Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Käbir Kanunçylyk Namalaryna Üýtgetmeler we Goşmaçalar Girizmek Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Käbir Kanunçylyk Namalaryna Üýtgetmeler we Goşmaçalar Girizmek Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Käbir Kanunçylyk Namalaryna Üýtgetmeler we Goşmaçalar Girizmek Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Käbir Kanunçylyk Namalaryna Üýtgetmeler we Goşmaçalar Girizmek Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 3-4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda; № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji madda):

44-nji maddanyň dördünji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hasabyna ýörite geçirmeler;»;

106-njy maddanyň birinji bölegine otuz ýedinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýektleri statusyny alan we milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinde ýerleşýän söwda kärhanalary tarapyndan harytlaryň ýerlenilmegi;»;

143-nji maddanyň ikinji bölegine on ikinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýektleri statusyny alan we milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinde ýerleşýän söwda kärhanalarynyň emlägi;»;

170-nji maddanyň ikinji bölegine dördünji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýektleri statusyny alan we milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinde ýerleşýän söwda kärhanalary tarapyndan harytlaryň ýerlenilmeginden alnan peýdanyň möçberine;».

2. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda; 2007 ý., № 1, 39-njy madda, № 4, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 1, 74-nji madda):

11-nji maddanyň birinji böleginde:

dokuzynjy tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

« – ýere eýeçilik, ýerden peýdalanmak we ýer kärendesi hukuklaryna güwä geçýän resminamalary bermegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar;»;

dokuzynjy tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

« – ýere bolan hukuklaryň döwlet belligine alnandygy, ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň, ýer kärendeçileriniň üýtgändigi barada ýer kadastr kitabyna degişli maglumatlary girizýär;»;

12-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«3. Welaýatlaryň häkimlikleri daýhan hojalyklaryna peýdalanmaga ýörite ýer gaznasynyň çäginden oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýer böleklerini bermek boýunça welaýatyň ýer meseleleri baradaky toparynyň çözgüdini tassyklamak barada karar kabul edýär.»;

13-nji maddanyň on birinji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

« – etraplaryň (şäherleriň) häkimleri, şeýle hem Aşgabat şäheriniň etraplarynyň häkimleri, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak we ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşýän ýerini hem-de ýeriň oňa degişli bölegini peýdalanmaga bermek barada karar kabul edýärler;»;

16-njy maddanyň sekizinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«8. Ýerlere eýeçilik, peýdalanmak we oba hojalyk däl maksatlar üçin kärende hukuklaryna güwä geçýän resminamalary bermek bilen ýer böleginiň bölünip berilmeginiň resmileşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.»;

18-nji maddanyň dördünji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: « – oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin – daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden uzak möhletleýin kärende şertlerinde, ýer böleklerinden netijeli peýdalanýan kärendeçilere soňra mirasa goýmak hukugy bilen eýeçilige bermek;»;

27-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«27-nji madda. Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin kärendeçilere — Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýer böleklerini bermek

On ýylyň dowamynda kärendä alan ýerlerinden netijeli peýdalanyp oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almagy üpjün eden kärendeçilere-Türkmenistanyň raýatlaryna, öň olar tarapyndan uzak möhletli kärende şertlerinde peýdalanýan daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden Türkmenistanyň Prezidentiniň kararynyň esasynda 3 gektara çenli ýer bölegi oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin mirasa goýmak hukugy bilen hususy eýeçilige berlip bilner.»;

43-nji maddanyň dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Serwitut ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan döwlet hasabyna hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralary tarapyndan döwlet belligine alynmaga degişlidir.»;

44-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«8. Oba hojalyk däl maksatlar üçin kärendä berlen ýerleriň kärende möhletini uzaltmak degişli häkimiň karary esasynda amala aşyrylýar.»;

51-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«511-nji madda. Ýer böleklerine bolan kärende hukugynyň geçmegi

Gurluşyk we beýleki oba hojalyk däl hajatlary üçin uzak möhletleýin kärendesine berlen ýer böleklerinde ýerleşen gozgalmaýan emlägiň obýektleri satyn alnanda-satylanda, ýer böleginde ýerleşen gozgalmaýan emläge bolan hukuk mirasdüşerlik tertipde geçende, gozgalmaýan emläk bilen beýleki raýat-hukuk geleşikleri amala aşyrylanda ýer gatnaşyklary babatdaky hukuklar we borçlar şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ýer böleklerinde ýerleşen gozgalmaýan emlägiň obýektlerine bolan hukuk geçýän şahsa ýer böleginiň galan kärende möhleti bilen geçýär.»;

53-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«531>-nji madda. Eýeçilikde bolan gurluşyk edilen ýer bölegini peýdalanmak

1. Eger-de eýeçilikde bolan gurluşyk edilen bir ýer böleginde birnäçe eýeleriň eýeçiliginde bir we birden köp obýekt ýerleşen ýagdaýynda, bu ýer bölegi umumy eýeçilikde bolup durýar diýlip hasap edilýär.

Umumy eýeçilikde durýan ýer bölegine bu ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy ýer bölegine hukugy bolan taraplaryň her biriniň görkezilen paýy boýunça olaryň hersine aýratynlykda resmileşdirilýär.

2. Umumy eýeçilikde durýan ýer böleginiň bölünmegi jemagat hyzmatlarynyň (suw, gaz, lagym, elektrik üpjünçiligi we gaýry hyzmat ediş desgalary we enjamlary), şeýle hem obýektiň eýeleriniň hersiniň bu obýekte özbaşdak girelgesiniň (pyýada ýa-da ulagly geçmek mümkinçiliginiň) bolmagynyň üpjün edilmegine mümkinçilik bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar.

Umumy eýeçilikde durýan ýer böleginiň bölünmegi hem-de täze eýesiniň adyna berkidilmegi häkimiň degişli karary esasynda resmileşdirilýär.

Umumy eýeçilikde durýan ýer böleginiň bölünmegi esasynda täze emele gelen ýer bölekleriniň hersine aýratyn täze kadastr belgi berilýär hem-de bu ýer böleklerine hukugy kepillendirýän resminamalar aýratynlykda resmileşdirilýär.»;

54-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«54-nji madda. Ýer böleklerine eýeçilik, ýerden peýdalanmak hukugynyň geçmegi

1. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri hususylaşdyrylanda, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylanda, ýere eýeçilik etmek we ýerden peýdalanmak hukugy başga birine berlende we geçende, ýer böleginde ýerleşen gozgalmaýan emläk satyn alnanda-satylanda, oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin öň hususy eýeçilige berlen ýer böleginiň esasynda daýhan hojalygy döredilende, ýer böleginde ýerleşen gozgalmaýan emläge bolan hukuk mirasdüşerlik tertipde geçende, gozgalmaýan emläk bilen beýleki raýat-hukuk geleşikleri amala aşyrylanda, şeýle hem ýer böleklerine eýeçilik, ýerden peýdalanmak hukugy mirasdüşerlik tertipde geçende ýer gatnaşyklary babatdaky hukuklar we borçlar, şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda degişli hukugyň geçýän şahsyna geçýär.

Ýokarda görkezilen esaslar boýunça obýekte ýa-da onuň bölegine eýeçilik hukugy birnäçe eýelerine geçen ýagdaýynda, bu ýer bölegi umumy eýeçilik ýa-da peýdalanmak hukugy bilen geçýär.

Umumy eýeçilikde durýan ýer böleginiň bölünmegi hem-de eýesiniň adyna berkidilmegi häkimiň degişli karary esasynda resmileşdirilýär.

2. Ýer böleklerine eýeçilik, ýerden peýdalanmak hukugynyň geçmegini resmileşdirmek, şeýle hem degişli resminamalary bermek, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan ýer bölekleriniň eýeleriniň we ýerden peýdalanyjylaryň hasabyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Ýer böleklerine eýeçilik, ýerden peýdalanmak hukugynyň geçmegi esasynda ýerden peýdalanyjylara namalar gaýtadan resmileşdirilende, öň resmileşdirilen ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalaryň esasynda ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan ýere bolan hukugy belleýän resminamalar täze eýesiniň adyna degişli toparlara hödürlenmezden, häkimiň karary bolmazdan (şu bitewi Kanunyň 531-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen halatlar muňa degişli däldir) Döwlet namasy resmileşdirilýär.»;

94-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«94-nji madda. Döwlet ýer kadastry

1. Döwlet ýer kadastry ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamasy we ykdysady gymmaty, ýer bölekleriniň ýerleşýän ýeri we möçberleri, olaryň ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri boýunça bölünişi baradaky zerur maglumatlaryň we resminamalaryň ulgamydyr.

2. Döwlet ýer kadastry aşakdakylary öz içine alýar:

– ýerden peýdalanyjylary döwlet hasabyna almagy;

– ýeriň mukdarynyň we hiliniň hasabyny;

– ýerleriň möçberi, bölünişi we peýdalanylyşy baradaky hasabaty;

– topragyň bonitirowkasyny we ýerleriň bahasyny bellemegi;

– ýer serişdeleri baradaky maglumatlaryň ulgamyny döretmegi, ýer kadastr maglumatlaryny täzelemegi we saklamagy.

3. Şu maddanyň ikinji böleginiň ikinji tesiminde görkezilen ýerden peýdalanyjylaryň döwlet hasabyna alynmagy — ýer bölekleriniň eýelerini, ýeriň peýdalanyjylaryny, ýeriň kärendeçilerini döwlet hasabyna almagy, olaryň hasabyny ýöretmegi, degişli resminamalaryň (şol sanda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň iberýän habarnamalarynyň) esasynda ýer böleklerine eýeçilik, peýdalanmak, kärende hukuklarynyň ýüze çykmagy, başga birine geçmegi, bes edilmegi barada degişli maglumatlaryň girizilmegi bolup durýar.»;

95-nji maddada:

ikinji tesimi «2.» san belgisi bilen belgilemeli;

ikinji bölegiň dördünji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

« – ýer böleklerinden peýdalanýan şahsy adamlary, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryny, şeýle hem daşary ýurt döwletlerini we halkara guramalaryny döwlet hasabyna almak;»;

99-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«99-njy madda. Ýer böleklerini peýdalanyjylary döwlet hasabyna almak we ýer böleklerine eýeçilik hukugyny, ýerden peýdalanmak hukugyny we ýerlere kärende hukugyny döwlet belligine almak

1. Ýer böleklerini peýdalanyjylary döwlet hasabyna almak şol ýerleriň ýerleşýän ýeri boýunça etrabyň (şäheriň) döwlet ýer kadastr kitabyna degişli maglumatlary girizmek bilen ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Şahsy adamlaryň, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýer böleklerine eýeçilik hukugynyň, ýerden peýdalanmak hukugynyň we ýerlere kärende (daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerlerinden başga) hukugynyň döwlet belligine alynmagy, şol ýerleriň ýerleşýän ýeri boýunça Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralarynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Ýer bölegine hukugy döwlet belligine almak üçin esas bolup şol hukugy kepillendirýän, üýtgedýän ýa-da ýatyrýan resminamalar hyzmat edýär.

2. Ýer bölegine hukugy kepillendirýän resminamalar, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şular bolup durýar:

– ýer bölegine hususy eýeçilik hukugyna — ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy;

– ýerden peýdalanmak hukugyna — ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy;

– ýer böleklerine kärende hukugyna — ýeriň kärendä berlendigi barada Kepilnama.

Şu bölekde kesgitlenilen resminamalar hukuk eýesiniň, onuň ygtyýarly wekiliniň, mirasdüşeriniň arzasy esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilýär.

3. Ýer bölegine hususy eýeçilik hukugy, ýerden peýdalanmak hukugy we ýer bölegine kärende (bäş ýyldan köp) hukugy Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawynda döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.».

3. 2010-njy ýylyň 12-nji martynda kabul edilen «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 15-nji madda; 2011 ý., № 4, 80-nji madda):

3-nji maddada:

birinji bölekde «onuň ýanyndaky Okuw merkezi,» diýen sözlerden soň «hojalyk hasaplaşygyndaky edaralary,» diýen sözleri goşmaly;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«6. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynyň gurluşy hem-de gümrük edaralarynyň harby gullukçylarynyň umumy sany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.»;

10-njy maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Aýry-aýry gümrük edaralarynyň harby gullukçylarynyň iş wagtynyň dowamlylygy olaryň iş ýeriniň we şertleriniň aýratynlygyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy tarapyndan bellenilip bilner.»;

15-nji maddada:

12-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«13) gümrük işi bilen baglanyşykly hyzmatlary edýär;»;

13-nji bendi 14-nji bent diýip hasap etmeli;

16-njy maddanyň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«1) Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşyp, gümrükhanalary we olaryň düzüm birliginde gümrük barlaghanalaryny, şeýle hem hojalyk hasaplaşygyndaky edaralary we kinologiýa merkezlerini döretmäge;»;

19-njy maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Gümrük gullugyna borçnama boýunça harby gulluga Türkmenistanyň raýatlary «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilýär.».

4. 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 31-nji madda; 2013 ý., № 2, 44-nji madda):

2-nji maddanyň on üçünji tesiminiň ikinji sözleminde «we ulag serişdeleri,» diýen sözlerden soň «söwda kärhanalary,» diýen sözleri goşmaly;

20-nji maddanyň birinji böleginiň dördünji tesiminde «milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde syýahatçylary ýerleşdirmek,» diýen sözlerden soň «söwda işi,» diýen sözleri goşmaly.

5. 2013-nji ýylyň 22-nji iýunynda kabul edilen «Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 43-nji madda; 2014 ý., № 3, 112-nji madda):

10-njy maddanyň 8-nji bendinde, 11-nji maddanyň 5-nji bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;

16-njy maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimleri goşmaly:

«Ýaşaýyş jaýy hususylaşdyrylanda bu ýaşaýyş jaýynyň ýerleşýän ýer bölegi bilen bagly ýer gatnaşyklary babatdaky hukuklar we borçlar «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hususylaşdyrmagyň subýektleriniň hemişelik peýdalanmagyna geçýär.

Şunda, ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda kararda (eger ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda karar öň çykarylan bolsa, onda täze kararda) bu ýer bölegine degişli maglumatlary (meýdany, salgysy, niýetlenişi) hem-de ýaşaýyş jaýynyň ýerleşýän ýeri we oňa degişli bölegini (öň peýdalanmagynda bolan bölegini) ýaşaýyş jaýynyň eýesine hemişelik peýdalanmaga berilmegi görkezilýär we şol esasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýere we oňa degişli bölegine peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy resmileşdirilýär.

Ýaşaýyş jaýy Geňeşiň karary esasynda hususylaşdyrylan halatynda, ýaşaýyş jaýynyň ýerleşýän ýeri we oňa degişli bölegini (öň peýdalanmagynda bolan bölegini) ýaşaýyş jaýynyň eýesine hemişelik peýdalanmaga bermek barada karar degişli etrap häkimi tarapyndan kabul edilýär.».

6. 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 88-nji madda; 2014 ý., № 4, 148-nji madda; 2015 ý., № 1, 32-nji madda, № 2, 69-njy madda; 2016 ý., № 1, 68-nji madda):

18-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«8. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri hususylaşdyrylanda bu obýektiň ýerleşýän ýer bölegi bilen bagly ýer gatnaşyklary babatdaky hukuklar we borçlar «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hususylaşdyrmagyň subýektlerine hemişelik peýdalanmak hukugy bilen geçýär.

Şunda, şeýle obýektler hususylaşdyrylanda obýektiň eýeçilik hukugyna güwä geçýän şahadatnama ýa-da paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky döwlete degişli bolan gymmatly kagyzlaryň paýyna eýeçilik hukugynyň başga şahsa geçendigini tassyklaýan resminama esasynda satyn alyja Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýer bölegine ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy resmileşdirilýär.».

7. 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 89-njy madda; 2014 ý., № 4, 165-nji madda; 2015 ý., № 1, 29-njy madda; 2016 ý., № 1, 14-nji madda):

12-nji maddanyň 4-nji we 13-nji bentlerinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;

14-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«7. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalary bilen önümleriň aýry-aýry görnüşleriniň sertifikatlaşdyrylmagynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bilner.»;

141-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«3. Sertifikatlaşdyrylmaga degişli bolmadyk hyzmatlar gyzyklanýan taraplaryň islegleri boýunça olaryň ýüztutmalary esasynda sertifikatlaşdyrylyp bilner.».

8. 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 73-nji madda; 2016 ý., № 1, 69-njy madda):

Kanunyň ýazgysynda «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary» diýen salgylanmalary «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen salgylanmalara çalşyrmaly;

1-nji maddanyň 16-njy we 17-nji bentleriniň ikinji sözlemlerini aýyrmaly;

4-nji maddanyň 4-nji bendinde, 32-nji maddanyň 2-nji bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;

6-njy maddada:

birinji bölegiň 4-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«5) emläk toplumynyň düzümine girýän gozgalmaýan emläkler;»;

5-nji bendi 6-njy bent diýip hasap etmeli;

ikinji bölekde:

6-njy bentde «üç» diýen sözi «bäş» diýen söze çalşyrmaly;

7-nji bentde «hemişelik» diýen sözi aýyrmaly;

36-njy maddada:

üçünji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Eger-de miras berijiniň gozgalmaýan emläge bolan hukugy bellenilen tertipde Döwlet sanawynda bellige alynmadyk bolsa, bu hukugy bellenilen tertipde bellige aldyrmak mirasdarlara geçýär.»;

bäşinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«5. Arza berijä döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin berlen resminamalaryň sanawy görkezilen, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmasynyň ýüze çykmagynyň, üýtgemeginiň ýa-da bes edilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin beren arzasynyň göçürme nusgasy berilýär.»;

altynjy bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«6. Bellige alyş hereketleri resminamalaryň döwlet tarapyndan bellige alynmaga kabul edilen pursadyndan başlanýar. Döwlet sanawyna geleşik ýa-da hukuk barada ýazgy ýazylan gününden geleşik — bellige alnan, hukuk netijeleri bolsa, başlanan hasap edilýär.»;

42-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«421-nji madda. Ýer bölegine bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň aýratynlyklary

1. Ýer böleginiň eýesiniň, ýerden peýdalanyjynyň, ýer kärendeçisiniň ýer bölegine bolan degişli hukugy ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýeriň kärendä berlendigi barada Kepilnama esasynda döwlet tarapyndan bellige alynýar.

2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan öň ýüze çykan, ýer bölegine bolan hukuk döwlet tarapyndan bellige alnanda, arza beriji tarapyndan şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen resminamalaryň berilmeginiň mümkinçiligi bolmadyk halatynda, şol resminamalar bolmazdan, häkimiň ýer böleklerini eýeçilige bermek, kärendä bermek hakyndaky karary, şeýle hem ýer böleginiň bölünip berlendigi barada maglumatlary saklaýan we bu ýer bölegine bolan hukuga güwä geçýän Türkmenistanyň degişli hukuk ýüze çykan pursadynda hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda berlen degişli resminamalar esasynda ýer bölegine bolan hukuk döwlet tarapyndan bellige alynýar. Arza beriji ýer böleginiň ilkinji eýesi bolman, ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emläge bolan hukugyň geçmegi netijesinde ýer bölegine eýelik edýän bolup, şu bölegiň birinji we ikinji tesiminde görkezilen resminamalar onuň adyna resmileşdirilmedik bolsa hem, ýer böleginiň öňki ilkinji eýesiniň adyna ýer böleginiň berlendigini tassyklaýan ýa-da soňky eýeleriniň haýsy hem bolsa birine ýer böleginiň degişlidigini tassyklaýan, şu bölegiň birinji we ikinji tesiminde görkezilen resminamalar esasynda, ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emläge bolan hukugyň geçmegi netijesinde ýer bölegine bolan hukuk döwlet tarapyndan bellige alynýar.

Şu bölegiň ikinji tesimine laýyklykda ýer bölegine bolan hukuk döwlet tarapyndan bellige alnan halatynda, Gullugyň ýerli edaralary tarapyndan gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda iberilen habarnama hem-de degişli şahsyň (hukuk eýesiniň, onuň ygtyýarly wekiliniň, mirasdüşeriniň) arzasy boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan hukuk eýelerine degişlilikde ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýeriň kärendä berlendigi barada Kepilnama Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda resmileşdirilýär we bu resminamalaryň göçürme nusgasy Gullugyň ýerli edaralaryna tabşyrylýar.

2. Ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emläge bolan hukugyň geçmegi döwlet tarapyndan bellige alnanda, şol emlägiň ýerleşýän ýer bölegine bolan degişli hukuk hem-de şol ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emläge bolan hukuk döwlet tarapyndan bellige alynýar hem-de öňki ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasynda, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasynda, ýeriň kärendä berlendigi barada Kepilnamada (şu maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde görkezilen degişli resminamada) ýer böleginiň eýesiniň, peýdalanyjynyň, kärendeçiniň üýtgändigi barada bellik edilýär. Şunda, degişli şahsyň (hukuk eýesiniň, onuň ygtyýarly wekiliniň, mirasdüşeriniň) arzasy esasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan hukuk eýelerine degişlilikde ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýeriň kärendä berlendigi barada Kepilnama 30 senenama gününiň dowamynda resmileşdirilýär.

3. Gullugyň ýerli edaralary tarapyndan gozgalmaýan emläge (ýer bölegine hem-de onda ýerleşýän gozgalmaýan emläge) bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda iberilen habarnama esasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýer böleginiň eýesiniň, peýdalanyjynyň, kärendeçiniň üýtgändigi barada degişli üýtgetmeleri ýer kadastr kitabyna girizilýär.

4. Ýer bölegi bölünende hem-de ýere bolan hukugyň görnüşi üýtgände ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emläge bolan hukugyň geçmegi bilen bagly, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen resminamalar arza beriji tarapyndan berilmedik halatynda, ýer böleklerine we ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emläge bolan hukuk bellige alynmaýar. Şeýle halatlarda ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägiň obýektine bolan hukugyň bellige alynmagy şol obýektiň ýerleşýän ýer bölegine degişli hukuk döwlet tarapyndan bellige alnandan soňra amala aşyrylýar.

Ýer bölegi bölünen ýagdaýynda emele gelen ýer bölekleriniň eýeleriniň adyna degişli häkimiň karary esasynda ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýeriň kärendä berlendigi barada Kepilnama resmileşdirilýär.»;

46-njy maddanyň üçünji, dördünji we bäşinji böleklerini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli;

47-nji maddanyň 2-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«2) gurluşyk babatda ygtyýarly edara ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen halatlarda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan berlen tamamlanylmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminama;»;

48-nji maddanyň birinji böleginde «üç» diýen sözi «bäş» diýen söze çalşyrmaly;

54-nji maddada:

üçünji bölegiň 3-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«3) ýaşaýyş jaýynyň ýa-da gozgalmaýan emlägiň beýleki obýektiniň gurluşygyna rugsatnama hem-de şol obýekti ulanmaga kabul etmek barada Döwlet kabul ediş toparynyň resminamasy hem-de eger ýaşaýyş jaýy bolsa, häkimiň karary ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen beýleki resminamalar. Şunda 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan öň ýüze çykan gozgalmaýan emläge bolan hukuklar bellige alnanda, arza beriji tarapyndan şu bentde görkezilen resminamalaryň berilmeginiň mümkinçiligi bolmadyk halatynda, ýaşaýyş jaýyna ýa-da gozgalmaýan emlägiň beýleki obýektine bolan degişli hukuk şol resminamalar bolmazdan bellige alynýar;»;

dördünji bölegiň birinji tesiminiň üçünji sözleminde «ýer serişdeleri gulluklary» diýen sözleri «Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji bölekden soň şu mazmunly bölekleri goşmaly:

«5. Arza berijiniň bellenilen tertipde hukuk belleýji resminamalary almaga ýa-da ýitirilen resminamalary dikeltmäge mümkinçiligi bolmadyk mahalynda, ýuridik ähmiýeti bolan faktyň takyklanmagy üçin kazyýete ýüz tutulýar.

6. 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan öň ýüze çykan gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy boýunça ýüz tutulanda arza berijide gozgalmaýan emlägiň obýektlerine degişli hukugyň ýa-da hukugyň borçlanmasynyň döremegine esas bolup durýan hukuk belleýji resminama (satyn almak-satmak, sowgat etmek, alyş-çalyş şertnamasy, şeýle hem mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama ýa-da beýleki resminamalar) bar bolan ýagdaýynda, şol resminamalaryň esasynda degişli hukuk bellige alynýar, şunda arza berijiniň özüniň hukugynyň döremegi bilen bagly resminamalar talap edilýär.

7. Ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägiň obýektlerine bolan hukugyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin ýüz tutulanda gozgalmaýan emlägiň obýektiniň ýerleşýän ýer bölegine degişli hukuk belleýji resminamalar ýok bolan halatynda, ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägiň obýektlerine bolan hukuk bellige alynmaýar.

Şunda 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan öň ýüze çykan, ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägiň obýektlerine bolan hukugyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin ýüz tutulanda arza berijide ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägiň obýektlerine bolan özüniň hukugynyň ýa-da hukugyň borçlanmasynyň döremegine esas bolup durýan hukuk belleýji resminama bar bolup, gozgalmaýan emlägiň obýektiniň ýerleşýän ýer bölegine degişli hukuk belleýji resminamalar bolmadyk halatynda döwlet tarapyndan bellige alynmaga berilýän resminamalary kabul etmekden ýüz dönderilýär we indiki iş gününden gijä galman Gullugyň ýerli edaralary tarapyndan degişli häkimlige gozgalmaýan emlägiň obýektiniň ýerleşýän ýer bölegine degişli hukuk belleýji resminamanyň ýoklugy bilen bagly, ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägiň obýektlerine bolan hukugyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin berilýän resminamalary kabul etmekden ýüz dönderilýändigi barada habarnama (habarnamanyň ýanyna ýüz tutýanda bar bolan resminamalaryň göçürme nusgalary goşulýar) ugradylýar.

Bu habarnamany alan degişli häkimlik tarapyndan habarnama gelip gowşan gününden başlap, on iş gününiň dowamynda ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägiň obýektlerine bolan hukugyň ýa-da hukugyň borçlanmasynyň döremegine esas bolup durýan, arza berijide bar bolan hukuk belleýji resminamanyň (zada hakykat ýüzünde eýelik edýändigi we (ýa-da) ynsaply zat eýesidigini tassyklaýan we (ýa-da) beýleki resminamalaryň) esasynda, şol gozgalmaýan emlägiň obýektiniň ýerleşýän ýer bölegine hukugyny belleýän degişli karar resmileşdirilýär we resminamalar Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň degişli edarasyna ugradylýar.

Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan degişli häkimiň karary (kararda ýer böleginiň meýdany, salgysy, niýetlenişi görkezilýär, şeýle hem bu karara degişli ýerli binagärlik edara tarapyndan taýýarlanan ýaşaýyş jaýynyň ýa-da gozgalmaýan emlägiň beýleki obýektiniň ýerleşýän ýer böleginiň çyzgysy goşulýar) esasynda, häkimlikden iberilen resminamalaryň gelip gowşan gününden başlap, otuz senenama gününiň dowamynda hukuk eýelerine degişlilikde ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýeriň kärendä berlendigi barada Kepilnama resmileşdirilmäge degişlidir.

Ýer bölegine bolan hukuk hem-de ýer böleginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägiň obýektlerine bolan hukuk şu bölekde görkezilen resminamalar resmileşdirilenden soňra döwlet tarapyndan bellige alynýar.»;

bäşinji bölegi sekizinji bölek diýip hasap etmeli.

II. Şu Kanunyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 44-nji maddasyna girizilýän goşmaça 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär.

III. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir