Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY: Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1. 1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 35-nji madda; 2000 ý., № 2, 17-nji madda; 2011 ý., № 1, 16-njy madda):

1) 5-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gurluşy we düzümi Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanýar.»;

2) 6-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzülmegi!»

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan onuň öz wezipesine girişen gününden başlap, bir aýyň dowamynda düzülýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrler we ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylary bolan beýleki adamlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.

Şunda Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanyň Içeri işler ministri we Türkmenistanyň Adalat ministri Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.»;

3) 8-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň Ministrler Kabineti iş başyndan aýrylanda, Türkmenistanyň Prezidenti bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzýär, şonda ol özüniň karary bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi düzülýänçä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ozalky düzümine öz wezipelerini ýerine ýetirmegi tabşyrýar.»;

4) 17-nji maddanyň ikinji böleginde «funksiýalaryny», 23-nji maddanyň üçünji böleginde «sosial,» diýen sözleri aýyrmaly.

2. 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 51-nji madda; 2012 ý., № 4, 111-nji madda; 2016 ý., № 1, 67-nji madda):

1) 3-nji maddada:

2-nji bentde «bitaraplyk derejesini» diýen sözleri «bitaraplyk hukuk ýagdaýyny» diýen sözlere çalşyrmaly;

7-nji bentde «merkezi we ýerli wekilçilikli hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň hem-de döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

2) 4-nji maddada:

2-nji we 5-nji bentlerde «merkezi we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

7-nji bendi aýyrmaly;

8-nji, 9-njy we 10-njy bentleri degişlilikde 7-nji, 8-nji we 9-njy bentler diýip hasap etmeli;

3) 7-nji maddanyň 4-nji, 5-nji we 6-njy bentlerinde «merkezi we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň» we «merkezi we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralaryndan» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralaryndan» diýen sözlere çalşyrmaly.

3. 2009-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda kabul edilen «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 1, 15-nji madda; 2013 ý., № 4, 92-nji madda; 2015 ý., № 2, 75-nji madda; 2016 ý., № 1, 9-njy madda):

1) 1-nji maddanyň birinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr.»;

2) 2-nji maddanyň üçünji böleginde:

birinji tesimde «61-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda» diýen sözleri «79-njy maddasyna laýyklykda» diýen sözlere çalşyrmaly;

2-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«2) Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);»;

3-nji bentde «mahalynda» diýen sözi «halatynda» diýen söze çalşyrmaly;

3) 4-nji maddada, 5-nji maddanyň ikinji böleginde we 6-njy maddanyň birinji böleginde «bellenen» diýen sözi «umumy» diýen söze çalşyrmaly;

4) 9-njy maddada:

ikinji bölekde «kanun» diýen sözi «kanunlary» diýen söze çalşyrmaly:

üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«Mejlis aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç kime berip bilmez:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kabul etmek we ony üýtgetmek;

2) jenaýat we administratiw kanunçylygy;

3) kazyýet önümçiligi.»;

bäşinji we altynjy böleklerde degişlilikde «bellenen» we «bellenilen» diýen sözleri «umumy» diýen söze çalşyrmaly;

5) 11-nji maddanyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde, 12-nji maddanyň birinji we üçünji böleklerinde we 33-nji maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde degişlilikde «bellenen» we «bellenilen» diýen sözleri «umumy» diýen söze çalşyrmaly;

6) 13-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«131-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Mejlisiň Prezidiumy döredilýär. Mejlisiň Prezidiumy Türkmenistanyň Mejlisiniň işini guramagy amala aşyrýar.

Mejlisiň Prezidiumynyň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, onuň orunbasary, komitetleriniň we toparlarynyň başlyklary girýärler.

Mejlisiň Prezidiumyna Mejlisiň Başlygy ýolbaşçylyk edýär.»;

7) 16-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«16-njy madda. Mejlisiň ygtyýarlylyklaryna:

1) Konstitusiýany we kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrmak;

2) Mejlisiň Başlygyny, Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak, olary wezipesinden boşatmak;

3) Mejlisiň Prezidiumyny döretmek, oňa üýtgetmeler girizmek;

4) Mejlisiň komitetlerini we toparlaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak, olaryň düzümini tassyklamak, komitetleriň we toparlaryň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny saýlamak hem-de olary wezipesinden boşatmak;

5) Türkmenistanyň Prezidentine aýry-aýry meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny bermek;

6) Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen kanunlary tassyklamak;

7) Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garamak;

8) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garamak;

9) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Adalatçyny saýlamak. Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň hödürnamasy boýunça Adalatçynyň orunbasaryny saýlamak we wezipeden boşatmak;

10) kanun taslamalaryny işlemegiň ýyllyk we geljekki döwür üçin meýilnamalaryna garamak we tassyklamak;

11) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garamak;

12) döwlet sylaglaryny döretmek;

13) Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakmak;

14) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitlemek;

15) halkara şertnamalaryny tassyklamak we ýatyrmak;

16) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak;

17) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözmek;

18) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek;

19) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselelerini çözmek;

20) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak;

21) döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň hem-de Geňeşleriň işine guramaçylyk-usullaýyn ýolbaşçylygy amala aşyrmak;

22) Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary bilen Mejlisiň ygtyýarlygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek degişlidir.»;

8) 17-nji maddanyň 3-nji we 10-njy bentlerini degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:

«3) Mejlisiň Prezidiumynyň, komitetleriniň we toparlarynyň düzümi barada teklipleri Mejlisiň garamagyna hödürleýär, olaryň işini utgaşdyrýar;»,

«10) Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 18-nji bentlerinde göz öňünde tutulan onuň ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, Prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýär;»;

9) 25-nji maddada «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;

10) 31-nji maddanyň altynjy böleginde, 39-njy maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde, 40-njy maddanyň birinji böleginde we 50-nji maddanyň üçünji böleginde «ýerli häkimiýet edaralary», «ýerli häkimiýetiň edaralarynda», «Ýerli häkimiýet» we «ýerli häkimiýet» diýen sözleri degişlilikde «döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary», «döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynda», «Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň» we «döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 32-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«Döwlet Mejlisiň her bir deputatyna onuň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär.»;

12) 46-njy maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«Mejlisiň razylygy bolmasa, Mejlisiň deputaty eýeleýän wezipesinden boşadylyp, administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen onuň azatlygy çäklendirilip bilinmez. Mejlisiň deputaty babatda jenaýat işi diňe Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan Mejlisiň razylygy bolanda gozgalyp bilner.»;

13) 47-nji maddanyň birinji we ikinji böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:

«Deputat babatda jenaýat işini gozgamak, ony administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekmek, tussag etmek ýa-da başga hili ýol bilen onuň azatlygyny çäklendirmek barada razylyk almak üçin Baş prokuror Mejlise hat üsti bilen ýüzlenýär.

Baş prokuroryň hat üsti bilen ýüzlenmesi deputat barasynda jenaýat işi gozgalmazdan, oňa günä bildirilmezden, onuň tutulyp saklanmazyndan ýa-da ony tussag etmek ýa-da başga ýol bilen onuň azatlygyny çäklendirmek üçin sanksiýa berilmezinden we administratiw hukuk bozulmalar hakynda işe seredilmezinden öň amala aşyrylýar.»;

14) VI babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«VI bap. Döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitlemek»;

15) 49-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«49-njy madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 10-njy bendiniň esasynda Mejlis döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitleýär. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygy hakynda meselelere garalanda Mejlis olaryň konstitusionlyk prezumpsiýasyndan ugur alýar.»;

16) 53-nji maddada «63-nji» we «edara görnüşindäki taraplardan» diýen sözleri degişlilikde «81-nji» we «ýuridik şahslardan» diýen sözlere çalşyrmaly.

4. 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidenti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 36-njy madda; 2012 ý., №1, 13-nji we 27-nji maddalar) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 1-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň, hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň we çäk bitewüliginiň, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär.»;

2) 3-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«3-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary»

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilýär.»;

3) 4-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«4-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň öz wezipesine girişmegi

1. Türkmenistanyň Prezidenti kasam kabul eden pursadyndan öz wezipesine girişýär.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy (inaugurasiýasy) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, giň jemgyýetçilik köpçüliginiň, şeýle hem beýleki çagyrylan adamlaryň gatnaşmagynda geçirilýär.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynyň (inaugurasiýasynyň) geçirilýän güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan kesgitlenýär.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy (inaugurasiýasy) şu aşakdaky tertipde geçirilýär:

1) Hormat garawulynyň esgerleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny dabaranyň (inaugurasiýanyň) geçirilýän ýerine getirýärler;

2) Türkmenistanyň Konstitusiýasy Döwlet baştutanynyň kasam kabul etjek münberine ýerleşdirilýär;

3) dabarany alyp baryjy Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň dabara gelenligini yglan edýär;

4) Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti dabaraly sazyň owazy astynda zalyň üsti bilen geçýär we bellenilen ýere galýar;

5) dabara gatnaşyjylar ör turup, Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini mübärekleýärler;

6) dabarany alyp baryjy Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna söz berýär we ol Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemini yglan edýär;

7) Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti ýörite enjamlaşdyrylan münbere barýar we sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, Watana we Türkmenistanyň halkyna wepaly boljaklygyna kasam edýär:

«Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek bilen:

– öz üstüme ýüklenen beýik borçlary mukaddes we ak ýürekli, hormat bilen we ýadawsyz ýerine ýetirmäge;

– Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny we bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goramaga;

– adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga hem-de goramaga;

– Türkmenistanyň Konstitusiýasyny berjaý etmäge we goramaga;

– ähli güýjümi we ukybymy türkmen halkynyň agzybirligine, onuň parahat durmuşyny goramak üçin bagyş etmäge;

– türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriň şöhratyny has-da belende götermekleri üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmaga;

– türkmen halkyna wepaly we dogruçyl hyzmat etjekligime dabaraly kasam edýärin.»;

8) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň welaýatlarynyň bäşisine hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular bilen bile Döwlet baştutanyna degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentiniň şahadatnamasyny we Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny gowşurýarlar;

9) Türkmenistanyň Prezidentiniň öz wezipesine girişmeginiň şanyna Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilýär, Türkmenistanyň Prezidentiniň rezidensiýasynyň ýokarsynda bolsa Prezidentiň Tugunyň öwezligi galdyrylýar;

10) Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde dyzyny epýär we Watanyň mukaddes baýdagyny öpýär.

Ak ýola we hoşniýetli işlere pata bermegiň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünde ak keçe ýazylýar, oňa türkmen saçagy, okly sagdak we mukaddes Gurhan eltilýär. Türkmenistanyň Prezidenti müdimi milli mukaddesliklere baş egýär;

11) Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň raýatlaryna gysgaça ýüzlenme bilen çykyş edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş başyndan aýrylýanlygyny kabul edýär.

5. Türkmenistanyň Prezidentligine gaýtadan saýlanylan halatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşany gowşurylmaýar, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň tertibiniň şu maddanyň dördünji böleginiň 10-njy bendiniň ikinji tesiminde göz öňünde tutulan dabaranyň bölegi bolsa geçirilmeýär.

6. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy (inaugurasiýasy) tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti zalyň üsti bilen geçýär we meýdança çykýar, ol ýerde ol Hormat garawulyndan dabaraly ýörişi kabul edýär.

7. Hormat garawulynyň serkerdesi Watana, halka we Türkmenistanyň Prezidentine wepaly gulluk etmäge taýýarlygy hakynda Döwlet baştutanyna raport berýär. Dabaraly marşyň we top okunyň sesiniň astynda Hormat garawulynyň harby gullukçylary batly ädimläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünden geçýärler.»;

4) 7-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«7-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary

1. Türkmenistanyň Prezidenti:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny durmuşa geçirýär;

2) daşary syýasatyň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýär, beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda Türkmenistana wekilçilik edýär, gepleşikleri geçirýär we halkara şertnamalaryna gol çekýär, daşary ýurt döwletlerindäki, döwletara we halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň ilçilerini we beýleki diplomatik wekillerini belleýär we yzyna çagyrýar, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilleriniň ynanç we yzyna çagyrylyş hatlaryny kabul edýär;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyny düzýär;

4) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr, Ýaragly Güýçleriň ählumumy ýa-da bölekleýin mobilizasiýasyny geçirmek, Ýaragly Güýçleri söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek we ulanmak hakynda buýruk berýär;

5) Türkmenistanyň harby doktrinasyny tassyklaýar;

6) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň ýokary serkerdeligini wezipelere belleýär we wezipelerden boşadýar;

7) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini düzýär we oňa baştutanlyk edýär;

8) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny tassyklaýar;

9) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hem-de tassyklamagyna hödürleýär;

10) kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk halatynda, gaýra goýmak weto hukugyny peýdalanyp, özüniň närazylyklary bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Türkmenistanyň Mejlisine gaýtadan ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Eger, Mejlis deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen ozal kabul eden çözgüdini tassyklaýan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kabul etmek, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlar babatda gaýra goýmak weto hukugy ýokdur;

11) ýurtdaky ýagdaý, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada her ýylky ýüzlenmeler bilen Türkmenistanyň halkyna we Mejlisine ýüzlenýär;

12) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary döredýär, onuň düzümine üýtgetmeler girizýär;

13) sala salşyklary geçirmegiň senesini belleýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatyny möhletinden öň çagyrmaga haklydyr;

14) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, oňa dikeltmek, raýatlykdan çykarmak we raýatlygy ýitirmek, şeýle hem gaçybatalga bermek hakynda meseleleri çözýär;

15) Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar;

16) Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

17) Türkmenistanyň Mejlisine Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Adalatçyny saýlamak hakynda teklip girizýär;

18) rehim etmegi we günä geçmegi amala aşyrýar;

19) adatdan daşary we harby ýagdaýlaryň düzgünini girizýär;

20) Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda özüniň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 18-nji bentlerinde göz öňünde tutulan özüniň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna berlip bilinýän ygtyýarlyklaryndan başga ygtyýarlyklaryny beýleki döwlet edaralaryna ýa-da wezipeli adamlara bermäge haky ýokdur.»;

5) 17-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«17-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň geçmegi

Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, Prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna geçýär. Şu halatda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary onuň ygtyýarlyklarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna geçen gününden başlap, altmyş günden gijä goýulman geçirilmelidir.».

6) 19-njy maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň we edaralaryň eks-prezidente durmuş kepilliklerini üpjün etmek bilen baglanyşykly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna tölenilýär.».

5. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 116-njy madda; 2016 ý., № 4, 145-nji madda):

78-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Degişli saýlaw topary saýlawlaryň, sala salşygyň jemini saýlawlaryň, sala salşygyň geçirilen gününden soň ýedi günden gijä goýman köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 28-nji ýanwary.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir