nji madda, № 4, 145-nji madda; 2015 ý., № 1, 9-njy madda, № 4, 144-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji madda) 1291-nji maddasyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1291 madda. Adam söwdasy

(1) Adam söwdasyny, ýagny adam söwdasynyň pidasynyň razylygyna garamazdan, ony ezmek maksady bilen yrana, daşana, geçirene, gizläp saklana ýa-da haýbat atmak, mejbur etmek, aldamak, adam söwdasynyň pidasynyň ynamyndan ýa-da gowşaklyk ýagdaýyndan peýdalanmak ýa-da onuň garaşly adamsyna berim bermek ýollaryny ulanmak arkaly adamy alana, şeýle hem adamy satyn alana-satana ýa-da onuň bilen bagly eýeçiligiň obýekti hökmünde garalýan gaýry bikanun geleşikleri edene,

dört ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş:

а) gaýtadan edilse;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilse;

ç) iki ýa-da şondan-da köp adam babatda edilse;

d) kämillik ýaşyna ýetmedigi görnetin adam babatda edilse;

e) wezipe ygtyýarlyklaryny peýdalanmak arkaly edilse;

ä) pidany Türkmenistanyň Döwlet serhedinden daşyna bikanun çykarylmagy ýa-da Türkmenistanyň Döwlet serhedinden daşarda bikanun saklamak bilen bagly bolsa;

f) güýç ulanmak bilen ýa-da şony ulanmak haýbatyny atmak bilen edilse;

g) transplantasiýa maksatlary üçin pidanyň beden agzalaryny ýa-da dokumasyny almak bilen bagly bolsa;

h) adamy ýaragly çaknyşyklarda ýa-da harby hereketlerde ýa-da ýaragly birikmelerde ulanmak bilen bagly bolsa,

sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:

a) seresapsyzlyk bilen pidanyň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse ýa-da başga agyr netijelere getirse;

b) birnäçe adamyň jany üçin ýa-da saglygy üçin howply usul bilen edilse;

ç) guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse,

on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

1. Adam söwdasynyň pidasy onuň adam söwdasynyň pidasy bolmagy bilen şertlendirilen kanuna garşy hereketleri edendigi üçin, ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

2. Şu maddadaky adamy ezmek diýlip, adamyň mejbury zähmete ýa-da hyzmata çekilmegine, gulçulyk ýa-da gulçulyga kybapdaş derejä (ýagdaýa), gulçulyga kybapdaş elgarama ýagdaýa salynmagyna ýa-da beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna, ýaragly çaknyşyklarda ulanylmagyna, ol babatda jynsy häsiýetli hereketleriň edilmegine ýa-da adamy ezmegiň gaýry görnüşlerine düşünilýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde bellenen haýsy-da bir täsir ediş serişdeleriň peýdalanmagy bilen bagly bolmasa-da, kämillik ýaşyna ýetmedigi ezmek maksady bilen yrmak, daşamak, geçirmek, gizläp saklamak ýa-da almak adam söwdasy hasaplanýar.».

II. Şu Kanun 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir